Ï Türkmenistan — Türkiýe: söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýoly bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — Türkiýe: söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýoly bilen

view-icon 1506
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de “Meridyen Uluslararasi Fuarсilik” türk kompaniýasynyň bilelikde geçirýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy.

Sergä gatnaşmak üçin ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegine gyzyklanma bildirýän Türkiýäniň döwlet düzümleriniň 160-dan gowrak wekilinden, 60 kompaniýanyň hem-de şereketleriň ýolbaşçylaryndan we hünärmenlerinden ybarat wekilçilikli topar Aşgabada geldi. Olaryň aglaba bölegi Türkmenistanda ilkinji gezek öz mümkinçiliklerini we öňdebaryjy tehnologiýalaryny hödürleýän haryt öndüriji kompaniýalardyr. Bularyň köpüsi Türkmenistanyň köpugurly ykdysady mümkinçiliklerini bilýärler hem-de hyzmatdaşlygyň has uly geljegine bil baglaýarlar.

Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, işewürler gatnaşdylar.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler, onda iki doganlyk döwletiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň diňe bir okgunly ösdürilmän, eýsem, hil taýdan täze derejä çykarylýandygy bellenilýär. Munuň özi ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde görkezen Türkiýe Respublikasynyň kompaniýalary bilen mundan beýläk-de işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek üçin özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmekde oňat şertleri döredýär.



Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda bu serginiň Türkiýe Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmakda, daşary ýurt maýa goýumlaryny milli ykdysadyýetimize çekmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Serginiň açylyş dabarasynda Türkiýe Respublikasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, ykdysadyýet ministriniň orunbasary Ibrahim Şenel hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitaraplyk halkara-hukuk derejesine esaslanýan “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýan Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Türkiýäniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Bu gezekki çäre täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, iki doganlyk halkyň bähbidine hem-de abadançylygyna dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin oňyn şertleriň döredilmegine ýardam berer.

Köpugurly sergide türk haryt öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli önümler — maşyn gurluşygy, senagat pudaklary hem-de oba hojalygy üçin enjamlary hem-de ätiýaçlyk şaýlary, gurluşyk serişdeleri, durmuş enjamlary we elektronika, ýuwujy serişdeler, dürli kosmetika önümleri, hojalyk harytlary, köke-süýji önümleri görkezilýär.

Sergä elektroenergetika enjamlaryny öndürýän iri kompaniýalar (“Elte Pano”, “Hascelik”), ýangyn söndürýän we ýangyn howpsuzlygy ulgamlaryny hödürleýän (“Duýar Vana”, “BAIS”), gurluşyk platformalaryny öndürýän (“Goçmaksan”) kompaniýalar gatnaşýar. Şeýle hem sergide penjireleri hem-de gapylary öndürýän (“Pakpen plastik boru”, “Em-Ka Çelik”), kompozit serişdelerinden diwarlar we üçekler üçin panelleri öndürýän (“Assan Panel”), ykjam mebeller hem-de laminirlenen örtükler üçin häzirki zaman panelleri hödürleýän (“Kastamonu”, “Hilal Alüminium” şereketleri önümlerini hödürleýär. “Cuhadaroglu”, “EMS Plastik Boru” kompaniýalary metal gurnamalary hem-de dürli desgalar, şol sanda sport toplumlary we stadionlar üçin zerur gurnamalaryň önümçilik ulgamynda işleýär.

“A.O.Smith” kompaniýasynyň diwarlygynda suw üpjünçiligi, lagym we suwaryş ulgamynyň, suwlary minerallaşdyrmagyň enjamlary görkezilýär. “Frigoblock Sogutma” kompaniýasynyň azyk önümlerini doňdurmak we saklamak üçin enjamlary Türkmenistanda giňden bellidir.



Sergä ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalaryň hatarynda süýt önümleriniň, ösümlik ýaglarynyň, şireli we gazly içgileriň dürli görnüşlerini gaplara guýmak üçin ýörite enjamlary öndürýän kärhanalaryň (“Ektam”, “Gemak Gida”) bolmagy aýratyn bellärliklidir. Azyk pudagynyň bu ugry ýurdumyzda okgunly ösdürilýär. Aşgabat sergisinde ilkinji gezek öz önümlerini görkezýän kompaniýalar hem bar, olar karton we möhürli gofrirlenen gaplaryň nusgalaryny (“Ceren Ofset”), howpsuz we ekologiýa taýdan arassa serişdelerden gaplaýjy plýonka ulgamlaryny (“Bak ambalaj”, “Biriz ambalaj”) hödürleýär.

Sergide çagalar we mekdep edaralarynyň, okuw barlaghanalarynyň, sport meýdançalaryň we stadionlaryň enjamlaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ugurda däp boýunça “Ekip Sport” we “Feta” kompaniýalary tekliplerini hödürleýär.

Sergä gelýänlerde ýurdumyzda giňden tanalýan durmuş tehnikasyny we aşhana enjamlaryny öndürýän kompaniýalaryň bölümleri uly gyzyklanma döredýär. Olar we beýleki kompaniýalaryň sowadyjylarynyň, egin-eşik ýuwýan enjamlarynyň, gaz hem-de elektrik, mikrotolkunly peçleriniň, ýyladyjylarynyň, boýlerleriniň, “Beko”, “Simfer”, “Itimat” we beýleki kompaniýalaryň täze nusgalarydyr. Sergide iri jemgyýetçilik iýmiti edaralary üçin “Pimak” kompaniýasy hem önümlerini hödürleýär.

Bu ulgamda Türkiýäniň “Vestel” iri kompaniýasynyň diwarlygy innowasiýa bezegi hem-de 4K şekillendiriş artykmaçlyklary bilen tapawutlanýan iň häzirki zaman telewizorlary, durmuş tehnikasynyň has kämilleşdirilen nusgalary bilen ünsi çekýär. Sergide durmuş himiýasy önümçiligi, dürli ýuwujy we kosmetika serişdeleri goýlan bölümler gelýänlerde uly täsir galdyrýar.

Dostlukly ýurduň eksport harytlarynyň sergisinde ýöriteleşdirilen kärhanalar we şereketler bilen bir hatarda, iri türk mahabat kompaniýalarynyň hem-de ol ýa-da beýleki ulgamda ýöriteleşmek arkaly baglanyşykly senagatçylaryň we telekeçileriň birleşikleriniň hem tekliplerini hödürleýändigi bellärliklidir. Iri kompaniýalaryň bu gezekki gözden geçirilişe gatnaşmagy diňe bir türk önüm öndürijileriniň mümkinçiliklerini, öndürýän önümleriniň köpdürlüligini görkezmek bilen birlikde, türkmen hyzmatdaşlary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin şertleriň döredilmegine hem ýardam edýär.

Obasenagat toplumynyň we azyk pudagynyň önümlerini görkezýän bölümde “bulgur” ýarmasyny hem-de bugdaýyň iň gowy görnüşlerinden unaş önümlerini öndürýän kompaniýalaryň, pissäni gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan şereketleriň önümleri görkezilýär. Bu ýerde dürli süýji-köke önümleriniň, şol sanda miwe, hoz goşulyp taýýarlanan süýji önümleriniň we beýlekileriň köp görnüşleriniň (“Helis draje”) tagamyna baha berip bolar.



...Bu ýöriteleşdirilen sergi türk hyzmatdaşlary tarapyndan öndürilýän harytlaryň giň görnüşini görkezmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary alyşmak üçin netijeli çärä öwrüldi. Iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berýän bu gezekki çäre türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň binýadynda maýa goýum — innowasiýa hyzmatdaşlygynyň geljegini nazara almak bilen, işewür hyzmatdaşlygyň ýaýrawunyň giňeldilmegine gönükdirilendir. Ýurdumyzyň barha kuwwatlanýan ykdysadyýeti önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyna, kärhanalaryň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de iň döwrebap önümçilikleriň döredilmegine esaslanýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Türkiýäniň iri işewürligi we ugurdaş kompaniýalary biziň döwletimizde ýaýbaňlandyrylan iri möçberli maksatnamalaryň hem-de uly ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmak bilen, türkmen hyzmatdaşlary bilen köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň baý tejribesini toplap, ozaly bilen gurluşyk, energetika, himiýa we dokma pudaklary, oba hojalygy, azyk senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeldýärler. Muňa amala aşyrylan hem-de häzirki wagtda durmuşa geçirilýän onlarça bilelikdäki taslamalar, haryt dolanyşygynyň okgunly ösýän möçberleri aýdyň şaýatlyk edýär.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga berlen Aşgabat Halkara howa menziliniň gurulmagy hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Häzirki wagtda türk gurluşyk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjigi bina edilýär, Türkmenbaşy şäherinde Halkara howa menziliniň gurluşygy, gazhimiýa pudagynyň kärhanalarynyň, welaýatlarda elektrik beketleriniň gurluşygy dowam etdirilýär.


Türkmen telekeçileriniň her ýyl geçirilýän Halkara Izmir sergisine gatnaşmagy, Aşgabatda geçirilýän Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk senagaty we eksport harytlarynyň ýöriteleşdirilen sergileri, Türkmenistanyň dokma pudagynyň däp bolan sergileri yzygiderli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarydyr, sergileriň geçirilýän günleri iki ýurduň işewür toparlary netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça anyk teklipleri hödürleýärler.

Şu gezekki sergi hem munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Sergi 23-nji fewrala çenli dowam eder.