Ï Özbegistanyň Prezidenti BMG-niň Halkara Bitaraplyk gününi yglan etmegi mynasybetli Türkmenistany gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Özbegistanyň Prezidenti BMG-niň Halkara Bitaraplyk gününi yglan etmegi mynasybetli Türkmenistany gutlady

view-icon 1284
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap G.M. Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň.

Bu çözgüt hakykatda-da taryhy ähmiýetli wakadyr. Dünýä bileleşiginiň ähli agzalarynyň Siziň başlangyjyňyz bilen öňe sürlen teklibi biragyzdan goldamagy Türkmenistanyň halkara giňişligindäki ýokary abraýynyň, Siziň tutuş sebitde howpsuzlygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine goşýan ägirt uly goşandyňyzyň ählumumy derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň döwletleriň özygtyýarly deňlik ýörelgelerini, çäk bitewüligini, başga döwletiň içerki işlerine gatyşmazlyk, halkara jedelli meseleleri parahatçylyk serişdeleri bilen kadalaşdyrmak boýunça öňe sürýän ýörelgeleri Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasaty bilen doly sazlaşýar.

Şu geçen döwrüň içinde Türkmenistan BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi. Häzirki döwürde BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Aşgabatda esaslandyrylan Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi şu sebitiň döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklary goldamak we ony ösdürmek boýunça netijeli gural bolup hyzmat edýär.

Özbegistanda Türkmenistan bilen ýola goýulýan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna aýratyn gadyr goýulýar. Biziň ýurtlarymyz halkara syýasatynyň we sebitleýin howpsuzlygyň möhüm meseleleri boýunça umumy ýa-da ýakyn garaýyşlar bilen çykyş edýär. Şunlukda, biziň ýurtlarymyz ýüze çykýan wehimlere öz wagtynda seslenmek boýunça çylşyrymly wezipeleriň çözgüdinde birek-birege goldaw berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň Siziň paýhasly ýolbaşçylygyňyzda hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, öňdengörüjilikli oňyn bitaraplyga esaslanýan daşary syýasat strategiýaňyzy, şeýle hem Siziň sebitara, halkara derejesindäki Merkezi Aziýada parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine gönükdirilýän başlangyçlaryňyzy Özbegistanyň mundan beýläk-de doly goldajakdygyna Sizi ynandyrýaryn.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.