Ï Ekologiýa babatda sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekologiýa babatda sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyryldy

view-icon 790
Sebit ekologiýa merkeziniň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň guran duşuşygyna ýudumyzyň Daşary işler ministrliginiň, Oba we suw hojalygy ministrliginiň wekilleri, şeýle hem milli parlamentiň agzalary gatnaşdylar. Gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmanyň barşynda ekologiýa merkeziniň ozal bar bolan iş maksatnamasyna goşmaça dürli çäreleri, şol sanda energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, dikeldilýän energiýa çeşmeleri, howanyň üýtgemegi, sebit derejesinde durnukly ösüş gazanmak üçin ykdysadyýeti ösdürmegi meýilleşdirmegiň daşky gurşawa täsirine baha bermek, uglerody az ulanyp ösüş gazanmak ýörelgelerini ornaşdyrmak meseleleri boýunça kanunlary kämilleşdirmek babatda dürli çäreleriň geçirilmeginiň wajyplygy nygtaldy. Merkeziň işiniň möhüm ugry-da suw diplomatiýasydyr.

Türkmenistan 2013-2918-nji ýyllara aralygynda Sebit ekologiýa merkeziniň Dolandyryjylar geňeşine ýobaşçylyk edýär. Häzirki wagtda Sebit ekologiýa merkezi ýurdumyzyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýada daşky gurşawy dolandyrmagyň çäklerinde hyzmatdaşlygyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Ekologiýa merkezi sebitiň ýurtlarynyň ekologiýa babatda hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi üçin maglumat-usulýet binýaty bolup durýar. AHEHG bilen bilelikdäki hereketler alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrar.

Sebit ekologiýa merkeziniň edarasynyň Aşgabatdaky wekili Döwlet Jumagulyýewiň belleýşi ýaly, ýakyn wagtda sebit taslamalrynyň ikisi – ekologiýa bilimleri we energiýanyň ulanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça taslamalar başlanar. Ekologiýa merkeziniň gatnaşmagynda çölleşmäge garşy göreş boýunça Konwensiýanyň strategiýasyna uýgunlaşdyrylan hereketleriň milli maksatnamasy işlenilip taýýarlanyldy, 2012-2013-nji ýyllarda bu resminamanyň düzgünleriniň ýurdumyzda ýerine ýetirilişi boýunça hasabat taýýarlanyldy.

2013-2015-nji ýyllarda Türkmenistan Sebit ekologiýa merkeziniň gatnaşmagynda tokaýlaryň biologik köpdürliligini dolandyrmak we daşky gurşawyň monitoringi boýunça FLERMONECA-nyň uly möçberli sebit taslamasyna gatnaşdy, onuň çäklerinde ýurtda alnyp barylýan tebigaty goramak syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda suw we ekologiýa bilimi tapgyryna üns berildi.

Sebit ekologiýa merkezi 2001-nji ýylda BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýardam bermeginde 4-nji Umumyýewropa konferensiýasynyň (1998 ý. Orhus (Daniýa)) kararyna laýyklykda döredildi. Ekologiýa merkeziniň Türkmenistandaky edarasy 2014-nji ýylda gurama we Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň arasyndaky Ähtnama laýyklykda açyldy.

Sebit ekologiýa merkeziniň ýerine ýetiji direktory Iskende Abdyllaýewiň aýtmagyna görä, merkeziň işläp başlan 15 ýylynyň dowamynda taslamalaryň 250-si durmuşa geçirildi, olara sebitiň ýurtlarynyň döwlet we jemgyýetçilik guramalary gatnaşdylar. Häzirki wagtda ýigrimä golaý taslama durmuşa geçirilýär. Sebit ekologiýa merkeziniň işiniň möhüm ugry –sebitiň serhetüsti derýalarynyň howdan dolandyryşyny kämilleşdirmekdir. Ýaşlara ekologiýa bilimini bermek boýunça taslamalara Owganystan hem gatnaşýar. Okuwçylaryň we talyplaryň 50 müňüsi ýörüte „ýaşyl bukja“ boýunça leksiýalry diňlediler, derýalary dolandyrmagyň maksatnamsynyň altysy, energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaryň 15-si düzüldi. Merkez sebitde howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Türkmen tarapyndan ekologiýa bilimi we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça gyzykly teklipleriň ençemesi aýdyldy. Biologik köpdürliligi goramak, galyndylary dolandyrmak, suwy tygşytlamak we sebitde suw diplomatiýasyny ösdürmek meselelerine uly üns berildi. Pudagara we döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli boljagyna ynam bildirýärin – diýip I.Abdyllaýew nygtady.