Ï Döwlet Baştutanynyň Permanyna laýyklykda 828 raýatyň günäsi geçildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanynyň Permanyna laýyklykda 828 raýatyň günäsi geçildi

view-icon 964
Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli günä geçmek hakyndaky Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlaryň 828-si mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek jeza çäresini, şeýle hem goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.