Geçen hepdäniň wakalary Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň strategik maksatlaryna ýetmek üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän ugrunyň öňdengörüjiliginiň nobatdaky gezek aýdyň subutnamasy boldy.
Geçen hepde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň sebitlerinde iş sapary Lebap we Daşoguz welaýatlarynda özgerişler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşmak arkaly dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Amyderýa jülgesinde senagat we ulag düzümleriniň iri gurluşyklarynda, bu welaýatlaryň oba hojalyk meýdanlarynda we merkezlerinde işleriň barşy bilen tanyşdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenabadyň günorta böleginde döwlet Baştutanymyzyň Karary boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “NAHAL” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan 836 orunlyk köpugurly hassahana gurulýar. Bu hassahana diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem-de, Merkezi Aziýada iň uly hassahana bolar. Onuň ähli bölümleri we barlaghanalary dünýäniň iň iri lukmançylyk enjamlaryny öndürijileriniň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylar.
Umumy meýdany 47,6 müň inedördül metr meýdany bolan tutýan hassahananyň çäklerini gözden geçirip, döwlet Baştutanymyz bu ajaýyp binanyň mümkinçilikleri bu ýerde diňe bir öz ýurdumyzdan bolan müşderiler kabul etmäge däl-de, eýsem, daşary ýurtlardan, birinji babatda bolsa goňşy ýurtlardan, meselem, Owganystandan hassalary kabul etmäge mümkinçilik berer diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz daşary ýurtly raýatlaryň merkezde bolmagy bilen baglanyşykly ähli guramaçylyk meselelerine garamagy, şeýle hem näsaglary gyssagly getirmek zerur bolan halatynda ulanmaga lukmançylyk awiasiýasy üçin dikuçar meýdançasyny gurmagy tabşyrdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenabat şäheriniň çäklerinde beýleki desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz gurluşygy tamamlanyp barýan Türkmenabat-Farap awtomobil we demir ýol köprüleriniň gurluşygyna aýratyn üns berdi.
Demir ýol köprüsi 1750 metr, awtomobil köprüsi bolsa 1600 metr uzynlykda bolup, onuň geçelge böleginiň giňligi 21,5 metre barabardyr. Köprüleriň derýanyň üstündäki beýikligi olaryň aşagyndan derýa gämileriniň päsgelçiliksiz geçmegine mümkinçilik berer. Tehniki çözgüt ýurdumyzyň çäklerindäki howa we geologiýa şertlerini doly hasaba alýar.
Türkmenabadyň täze howa menzili ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň ilatyna hyzmaty üzül-kesil gowulandyrar. Ol bu ýerde gurulýan demir ýol menzili bilen bilelikde iri ulag çatrygynyň möhüm bölegi bolar.
Hormatly Prezidentimiz döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşulan, obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşine, sebitlerde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümleri döretmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berýär. 26-njy ýanwarda Daşoguz welaýatyna iş sapary wagtynda döwlet Baştutanymyz S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanyna bardy hem-de ýere ideg etmek we oba hojalygynyň ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin görülýän çäreler bilen tanyşdy. Şeýle hem kärendeçiler we oba hojalygynyň beýleki zähmetkeşleri bilen duşuşdy.
Ýörite meýdançada ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergide daşary ýurtly oba hojalyk tehnikasyny öndürijilerden ozal satyn alnan enjamlaryň, şol sanda “CLAAS” (Germaniýa), “Kvernelend” (Norwegiýa), “Pottinger” (Awstriýa) kompaniýalarynyň bejergi agregatlary we beýleki oba hojalyk tehnikalary, “John Deere” (ABŞ) kompaniýasynyň kombaýnlary we traktorlary, şeýle hem dizel, suw nasoslary we beýlekiler üçin ätiýaçlyk şaýlary bar. Olaryň öndürilmegi Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik boýunça döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde “Daşoguz motor abatlaýyş” zawodynda ýola goýuldy.
Göçme sergi diňe bir täze tehnikalar bilen ünsi çekmedi. Bu ýerde türkmen ekin meýdanlarynyň baýlyklary giňden görkezildi. Olaryň arasynda oba hojalyk ekinleriniň biziň toprak-howa şertlerimiz üçin adaty görnüşleri, şeýle hem yssy we az suwly ülkeleriň şertlerinde üstünlikli synagdan geçen görnüşler tapawutlanýar.
Durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmaga kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri hem uly goşant goşýarlar. Olar milli ykdysadyýetimiziň obasenagat toplumy, dokma we azyk senagaty, ulag ulgamy, gurluşyk senagaty we beýlekiler ýaly ähmiýetli pudaklaryna özleriniň gatnaşmagyny ýyl geldigiçe giňeldýärler. Kanunçylyk-hukuk esaslaryny, ýeňillikli salgyt we karz serişdeleri bermegi öz içine alýan, ykdysadyýetiň hususy ulgamyny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet tarapyndan düýpli goldaw edilmegi telekeçiligiň batly depginler bilen ösmegine ýardam edýär.
Daşoguzda Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň toplumy gurulýar. “Tumar” hususy kärhanasy tarapyndan gurulýan toplumyň umumy meýdany 3,66 gektara barabardyr. Onuň düzümine telekeçilik merkeziniň binasy girýär. Onda senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölümleri, şeýle hem Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komiteti, “Rysgal” täjirçilik bankynyň şahamçasy we telekeçilik mekdebi ýerleşer.
Döwlet Baştutanymyz Lebap we Daşoguz welaýatlarynda iş saparlarynyň barşynda gurulýan desgalaryň işçileri we hünärmenleri, ekerançylar bilen söhbetdeş boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, ýurdumyzyň sazlaşykly öňe gidişini, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň hemmetaraplaýyn ösüşini göz öňünde tutýan ýeke-täk durmuş-ykdysady döwlet syýasaty bilen baglylykda, welaýatlaryň mundan beýläk hem ösüşiniň mümkinçiliklerini görkezdi.
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet syýasatynyň daşary we içeri meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Olaryň arasynda ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak, ulag-ýol düzümini döwrebaplaşdyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýüpekçiligi ösdürmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýy, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli we netijeli peýdalanmak boýunça çäreler bar.
Şeýle hem fewral aýyndaky baýramçylyk çärelerine we dabaraly wakalara hem-de olara gabatlanyp durmuş-medeni maksatly binalaryň açylyşyna görülýän taýýarlyk, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmaga we ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze önümçilikleri döretmek boýunça işler barada gürrüň edildi.
Mejlisde Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde amala aşyrylýan “Durnukly ösüş strategiýasyna ýardam—Türkmenistanda energiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak” atly taslamanyň durmuşa geçirilişiniň barşyna garaldy, 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisde Döwlet Baştutanymyz ikitaraply awtomobil köprüsiniň gurluşygynyň taslama resminamalaryny taýýarlamak barada görkezme berdi, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda haryt dolanyşygyny artdyrmaga, goňşy döwletler bilen söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, ýük we ýolagçy gatnawlaryny bökdençsiz amala aşyrmaga ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýyl üçin Türkmenistanda Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet toparynyň iş meýilnamasyny, şeýle hem gymmat bahaly metallardan bolan döwlet sylaglarynyň ýurduň daşyna çykarylyşynyň tertibini tassyklady. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem “Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda halkara synag ýaryşlaryny geçirmek hakyndaky” we “2017-nji ýyly Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly meseleler hakyndaky” Karara gol çekdi.
Geçen hepde Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farruh Homiddin Şarifzodadan ynanç hatyny kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz we diplomat dürli pudaklarda ikitaraplaýyn giň göwrümli taslamalary amala aşyrmaga iki ýurduň meýillerini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, bu babatda sebit ulag ulgamynyň ösüşine täze itergi berip, sebitde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşmegine ýardam berjek Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy bellärliklidir.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministriniň birinji orunbasary, “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Açylbaý Ramatow bilen bolan duşuşygynyň barşynda ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda, maşyn gurluşygynda, oba hojalygynda, şeýle hem söwda, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet pudaklarynda hyzmatdaşlygyň geljegi, ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
27-nji ýanwarda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri öz döredilmeginiň 25 ýyllygyny belledi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli goşunymyz merdana ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini, halkymyzyň köp asyrlyk taryhynyň dowamynda kemala gelen harby däp-dessuryny we harby sungatyny dowam edip, kämilleşdirip ýokary söweşjeň ukyba eýe bolan goranyş häsiýetli goşuna öwrüldi, onuň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyryldy – diýip, hormatly Prezidentimiz özüniň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdelerine, esgerlerine, gullukçylaryna we harby talyplara Gutlagynda belledi hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň baş maksadynyň türkmen döwletiniň milli bähbitleriniň we harby howpsuzlygynyň kepillendirilen goragyny üpjün etmekden ybaratdygyny aýratyn nygtady.
Geçen hepde Aşgabatda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Taraplar Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý transmilli gaz geçirijisini netijeli peýdalanmagyň meselelerini, şeýle hem “Orta Aziýa — Ýakyn Gündogar” (Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman) täze ulag-üstaşyr geçelgesini döretmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ulag-üstaşyr geçelgesiniň döredilmegi halkara üstaşyr ýük gatnawyny üzül-kesil artdyrmaga hem-de dünýä bazarlaryny ýene bir zerur bolan ugur bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Paýtagtymyzda söwda-ykdysady we ylmy-tehnika hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi boldy. Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika senagatlarynda, elektroenergetika we agrar ulgamlarda, şeýle hem saglygy goraýyş, bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Ulag-aragatnaşyk ulgamyna aýratyn üns berildi, pudak edaralarynyň we telekeçilik düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurdygy bellenildi.
Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň Aşgabatda geçen nobatdaky mejlisine Orta Aziýa ýurtlarynyň pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Geljekki üç ýylda (2017 — 2019) Türkmenistan Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparyna başlyklyk eder.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlaw çäreleri hem gyzgalaňly depginde barýar. Türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary öz işine girişdi. Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler saýlawçylary özleriniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalary bilen tanyşdyrmagy dowam edýärler, olaryň sowallaryna jogap berýärler.
Gypjakda Türkmenbaşynyň ruhy metjidiniň maslahatlar zalynda özboluşly däp-dessurlaryň, ruhy gymmatlyklaryň saklanylmagyna hem-de olaryň dowamatlygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Onuň işine Aşgabatdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan il sylagly ýaşulular, din işgärleri gatnaşdylar.
Milletiň ruhy taýdan baýlaşmagy döwlet syýasatynda ägirt uly özgerişlikler bilen dabaralanan Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny wagyz etmekde, şeýle hem mähriban halkymyzyň köp asyrlyk däp-dessurlaryna çuňňur sarpa goýan ýokary ahlakly ýaş nesli terbiýelemekde wajyp ugur bolup durýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus bolan döredijiligiň we öňegidişligiň ruhuny Aşgabadyň täze keşbi özünde jemleýär. Geçen hepde Nurmuhammet Andalyp we Oguzhan köçeleriniň aýlawynda hem-de Nurmuhammet Andalyp we Görogly köçeleriniň aýlawynda bina edilen “Dowamat” we “Alaw” binalary onuň gözel görnüşiniň üstüni ýetirdi. Iň häzirki zaman binagärlik täzeçillikleri ulanylyp gurlan binalar ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň, halkyň abadan durmuşynyň aýdyň nyşany bolup durýarlar.
Şol gün Aşgabatda Nurmuhammet Andalyp köçesiniň we Gurbansoltan eje şaýolunyň kesişýän ýerinde üç derejeli täze awtomobil köprüsi we üç sany köp derejeli awtoduralgalar ulanylmaga berildi. Paýtagtymyzyň binagärlik açylyşlary ertesi gün täze gurluşyk binalarynyň – dört sany köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem Parahat—7 etrapçasynda çagalar bagynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabara bilen dowam etdirildi.
Ýaşaýyş jaýlarynyň durmuş binalary we degişli düzümler bilen bir toplumda gurulmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny gurmak boýunça taslamalary amala aşyrmaga bildirilýän möhüm talap bolup durýar. Adamlaryň ýaşaýşy, döredijilikli zähmeti, amatly dynç almagy üçin oňat şertleri üpjün etmek üçin taslamalary işläp düzmekde we amala aşyrmakda ähli zatlary pugta pikirlenmek zerur diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar hem-de bu talaplaryň paýtagtymyzda alnyp barylýan şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan gurluşyk işlerine deň derejede degişlidigini belleýär.
Mälim bolşy ýaly, 20-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde maýyplar we beýleki durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin dört gatly, köp öýli jaýlar gurlar.
Paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimlikleriniň buýurmasy boýunça ony ýerli gurluşyk kärhanalary gurar. Döwlet Baştutanymyzyň şu Kararyna laýyklykda, geçen hepdäniň ahyrynda Ahal we Balkan welaýatlarynyň Tejen we Balkanabat şäherlerinde şeýle jaýlaryň ikisiniň gurluşygyna başlanyldy. Binalaryň şu ýylyň dekabr aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu jaýlardaky öýler maýyplara we durmuş goraglylygyna mätäçlik çekýän beýleki adamlara tölegsiz berler.
Türkmen telewideniýesinde görkezilen “Ak ýaýlanyň aýdymy” atly täze sazly çeper film tomaşaçylara ýaşaýyş derejesi gün-günden ýokarlanýan oba adamlarynyň gyzykly durmuşyna aralaşmaga mümkinçilik berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obanyň ýaşlary özüne çekiji bolmagy üçin, bu ýerde täze girdejili önümçiligiň emele gelmegi hem-de hünärmenleriň işlemegi, ýerli öz -özüňi dolandyryş düzümleriniň ösmegi üçin yzygiderli işleri durmuşa geçirýär. Bu çäreleriň hemmesi oba adamlarynyň hil taýdan täze ýaşaýyş derejelerini emele getirmäge, olaryň hal-ýagdaýyny mundan beýläk hem ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Kiçi şäherlere meňzäp duran ilkinji obalar her welaýatda bar. Täze desgalar toplumy mundan iki ýyl ozal ulanylmaga berlen Ahal welaýatynyň Täze zaman obasynda surata düşürilen bu filmde hem şeýle obalaryň biri hakynda gürrüň berilýär.
Obanyň häzirki zaman durmuşy baradaky film hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe iň alysda ýerleşýän künjeklere çenli tutuş türkmen topragyny gurşap alan ägirt uly özgertmeleriň aýdyň beýany boldy.