Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda

view-icon 14741
Şu Kanun oba hojalygyny we azyk öndürmegi alyp barmak, ylmy-barlag we seleksiýa işlerini amala aşyrmak üçin, şeýle hem häzirki we geljekki nesilleriň bähbitlerini nazara alyp, durmuş-medeni hem-de taryhy mirasyň goraglylygyny üpjün etmek üçin, olaryň ýabany kowumdaşlaryny goşmak bilen, medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny kesgitleýär.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler


Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) medeni ösümlikleriň genetiki gorlary — oba hojalygyny alyp barmak we iýmit önümlerini öndürmek üçin hakyky ýa-da potensial gymmatlykly, gelip çykyşy ösümlikden bolan islendik genetiki material;

2) medeni ösümlikleriň genofondy — ösümlikleriň seleksiýa sortlary, şeýle hem olaryň tebigy ösüp ýetişýän şertlerinde ýerleşýän, ösümlikleriň genetiki taýdan ýakyn ýabany görnüşleri;

3) medeni ösümlikleriň ýabany kowumdaşlary — ekerançylyga girizmek ýa-da täze sortlary döretmek işinde peýdalanmak üçin potensial ýaramly medeni ösümlikler bilen bir topara girýän, medeni ösümliklere ewolýusion-genetiki taýdan ýakyn tebigy ösümlikler dünýäsiniň görnüşleri;

4) agrobiologik dürlülik — oba hojalygyny alyp barmak we iýmit önümlerini öndürmek üçin peýdalanylýan biologik dürlüligiň düzüm bölekleri;

5) agroekoulgam — oba hojalyk önümlerini almak maksady bilen we adam tarapyndan yzygiderli goldanylýan emeli döredilen ekoulgam (meýdan, öri meýdan, mellek, bag, gorag tokaý agaçlary we beýleki oba hojalyk ekoulgamlar);

6) biogözleg işleri — medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň kolleksiýalarynyň üstüni ýetirmek üçin olaryň nusgalyklaryny ýygnamak, gözegçilik edilýän şertlerde gorap saklamak we ylmy-barlag, seleksiýa, bilim bermek we beýleki işlerde peýdalanmak maksady bilen olaryň tebigy ösüp ýetişýän ýerlerinde medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň gözlegini geçirmek;

7) biologik dürlülik — ýerüsti, deňiz we beýleki suw ekoulgamlaryny hem-de ekologik toplumlary goşmak bilen, ähli çeşmelerden, olaryň bir bölegi bolup durýan janly organizmleriň özgerijililigi (wariabelligi); bu düşünje görnüşiň çäklerindäki, görnüşleriň arasyndaky dürlüligi we ekoulgamyň dürlüligini öz içine alýar;

8) genetiki bank — medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň nusgalyklaryny saklamagyň tassyk edilen standartlaryna laýyklykda bu gorlary iň amatly temperaturalarda saklamak üçin niýetlenilen, ýörite enjamlaşdyrylan desga (jaý, kamera);

9) gelip çykyşy ösümlikden bolan genetiki material — özünde nesil yzarlaýjylygyň funksional birliklerini saklaýan reproduktiw we wegetatiw - köpeliji materialy goşmak bilen, gelip çykyşy ösümlikden bolan islendik material;

10) medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň kolleksiýasyny saklaýjy — onuň garamagynda medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň nusgalyklarynyň kolleksiýasy bar bolan islendik ýuridik ýa-da fiziki şahs;

11) medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň donory — medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny beren ýuridik ýa-da fiziki şahs;

12) medeni ösümlikler — iýmit önümlerini, senagat üçin çig maly, ot-iýmleri almak üçin, şeýle hem bezeg maksatlarynda adam tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleriň görnüşleri, formalary we sortlary;

13) medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň kolleksiýasy — olaryň tebigy ösýän ýerlerinden özge ýerlerde gözegçilik edilýän şertlerde goralyp saklanylýan, häzirki we geljekki nesiller üçin hakyky ýa-da potensial gymmatlyk bolup durýan, bellenilen tertipde toplanylan, ulgamlaşdyrylan we resminamalaşdyrylan ösümlik dürlüliginiň düzüm bölekleri;

14) medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň katalogy — medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň kolleksiýalarynda goralyp saklanylýan, medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň nusgalyklary boýunça birsydyrgynlaşdyrylan maglumatlar ýazgysy;

15) medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň nusgalygy — bütewi ösümlikler, şeýle hem janly ýagdaýynda goralyp saklanylýan, bir görnüşe ýa-da bir derejäniň (rangyň) görnüşiçi taksonyna degişli bolan, olardan tutuş organizmi ýa-da organizmleri alyp boljak olaryň bölekleri (tohumlary, klubenleri, ýaş çybyklary, soganjagazlary, ýerasty baldaklary we ösümligiň beýleki bölekleri), olaryň organlarynyň dokumalary, öýjükleri;

16) görnüşiçi taksony — genetiki taýdan esaslandyrylan haýsydyr bir alamatlary boýunça meňzeş bolup we beýleki toparlardan olar boýunça tapawutlanýan, ösümlikleriň bir görnüşiniň osoblarynyň topary;

17) ösümlik materialy — hakyky ýa-da potensial gymmatlygy bar bolan we ylmy-barlag, seleksiýa, ykdysady we beýleki işler amala aşyrylan mahalynda peýdalanylýan ösümlik dünýäsiniň obýektleri;

18) ösümlikleriň reintroduksiýasy — görnüşiň ozal tebigy şertlerde ösen, sortuň bolsa özüniň häsiýet aýratynlyklaryna we uýgunlaşmak ukybyna eýe bolan ýerlerine ösümligiň gaýtarylyp getirilmegi;

19) gadymy ýerli adaty sortlar — ýerli seleksiýanyň oba hojalyk önümçiliginden aýrylan, emma belli bir ylmy, durmuş-ykdysady, taryhy-medeni we beýleki gymmatlyk bolup durýan, adaty agroulgamlarda peýdalanylýan, esasan gadymy sortlary.

2-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary

Şu Kanunyň maksatlary oba hojalygyny alyp barmak we beýleki işi amala aşyrmak, iýmit önümlerini öndürmek, ylmy-barlag we seleksiýa işleri üçin ösümlik materialyna bolan zerurlyklary durnukly kanagatlandyrmak, ýokary hilli iýmit önümlerini we beýleki oba hojalyk önümlerini döretmek, şeýle hem Türkmenistanyň azyk, ekologiýa we bioserişde howpsuzlygyny gowulandyrmak üçin medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny hemmetaraplaýyn öwrenmek we durnukly peýdalanmak maksady bilen häzirki we geljekki nesiller üçin medeni ösümlikleriň genofondy hökmünde, olaryň ýabany kowumdaşlaryny goşmak bilen, olary gorap saklamak bolup durýar.

3-nji madda. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

4-nji madda. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň obýektleri

Medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň obýektlerine şu aşakdakylar degişlidir:

1) ösümlikleriň haşal görnüşlerini goşmak bilen, medeni ösümlikleriň ýabany kowumdaşlary;

2) adaty agroekoulgamlarda peýdalanylýan gadymy ýerli sortlar;

3) seleksiýa sortlary (ösdürilip ýetişdirilýän, peýdalanmakdan aýrylan ýa-da peýdalanmak üçin teklip edilýän sortlaryň kataloglaryna girizilmedik);

4) seleksiýa ugurlary — hojalyk taýdan gymmatly alamatlaryň çeşmeleri we donorlary;

5) gelip çykyşy ösümlikden bolan aýratyn genetiki material (biotehnologiýa usullary arkaly döredilen mutantlar, gibridler, köpçülikleýin nesle geçijilik alamatlary bolan ugurlar, ösümlik görnüşleri);

6) genetiki maglumaty esasy göterijiler — nuklein kislotalary (dezoksiribonuklein kislota — DNK we ribonuklein kislota — RNK).

5-nji madda. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda işi ösdürmek üçin şertleri döretmegiň ýörelgeleri

Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda işi ösdürmek üçin şertleri döretmegiň ýörelgeleri, olaryň ýabany kowumdaşlarynyň ähli görnüşiçi taksonlaryny goşmak bilen, şu aşakdakylar bolup durýarlar:

1) medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň durnukly goralyp saklanylmagyny we rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek maksady bilen ekologiýa, ykdysady we durmuş bähbitleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan utgaşdyrylmasy;

2) medeni ösümlikleriň, olaryň ýabany kowumdaşlaryny goşmak bilen, genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly çäreler meýilleşdirilende agroekoulgamyň tebigy we durmuş-ykdysady aýratynlyklaryny hasaba almak;

3) medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak, şeýle hem agrobiologik dürlüligiň düzüm böleklerini peýdalanmak babatdaky iş bilen baglanyşykly kadalary we düzgünleri kesgitleýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çap etmek;

4) agroekoulgamlarda hojalyk ýa-da beýleki işleriň döredýän antropogen hapalanmagynyň öňüni almak;

5) gen inženeriýasynyň usullaryny we täze tehnologiýalary ulanmak arkaly alnan hem-de medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň geljekki peýdalanylmagyna päsgel berýän we olaryň kemelmegine ýardam edýän, genetiki taýdan modifisirlenen ekinleriň we beýleki önümleriň agroekoulgamlara ýaramaz täsiriniň öňüni almak;

6) ösümlikleriň tebigy ýaşaýan ýerlerinde olaryň biologik dürlüliginiň monitoringiniň geçirilmegini, şeýle hem medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň kolleksiýalaryny döretmek, olary howpsuz gorap saklamak we olary talabalaýyk dolandyrmak boýunça işleri maliýeleşdirmek;

7) degişli çözgütleri we çäreleri kabul etmek maksady bilen medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda işleriň möhüm aýratynlyklaryny kesgitlemek we bellemek üçin ylmy barlaglary we biogözleg işlerini geçirmek.

II BAP. MEDENI ÖSÜMLIKLERIŇ GENETIKI GORLARYNY ÝYGNAMAK, GORAP SAKLAMAK WE REJELI PEÝDALANMAK BABATDA DÖWLET DOLANDYRYŞY

6-njy madda. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda döwlet dolandyryşyny amala aşyrýan edaralar


1. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda döwlet dolandyryşy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi;

2) Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy;

3) Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti.

3. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda beýleki ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary hem bellenilip bilner.

4. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň wezipelerini kesgitlemek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan bu edaralar hakyndaky düzgünnamalar esasynda amala aşyrylýar.

7-nji madda. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;

2) medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamagyň, gorap saklamagyň we rejeli peýdalanmagyň döwlet ulgamyny belleýär hem-de bu ugurda döwlet strategiýasynyň we işleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin onuň dolandyryş edaralaryny, şeýle hem olaryň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär;

3) döwlet strategiýasyny durmuşa geçirmek, işleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak, şeýle hem bu ugurda işleriň milli we halkara utgaşdyrylmagyny amala aşyrmak maksady bilen medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamagyň, gorap saklamagyň we rejeli peýdalanmagyň döwlet ulgamyny dolandyrmagyň edarasy hökmünde ylmy-barlag institutyny— utgaşdyryjyny kesgitleýär;

4) şu Kanuna we medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýär.

8-nji madda. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklary

Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary:

1) medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;

2) medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrýarlar;

3) ösümlikleriň görnüşleriniň we sortlarynyň reintroduksiýasyny guraýarlar;

4) medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryna bolan elýeterliligiň tertibini we olary peýdalanmakdan alnan girdejileri paýlamagyň mehanizmini kesgitleýärler;

5) ýuridik we fiziki şahslara medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça usulyýet kömegini berýärler;

6) medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň kolleksiýalaryny döretmegiň, baýlaşdyrmagyň we peýdalanmagyň tertibini belleýärler;

7) medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda döwlet barlagyny we gözegçiligini amala aşyrýarlar;

8) medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda Türkmenistanyň halkara şertnamalary boýunça döwlet borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guraýarlar;

9) şu Kanuna we medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýärler.

9-njy madda. Raýatlaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, oba hojalyk we beýleki önümleri öndürijileriň medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak boýunça işe gatnaşmagy

1. Raýatlar, jemgyýetçilik birleşikleri, oba hojalyk we beýleki önümleri öndürijiler medeni ösümlikleriň hem-de olaryň tebigy ösüp ýetişýän ýerlerindäki ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak, üznüksiz köpeltmek we rejeli peýdalanmak boýunça işlere Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde gatnaşýarlar.

2. Raýatlaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, oba hojalyk we beýleki önümleri öndürijileriň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) ýerli agroekoulgamlaryň we olaryň genetiki eroziýasynyň derejesi barada degişli maglumaty döwlet häkimiýet edaralaryndan almaga;

2) ýerli agrobiologik dürlüligiň ýagdaýynyň we onuň düzüm bölekleriniň hasaba alynmagynyň döwlet monitoringiniň geçirilmegine ýardam etmäge, şeýle hem bu işe gös-göni gatnaşmaga;

3) ýerli agrobiologik dürlüligiň düzüm böleklerini ýygnamak we gorap saklamak babatdaky işe jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmaga hem-de rugsat edilmedik biogözleg işleriniň bellenilen tertipde öňüni almaga;

4) ýerli medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we öwrenmek babatda degişli döwlet ylmy maksatnamalarynyň işlenilip düzedilmegine we durmuşa geçirilmegine ýardam etmäge hem-de gös-göni gatnaşmaga;

5) olarda ösümlikleriň seýrek duş gelýän we ýitip barýan görnüşleri, şeýle hem oba hojalygy alyp barmak hem-de beýleki işleri amala aşyrmak, iýmit önümlerini öndürmek üçin peýdalanylýan, halk seleksiýasynyň adaty gadymy ýerli sortlary we medeni ösümlikleriň ýabany kowumdaşlary ösüp ýetişýän agroekoulgamlary gorap saklamak üçin, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň döredilmeginiň maksadalaýykdygy barada degişli döwlet edaralaryna teklipleri bermäge;

6) medeni ösümlikleriň hem-de olaryň tebigy ösüp ýetişýän ýerlerindäki ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak, üznüksiz köpeltmek we rejeli peýdalanmak boýunça çäreleri geçirmäge.

10-njy madda. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamagyň, gorap saklamagyň we rejeli peýdalanmagyň döwlet ulgamy

1. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamagyň, gorap saklamagyň we rejeli peýdalanmagyň döwlet ulgamy medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň kolleksiýalaryna eýe bolan ylmy-barlag, seleksiýa, bilim edaralaryndan, jemgyýetçilik birleşiklerinden we beýleki edaralardan ybaratdyr.

2. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamagyň, saklamagyň we rejeli peýdalanmagyň döwlet ulgamyny döretmegiň esasy maksatlary şu aşakdakylar bolup durýarlar:

1) medeni ösümlikleriň genofondunyň ygtybarly goralyp saklanylmagyny we hemmetaraplaýyn öwrenilmegini üpjün etmek;

2) medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň kolleksiýalarynyň we nusgalyklarynyň umumymilli tükellenilişini geçirmek, olaryň hemişe hasabyny ýöretmek;

3) medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň nusgalyklary boýunça birsydyrgynlaşdyrylan maglumatlar ýazgysyny döretmek;

4) medeni ösümlikleriň genofonduny ylmy, seleksiýa we beýleki maksatnamalarda rejeli we durnukly peýdalanmak;

5) medeni ösümlikleriň genofonduna rugsat edilmedik elýeterliligiň öňüni almak;

6) döwlet we halkara derejesinde işleriň utgaşdyrylmagyny amala aşyrmak.

11-nji madda. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamagyň, gorap saklamagyň we rejeli peýdalanmagyň döwlet ulgamynyň gurluşy

Medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda döwlet ulgamynyň gurluşyna olaryň esasy wezipeleri we hukuklary Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýän, şu aşakdaky döwlet edaralary we guramalary girýärler:

1) medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary;

2) ylmy-barlag instituty — utgaşdyryjy;

3) bilermenleriň ýöriteleşdirilen maslahat beriş geňeşleri we medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda işleriň ileri tutulýan ugurlary boýunça iş toparlary;

4) medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň kolleksiýalaryny saklaýjylar — dürli tejribe stansiýalary.

12-nji madda. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň kolleksiýalarynyň toparlary we görnüşleri

Medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň kolleksiýalary medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryny ýygnamagyň, gorap saklamagyň we rejeli peýdalanmagyň döwlet ulgamynyň düzüm bölegi bolup durýarlar hem-de özüniň niýetlenilişine laýyklykda şu aşakdaky toparlara we görnüşlere bölünýärler:

1) medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň katalogyna girizilen we ylmy-barlag institutynyň — utgaşdyryjynyň ýanyndaky halkara standartlaryna laýyklykda ýörite enjamlaşdyrylan genetiki banka uzak möhletleýin howpsuz saklamaga goýlan, medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlarynyň gymmatly hem-de seýrek duş gelýän nusgalyklaryndan, şeýle hem aýratyn döwlet nahalhanalarynda — meýdan genetiki banklarynda saklanylýan köp ýyllyk ösümlikleriň nusgalyklaryndan ybarat bolan bazalaýyn kolleksiýalar;

2) orta möhletleýin gorap saklamak şertlerinde goralyp saklanylýan we almak-çalyşmak, öwrenmek, ylmy, seleksiýa hem-de bilim maksatnamalarynda peýdalanmak maksady bilen dürli peýdalanyjylary ösümlik materialy bilen üpjün etmek üçin niýetlenilen, medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlarynyň nusgalyklaryndan ybarat bolan işjeň iş kolleksiýalary;

3) dublet (ikinji nusgasy) kolleksiýalaryny öwrenmek we dürli maksatnamalarda peýdalanmak maksady bilen, halkara we daşary ýurt genetiki banklaryny goşmak bilen, dürli edaralaryň peýdalanyjylaryna berlen medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň kolleksiýalarynyň düzüminde bar bolan, medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň dublet nusgalyklaryndan, şeýle hem beýleki genetiki banklara berlen medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň nusgalyklaryndan ybarat dublet kolleksiýalar;

4) seçip almak ýa-da eksperimental usullary ulanmak arkaly döredilen we bir ýa-da birnäçe alamatlary boýunça nesil yzarlaýjy tapawutlaryny ýüze çykarýan medeni ösümlikleriň görnüşiçi formalarynyň genetiki gorlarynyň nusgalyklaryndan ybarat bolan genetiki kolleksiýalar;

5) medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň nusgalyklarynyň iň az mukdarynda görnüşiň esasy genetiki dürlüligi saklanýan, nusgalyklardan ybarat bolan esasy kolleksiýalar;

6) ösümlik dünýäsiniň dürlüligini öwrenmegiň möhüm guraly bolup durýan ýabany ösýän we medeni ösümlikleriniň gerbariý nusgalyklaryndan ybarat bolan gerbariý kolleksiýalary;

7) ýokary molekulýar genom we (ýa-da) klonirlenen görnüşde goralyp saklanylýan, gelip çykyşy ösümlikden bolan genetiki gorlaryň nuklein kislotalarynyň nusgalyklaryndan ybarat bolan DNK we RNK kolleksiýalary.

13-nji madda. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamagyň, saklamagyň we rejeli peýdalanmagyň döwlet ulgamyny ylmy taýdan üpjün etmek

Medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryny ýygnamagyň, saklamagyň we rejeli peýdalanmagyň döwlet ulgamynyň gurluşyna girýän döwlet edaralarynyň we guramalarynyň esasy wezipeleri şu aşakdakylar bolup durýarlar:

1) medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ylmy-tehniki syýasatyň strategiýasyny işläp taýýarlamaga hem-de durmuşa geçirmäge, şeýle hem ony maliýeleşdirmegiň möçberini esaslandyrmaga we hasaplap çykarmaga gatnaşmak;

2) medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň kolleksiýalarynda goralyp saklanylýan medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň nusgalyklarynyň umumymilli tükellenilişini geçirmek, medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň katalogynyň döredilmegini we iň gowy ýagdaýda saklanylmagyny ylmy-tehniki taýdan üpjün etmek;

3) medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda dürli-dürli döwlet ylmy-tehniki hem-de düýpli gözleg maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini we maliýe goldawyny, döwlet we halkara derejesinde medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda ylmy işleriň umumy utgaşdyrylmagyny üpjün etmek;

4) Türkmenistanyň çäklerinde we onuň daşynda biogözleg işlerini ylmy-tehniki taýdan üpjün etmek, guramak we geçirmek;

5) medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda iş meýilnamalaryny we işleriň ileri tutulýan ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin zerur bolan ylmy esaslandyrmany we beýleki materiallary taýýarlamak;

6) medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamagyň, saklamagyň we rejeli peýdalanmagyň döwlet ulgamynyň gurluşyna girýän edaralaryň medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň kolleksiýalarynda bar bolan medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň nusgalyklaryny döretmek, üstüni ýetirmek, howpsuz gorap saklamak we hemmetaraplaýyn öwrenmek üçin şertleri üpjün etmek;

7) düzgünleri, düzgünnamalary we hödürnamalary, şeýle hem medeni ösümlikleriň genofondy bilen işlemek boýunça usuly görkezmeleri işläp taýýarlamak we tassyklamak;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde agrobiologik dürlüligi ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda ylmy we innowasiýa işlerini maliýeleşdirmek boýunça teklipleri girizmek;

9) medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda halkara hyzmatdaşlygyny, şeýle hem görkezilen ugurda halkara hyzmatdaşlygyny utgaşdyrmagy döwlet derejesinde amala aşyrmak.

14-nji madda. Medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda işleri maglumat we bilim taýdan üpjün etmek

Döwlet, medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda işleriň ähli ugurlarynyň ösdürilmegine amatly şertleriň döredilmegi üçin maglumat we bilim beriş häsiýetli çäreleriň geçirilmegine ýardam edýär.

15-nji madda. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda işleri ykdysady taýdan höweslendirmek

1. Döwlet, medeni ösümlikleriň hem-de olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak, gaýtadan dikeltmek we rejeli peýdalanmak boýunça işlere ykdysadyýetiň döwlet we hususy böleginiň, şol sanda oba hojalyk önümlerini öndürijileriň, şeýle hem jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň gatnaşmagy üçin zerur bolan ykdysady we durmuş şertlerini döredýär.

2. Döwlet, olarda medeni ösümlikler ösüp ýetişýän, dürli topardaky ýerleriň eýeleriniň we peýdalanyjylaryň gyzyklanmasyny we jogapkärçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak, gaýtadan dikeltmek we rejeli peýdalanmak babatdaky işleri ykdysady taýdan höweslendirmäge gönükdirilen dürli çäreleri amala aşyrýar.

3. Medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak, gaýtadan dikeltmek we rejeli peýdalanmak boýunça işlere işjeň gatnaşýan ýuridik we fiziki şahslaryň ykdysady taýdan höweslendirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

III BAP. MEDENI ÖSÜMLIKLERIŇ GENETIKI GORLARYNY ÝYGNAMAK, GORAP SAKLAMAK WE REJELI PEÝDALANMAK BABATDA DÖWLET BARLAGY WE GÖZEGÇILIGI

16-njy madda. Medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda döwlet barlagy we gözegçiligi


1. Medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda döwlet barlagy we gözegçiligi döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ylmy edaralar we jemgyýetçilik birleşikleri, şeýle hem beýleki ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

2. Medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda döwlet barlagy we gözegçiligi medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

17-nji madda. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň kolleksiýalaryny saklaýjylaryň döwlet tarapyndan hasaba we bellige alnyşy

1. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň kolleksiýalaryny saklaýjylaryň döwlet tarapyndan hasaba we bellige alnyşy şonuň ýaly kolleksiýalary, olarda medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň gymmatly we seýrek duş gelýän nusgalyklaryň bardygyny ýüze çykarmak, olaryň ylmy, durmuş-ykdysady, bilim bermek we medeni-taryhy ähmiýetliligini, şeýle hem bu kolleksiýalaryň hukuk ýagdaýyny kesgitlemek maksady bilen medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Düzüminde medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlarynyň gymmatly hem-de seýrek duş gelýän nusgalyklary saklanýan medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň kolleksiýalaryny saklaýjylary döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.

3. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň kolleksiýalaryny saklaýjylar öz işlerini ylmy-barlag instituty — utgaşdyryjy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan medeni ösümlikleriň genofondy bilen işlemek boýunça düzgünlere, gollanmalara we ugrukdyryjy resminamalara doly laýyklykda amala aşyrýarlar.

18-nji madda. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryna bolan elýeterliligiň tertibi

1. Biogözleg işlerini geçirmek, ýygnamak, alyşmak-çalyşmak, öwrenmek we ylmy-barlag, seleksiýa, bilim bermek hem-de beýleki işlerde peýdalanmak üçin medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryna bolan elýeterlilik hukugy bu gorlary peýdalanyjylara ikitaraplaýyn ýa-da köptaraplaýyn şertnamalaryň çäklerinde gelip çykyşy ösümlikden bolan genetiki materialy bermek hakyndaky ýörite ylalaşygyň esasynda, medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen tertipde berilýär.

2. Gelip çykyşy ösümlikden bolan genetiki materialy bermek hakyndaky ýörite ylalaşykda, adat bolşy ýaly, medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň donorynyň we ony kabul edijiniň hukuklary we borçlary, ylalaşygyň hereketiniň wagt çäkleri, berilýän gelip çykyşy ösümlikden bolan genetiki materialyň mukdary we hili, bu materialyň peýdalanylmagy çak edilýän çygry we onuň soňraky peýdalanylmagyndan deň düşewüntleriň alynmagy şertleşilýär.

19-njy madda. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak, öwrenmek we rejeli peýdalanmak babatdaky işiň amala aşyrylmagyna çäklendirilmeler

1. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň tebigy ösüp ýetişýän şertlerinde ýerleşýän, olaryň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak, öwrenmek we rejeli peýdalanmak boýunça işiň amala aşyrylmagyna, eger bu işiň daşky gurşawa zyýan ýetirip biljek, agroekoulgama ýaramaz täsir edip biljek, bu gorlaryň kemelmegine ýa-da doly ýitip ýok bolup gitmegine ýardam edip biljek ýagdaýynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çäklendirmeleri girizmäge hukugy bardyr.

2. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, raýatlaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we ýuridik şahslaryň eýeçiliginde duran medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly işlerine, haçan-da bu Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet howpsuzlygyny, daşky gurşawy goramagy, taryhy-medeni mirasyň goralyp saklanylmagyny, ýuridik we fiziki şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini üpjün etmek üçin zerur bolan halatlarynda çäklendirmeleri we gadagan etmeleri bellemäge hukugy bardyr.

3. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň aýratyn gymmatlyk bolup durýan ýa-da döwletiň ösüşini ýa-da azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin möhüm durmuş-ykdysady ähmiýete eýe bolan medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň kolleksiýalarynda saklanylýan nusgalyklaryna elýeterliligiň şertlerini çäklendirmäge hukugy bardyr.

20-nji madda. Medeni ösümlikleriň seýrek duş gelýän we ýitip barýan görnüşleriniň genetiki gorlaryny gorap saklamak

Döwlet tarapyndan agroekoulgam üçin potensial ähmiýeti bolan medeni ösümlikleriň seýrek duş gelýän we ýitip barýan görnüşleriniň (populýasiýalarynyň) genetiki gorlaryny gorap saklamak boýunça ýörite çäreler görülýär. Şolar ýaly ösümlikleriň genofondy olaryň ösüp ýetişýän ýerleriniň tebigy şertlerinde, hojalygy dolandyryjy subýektleriň, şol sanda daýhan hojalyklarynyň ýerlerinde, şeýle hem medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň döwlet kolleksiýalarynda we dublet materialy görnüşinde genetiki banklarda goralyp saklanylmaga degişlidir.

21-nji madda. Genetiki taýdan modifisirlenen ösümlikler bilen iş salyşmak çygryndaky gatnaşyklar

Genetiki taýdan modifisirlenen ösümlikler, şeýle hem iň täze biotehnologiýa we gen inženeriýasy usullarynyň kömegi bilen döredilen oba hojalyk ösümlikleriniň sortlary bilen baglanyşykly işler Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

IV BAP. MEDENI ÖSÜMLIKLERIŇ GENETIKI GORLARYNA BOLAN EÝEÇILIK HUKUGY WE BEÝLEKI HUKUKLAR

22-nji madda. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryna bolan eýeçiligiň görnüşleri


1. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlary, olaryň ýabany kowumdaşlaryny goşmak bilen, döwlet, hususy ýa-da eýeçiligiň beýleki görnüşinde bolup bilýärler. Medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryna bolan eýeçiligiň görnüşi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

2. Döwlet eýeçiliginde bolan çäklerde, tebigy şertlerinde ösüp ýetişýän medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlary döwlet eýeçiliginde durýar.

3. Türkmenistanyň çäklerinde alnan we (ýa-da) medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň kolleksiýalarynda goralyp saklanylýan medeni ösümlikleriň genetiki gorlarynyň nusgalyklary, olara bolan elýeterlilik Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýän, jemgyýetçiligiň gazananlary bolup durýarlar.

4. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda olara intellektual eýeçiligiň hukuklaryny amala aşyrmagyň dürli şertleri ýaýraýan ýuridik we fiziki şahslara degişli bolan medeni ösümlikleriň genetiki gorlary, şeýle hem bu adamlara eýeçilik hukugy esasynda degişli bolan ýer böleklerinde ösüp ýetişýän ösümlik materialy hususy eýeçilikde bolup bilýärler.

23-nji madda. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda halkara hyzmatdaşlygy

1. Türkmenistan medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda halkara hyzmatdaşlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrýar.

2. Türkmenistan medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda halkara hyzmatdaşlygyna medeni ösümlikleriň we olaryň ýabany kowumdaşlarynyň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak, öwrenmek we rejeli peýdalanmak meseleleri boýunça halkara şertnamalaryny we ylalaşyklaryny baglaşmak arkaly gatnaşýar.

V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

24-nji madda. Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik


Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagynda günäkär ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

25-nji madda. Jedelleri çözmek

Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak, öwrenmek we rejeli peýdalanmak babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

26-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.


Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 4-nji fewraly.