Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifinge Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Nasir Ahmad Andişanyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet, diplomatik wekilhanalaryň, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Brifingiň geçirilen ýeri bolan DIM-iň kiçi maslahatlar zalynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhyndaky uly xhmiýetli wakalary beýan edýän fotouratlar sergisi açyldy. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny ilkinjileriň biri bolup ykrar eden Owganystan bilen döwletara gepleşikleri hoşmeýilli goqşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýär.
Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, şu ýyllarda türkmen we owgan halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar täze mazmuna eýe boldy, muňa ýokary derejede geçirilýän işjeň syýasy gepleşikler-de şaýatlyk edýär. Soňky 10 ýylda döwlet baştutanlarynyň döwlet, resmi we iş saparlarynyň 13-si amala aşyryldy, gepleşikler geçirilip, olaryň netijesinde möhüm ylalaşyklar gazanyldy.
Oňyn Bitaraplyk syýasatyna daýanyp, goňşy döwletdäki ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen çözmek nukdaý-nazaryndan çykyş edýän ýurdumyz owgan ykdysadyýetini we durmuş infrastrukturasyny dikeltmäge gönükdirilen anyk çäreleri görýär. Türkmenistan ählumumy parahatçlygy we howpsuzlygy berkitmäge, ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary bilen çykyş edýär.
2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda badalga berlen Türkmenistan- Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy muňa anyk mysallaryň biridir.Oňa gatnaşýan ýurtlaryň her biriniň halklaryna we tutuş sebite abadançylyk getirmäge niýetlenen bu iri ýangyç taslamasynyň durmuşa geçirilmegi özara peýdaly hyzmatdaşlygyň özbolşly nusgasy bolar.
Brifinge gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, amatly geostrategiki şertlerde ýerleşýän Türkmenistan we Owganystan sebitiň ýurtlarynyň arasynda özara peýdaly işleri işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýetli işleri amal etmelidirler. Bu jähtden uzak möhletleýin halkara ulag-aragatnaşyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge üns çekildi. 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda halkara demir ýol geçelgesiniň Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)—Akina (Owganystan) böleginiň açylmagy üstünlikli şeýle hyzmatdaşlygyň mysallarynyň biridir. Geljekde Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe we Owganystan-Türkmenistan-Gazagystan ýollarynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem brifingde ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklaryň gazanylýandygy bellenildi. Owgan ýaşlarynyň ýüzlerçesi ikitarapalaýn ylalaşyklara laýyklykda ýurdumyzyň ýokary we orta hünärmen mekdeplerinde bilim alýarlar. Doganlyk ýurda yzygiderli kömek bermek maksady bilen durmuş ähmiýetli binalaryň gurluşygyny, söwda merkeziniň açylmagyny, ynsanperwer ýükleri ibermegi we beýlekileri göz öňünde tutýan degişli çäreleriň toplumyny göz öňünde tutýan maksatnama taýýarlanyldy.
Mälim bolşy ýaly, ýakyn goňşular bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek –Türkmenistanyň ýakyn ýedi ýyla daşary syýasat srtrategiýasynyň ugurlarynyň biridir. Duşuşyga gatnaşanlar bu barada aýtmak bilen, yzygiderli türkmen-owgan gatnaşyklarynyň doganlyk ýurtda parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Çykyş edenler dostlukly türkmen-owgan gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine ösdüriljekdigne ynam bildirdiler.
Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Nasir Ahmad Andişa geçirilen duşuşygyň oňyn häsiýetine baha berip, hususanda şeýle diýdi: „Türkmen topragyna gelmegim mende şatlyk duýgusyny döredýär. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy döwlet baştutany wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlaýaryn.
Şu günki duşuşyk –has işjeňleýän döwletara gatnaşyklarynyň anyk subutnamasydyr, olar ynanşykly, oňyn häsiýeti köp asyrlyk dostluk we hoş meýilli goňşuçylyk däpleri bilen şertlendirlendir. Häzirki wagtda ykdysady, maliýe we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly ýagdaýlar emele geldi. Ulag-aragatnaşyk ulgamy türkmen-owgan özara hereketiniň möhüm ugrydyr. Medeniýet, ylym, bilim, sungat, syýahatçylyk we sport ugurlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyňam biziň üçin ähmiýeti ulydyr.
Biziň köpugurly hyzmatdaşlygymyzyň sebit gatnaşyklarynda integrasiýa häsiýete eýe bolup, netijeli ösdüriljekdiginň ynam bildiresýärin“.
-Biziň ýurtlarymyzyň ulag, söwda, energetika we beýleki ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bar-diýip, Owganystan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mirwaýs Nab gürrüňdeşlikde aýtdy.-Men türkmen-owgan özara hereketiniň iki ýurduň halklarynyň bähbitleriniň, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň hatyrasyna oňyn we özara ynamlylyk häsiýetde ösdüriljekdigine ynam bildiresýärin“.