Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň 69-njy mejlisine hem-de VIII Gyşky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak we bu oýunlaryň guramaçylygy bilen ýerinde tanyşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 2017-nji ýylyň 17—28-nji fewraly aralygynda Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde gulluk iş saparynda bolarlar.