Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýene-de tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde boldy. Ýurdumyzda 12-nji fewralda döwlet Baştutany wezipesine saýlawlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döretdi. Şunda ýurdumyzda 2548, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda bolsa 39 saýlaw uçastoklary döredildi.
Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu jemgyýetçilik-syýasy çärä giň möçberli taýýarlyk işleriniň ýaýbaňlandyrylandygyny bellemeli. Soňky aýlarda dünýäniň öňdebaryjy habarlar agentlikleriniň, belli metbugat we internet neşirleriniň, şol sanda häzirki döwürde ýokary tehnologiýa mümkinçilikleri esasynda giň okyjylar köpçüligi bolan köp sanly elektron gazetleriň we saýtlaryň ünsi ýurdumyza gönükdi.
Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlar häzirki döwürde günüň esasy täzelikleriniň birine öwrüldi. Saýlawlaryň başlanyşy we geçirilişi baradaky habarlar saýlaw uçastoklarynyň açylan pursadyndan peýda bolup başlady. Saýlaw uçastoklarynyň gapylary sagat 7.00-dan—19.00-a çenli açyk boldy. Bellenilişi ýaly, ses bermäge hukugy bolan saýlawçylaryň sanawy 3 million 228 müň 866 adama ýetdi.
Garaşsyz habarlar çeşmeleri ähli ýerlerde baýramçylyk dabaralarynyň ýaýbaňlandyrylandygyny, maşgala bolup saýlaw uçastoklaryna gelýän adamlaryň ruhunyň belentdigini, agzybirligi, bitewüligi, bu çärä işjeň gatnaşýandygy, şu ýörelgeleriň häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň möhüm aýratynlygydygy barada habar berdiler. Şunlukda, žurnalistler köp sanly saýlawçylaryň has ir gelip, saýlaw uçastoklarynyň açylmagyna garaşyp durandyklaryny bellediler.
Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň habarlary arkaly dürli ýurtlaryň we yklymlaryň okyjylary ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň, şol sanda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynda ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogyna Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ejesi we kakasy hem-de çagalary we agtyklary bilen gelip, ses bermäge gatnaşandygyny bildiler.
Ses bermek çäresiniň başlanandygy baradaky habar Internet ulgamy arkaly dessine ýaýradyldy we dünýäniň ähli künjeklerindäki okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretdi. Dünýäniň belli tele radioýaýlymlary bu täzeligi gyzgyny bilen ýaýratdylar.
Şeýlelikde, säher bilen günüň dowamynda her sagatda Aşgabatdan Russiýanyň “Rossiýa—24” habarlar teleýaýlymynyň “Westi” programmasynyň žurnalisti habarlary yzygiderli berip, bu gezekki Prezident saýlawlaryna ilkinji gezek 9 dalaşgäriň, şol sanda ýurdumyzda bellige alnan partiýalardan agzalaryň gatnaşandygyny habar berdi. Häzirki Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle saýlawlara indi üçünji gezek gatnaşýar. Ol 2007-nji hem-de 2012-nji ýyllarda geçirilen Prezident saýlawlarynda degişlilikde 89 göterim we 97 göterim ses alyp, ynamly ýeňiş gazanypdy diýip, telehabarçy habar berdi hem-de irdigine garamazdan, saýlawçylaryň örän işjeňligini nygtady.
Iri habarlar agentlikleri Prezident saýlawlarynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamasynyň esasy ugurlaryna ünsi çekdiler. Onda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň üçünji müňýyllykda gülläp ösüşine gönükdirilen birnäçe toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek barada aýdylýar. Özygtyýarly döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmak, syýasy ulgamy kämilleşdirmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlyklaryny artdyrmak, Türkmenistanyň şäherlerini we obalaryny düýpli özgertmek, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, telekeçiligiň ösüşi üçin amatly şertleri döretmek ýaly giň möçberli meýilnamalar maksatnamada öz beýanyny tapdy.
Dünýä giňişligine ýaýradylan habarlarda bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş meseleleriniň oňyn çözgüdine, ilatyň jan başyna düşýän girdejisiniň öňdebaryjy ýurtlaryň derejesine çykarylmagyna, senagatlaşdyrmagyň nobatdaky tapgyryna aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle hem maksatnamada goşunyň döwrebaplaşdyrylmagyna, terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşe esasy üns berilýär.
Ýokary döwlet wezipesine saýlawlaryň giň bäsdeşlik esasynda geçirilýändigini daşary ýurt metbugaty aýratyn belledi. Çünki Prezident wezipesine 9 adam dalaş edýär. “Bu Türkmenistanda saýlawlaryň taryhynda iň köp sandyr” diýlip, Russiýanyň “Interfaks” habarlar agentligi nygtaýar. 2007-nji ýylda ýokary döwlet wezipesine 6, 2012-nji ýylda bolsa 8 dalaşgär hasaba alnypdy.
2013-nji ýylyň 1-nji iýulynda ýurdumyzyň saýlaw ulgamynyň işini kämilleşdirmek hem-de demokratiýalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi kabul edildi. Oňa birnäçe goşmaçalaryň girizilendigini bellemeli. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň belleýişleri ýaly, 2017-nji ýylyň saýlaw döwründe üç syýasy partiýadan — Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan hem-de Agrar partiýadan dalaşgärler ilkinji gezek gatnaşdylar. Şeýle hem 6 sany raýatlaryň raýat teklipçiler toparlary öz dalaşgärlerini hödürlemek üçin bellenilen möhletde zerur möçberdäki gollary ýygnadylar.
Soňky döwürde berilýän maglumatlarda 2016-njy ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşiniň kabul edilendigi, oňa laýyklykda, Prezidentiň wezipesine dalaşgäriň ýaşynyň 70-e çenli çäklendirilmeginiň aýrylandygy we ýokary döwlet wezipesiniň möhletiniň 5 ýyldan 7 ýyla çenli uzaldylandygy habar berilýär.
Dünýä metbugaty Türkmenistanda saýlawçylaryň gatnaşyk çäginiň kesgitlenmedigini belleýär. Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygy saýlawçylaryň çägini kesgitlemedik hem bolsa, saýlaw uçastoklarynyň açylan ilkinji pursatlarynda saýlawa gatnaşýanlaryň aýratyn işjeňligi göze ilýär diýip, TASS-yň habarynda aýdylýar.
RIA Nowosti öz gezeginde saýlawda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň 50 göteriminden gowragynyň sesine mynasyp bolan dalaşgäriň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine bellenip bilýändigini aýtdy.
Halkara synçylarynyň belleýişleri ýaly, giň bäsdeşlik esasyndaky demokratik saýlawlar üçin ýokary döwlet wezipesine dalaşgär görkezmek we bellige almak döwürlerinde hem-de beýleki tapgyrlarynda ygtybarly binýat emele geldi. Syýasy-jemgyýetçilik çäreleriniň hemmesi açyklyk esasynda we umumy kabul edilen halkara hukuk kadalaryny hasaba almak bilen hereket edýän milli kanunçylygyň talaplaryna laýyk häsiýetine eýe boldy.
Ýurdumyzyň merkezi gazetlerinde wagyz-nesihat işleriniň çäklerinde her bir dalaşgäriň terjimehalynyň hem-de maksatnamalaýyn çykyşlarynyň berlendigi, telewideniýede we radioda, şeýle hem metbugat serişdelerinde olaryň çykyşlarynyň guralandygy barada habar berilýär. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň meýilnamasyna laýyklykda, ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň ähli welaýatlarda hem-de paýtagtymyzda saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň barşynda saýlawçylar dalaşgärleriň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalary, milli ykdysadyýetimiziň geljekki ösüşi, halkymyzyň abadançylyk derejesini we Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meýilleri bilen tanyşdylar. Bir söz bilen aýdylanda, demokratik kadalar we kanunçylyk berjaý edilip, mynasyp dalaşgärleriň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky bäsleşikleri guraldy.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň ýöriteleşdirilen saýty (www.saýlav.gov.tm) şu ýylyň saýlaw çäresiniň geçirilişi baradaky habarlary üpjün etdi. Daşary ýurtly bilermenler oňa ýokary baha berdiler. Merkezi saýlaw toparyň işiniň açyk häsiýete eýedigi nygtalyp, munuň saýlaw döwrüniň barşyna ynamyň üpjün edilmeginiň baş şerti bolup durýandygy aýdyldy. Şeýle hem saýt ähli gyzyklanma bildirýän okyjylara türkmen, rus we iňlis dillerinde kadalaşdyryjy-hukuk namalary, synlar, täzelikler barada habar berdi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň elektron neşirinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşini, Saýlaw kodeksini, milli saýlaw ulgamynyň kanunçylyk aýratynlyklaryna düşündirişi, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlary üçin gollanmalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, milli, garaşsyz we halkara synçylar, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek boýunça teklipçi toparlar barada düşündiriş alyp bolar. Resminamalar zerur bolan maglumatlary göçürip almak mümkinçiligi bolan görnüşde ýerleşdirildi.
Şeýle hem öňdebaryjy Internet serişdeleriniň mümkinçilikleri peýdalanyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi öz portallarynda (tdh.gov.tm) we “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde saýlaw döwrüniň ähli tapgyrlary hakynda habarlary ýerleşdirdi.
Ýekşenbe güni saýlawlaryň geçirilýän pursatlarynda ses bermegiň barşy hakyndaky yzygiderli täzelenip durýan maglumatlary nazara almak bilen, belli web-serişdelerine girýänleriň, Interneti peýdalanyjylaryň sany ýokary netijä bardy.
Türkmenistanda ählihalk Prezident saýlawlarynyň geçişi baradaky habarlaryň ýakyn we uzak ýurtlaryň tele we radioýaýlymlarynda berlendigini bellemeli. Saýlawlaryň geçirilişine syn eden habarçylary saýlaw uçastoklarynyň ählisinde, aýratyn-da günüň birinji ýarymynda ilatyň ýokary işjeňlik görkezendigini nygtarylar.
Metbugatda peýda bolan köp sanly makalalarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, ýerli wagt bilen sagat 13.00-a çenli ýurdumyz boýunça 2 million 406 müň adam ses berdi. Munuň özi umumy bellige alnan saýlawçylaryň 74,52 göterimine deňdir.
Daşary ýurtly synçylar saýlaw uçastoklaryna ýaşy 18-e ýeten ýaşlaryň höwes bilen gelendiklerini bellediler. Asylly däbe görä, ilkinji gezek ses berýän ýaşlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Berlen maglumatlara görä, tutuş ýurdumyzda şu gün ilkinji gezek ses berýänleriň sany 71 müň 685 adam boldy. Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möwsümiň çäklerinde uçastoklarda saýlaw toparlary ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklary we borçlary, ýurdumyzyň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan syýasy waka işjeň gatnaşmagynyň wajypdygy hakynda düşündiriş işlerini alyp bardylar.
Halkara bilermenleri ýurdumyzyň Merkezi saýlaw toparynyň ses bermegi guramaçylyky geçirmek we raýatlaryň öz isleglerini erkin beýan etmegini ýola goýmak üçin zerur şertleri döretmek boýunça alyp baran guramaçylyk işlerine ýokary baha berdiler. Saýlaw toparlarynda bellenilişi ýaly, uçastoklar degişli hukuk we gözükdiriji edebiýat bilen üpjün edildi. Olarda saýlawlara taýýarlyk çäreleri giňden beýan edilýär we saýlaw resminamalarynyň nusgalary görkezilýär. Her bir saýlaw uçastogy ses bermek üçin aňyrsy görünýän, şol sanda ondan-oňa geçirilip bolunýan gutular (saýlaw uçastogyna gelmäge mümkinçiligi bolmadyk adamlar üçin), saýlaw býulletenleri, degişli gollanmalar bilen üpjün edildi.
Russiýanyň belli “Izwestiýa” gazeti öz saýtynda ýörite otaglar enjamlaşdyrylan desgalaryň ses bermek üçin taýýarlanandygy barada habar berdi. Olaryň içinde saýlawçylara niýetlenen degişli serişdeler goýuldy.
Daşary ýurtlaryň birnäçe köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistanda ilkinji gezek saýlaw býulletenlerinde Braýlýa hatynyň ulanylandygy barada habar berilýär. Munuň özi ses bermäge hukugy bolan körler we çala görýänler üçin has-da möhümdir. Şeýle hem saýlawlar gününde öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmeýän saýlawçylar saýlaw uçastoklarynda 2-nji fewraldan 11-nji fewrala çenli döwürde möhletinden öň ses berdiler.
Daşary ýurt metbugaty ses bermek çäresiniň açyklyk we aýanlyk häsiýete eýedigini belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlygyň hem-de saýlawlaryň geçirilişiniň barşyna milli synçylaryň 3 müň 223-siniň we türkmen tarapyndan çagyrylan halkara synçylarynyň 151-siniň syn edendiklerini belleýär.
“Saýlawlar asuda, açyk bäsdeşlik esasynda we ýokary guramaçylyk derejesinde geçýär” diýip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň metbugat hem-de elektron neşirleri Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna syn etmek boýunça GDA-nyň Toparynyň baştutany hökmünde Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine Ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň pikirine salgylanyp bellediler.
Şunda, köp sanly metbugat işgärleri GDA-nyň şu ýylyň 25-nji ýanwarynda Prezident saýlawlarynyň möwsümine gözegçilik etmäge girişen synçylar Toparynyň ozal beren maglumatyndan bölekleri nygtadylar. Toparyň düzümine Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasyndan, Belarusuň we Russiýanyň Parlament geňeşi Birleşiginden, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetinden synçylaryň 73-si boldy. Olaryň hatarynda milli parlamentleriň deputatlary, Arkalaşygyň ýurtlarynyň merkezi saýlaw toparlarynyň agzalary, diplomatik korpusyň wekilleri bar.
Olaryň hemmesine, şeýle hem ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasyndan baha beriji toparlara, BMG, ŞHG, YHG ýaly abraýly halkara hem-de sebit düzümleriniň, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Awstriýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Eýranyň, Hindistanyň we Owganystanyň halkara synçylaryna tutuş ýurdumyz boýunça saýlawlaryň öňüsyrasynda bolşy ýaly, onuň geçirilýän pursatlarynda saýlaw uçastoklaryna erkin barmak mümkinçiligi deň derejede üpjün edildi.
Halkara synçylaryň netijeleri biraz gijiräk beýan ediler. Ýöne saýlawçylaryň gatnaşygyny, durmuş işjeňligini synlap, beren bahalaryna görä häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň raýatlyk ukybynyň ýokarlanandygyny, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we pederlerimiziň halk häkimiýetiniň ýörelgelerine esaslanýan demokratik özgertmelere işjeň gatnaşmaga bolan meýilleriniň ösendigini nygtamak bolýar.