Ï Türk işewürleri türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türk işewürleri türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýarlar

view-icon 766
Paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işini tamamlady. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de “Meridyen Uluslararasi Fuarcilik” türk kompaniýasy tarapyndan bilelikde guraldy.

Iki dostlukly ýurduň köpugurly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täsirli guraly bolup hyzmat edýän nobatdaky gözden geçiriliş türk işewürleriniň eksport kuwwatyny we mümkinçiliklerini hem-de ägirt uly gyzyklanmasyny görkezdi. Türk işewürleri okgunly ösýän hem-de uzak möhletli hyzmatdaşlygyň täze ugurlary bilen daşary ýurtly işewürleriň ünsüni özüne çekýän türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkidýärler.

Şunuň bilen birlikde, sergi türkiýeli önüm öndürijileriň dürli görnüşli eksport harytlaryny, tehnologiýalaryny we hyzmatlaryny hödürlemek bilen, ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgerişlikleriň, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen giň möçberli meýilnamalarynyň beýanyna öwrüldi.

Sergä gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Ibrahim Şeneliň ýolbaşçylygyndaky işewürler wekiliýeti Aşgabada geldi. Ol esasy senagat merkezlerine, şol sanda Stambul we Izmir şäherlerine hem-de ýurduň Ortaýer we Gara deňizleri sebitleriniň iri senagat merkezlerine wekilçilik edýär.


Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýerleşdirilen sergi oňa gatnaşyjylaryň 60-dan gowragynyň, şol sanda ýöriteleşdirilen iri türk kompaniýalarynyň we ol ýa-da beýleki ulgamda işleýän senagat hem-de telekeçiler assosiasiýalarynyň ençemesiniň diwarlyklaryndan ybarat boldy. Olaryň hatarynda ýurdumyz bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýän kompaniýalar we sergä ilkinji gezek gatnaşýan, bu ýere gelýänlere öňdebaryjy işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary, uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri hödürleýän kompaniýalary hem bar. Munuň özi daşary ýurtly işewür toparlaryň Türkmenistana aýratyn üns berýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Ýurdumyzda milli ykdysadyýet okgunly ösdürilýär, halk hojalyk toplumynyň köp ugurlarynda toplumlaýyn maksatnamalar hem-de taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda iri önüm öndürijiler hem-de gurluşyk we ulag maşyngurluşygy, ýangyn howpsuzlygy, elektroenergetika, oba we suw hojalygy, azyk senagaty ýaly ulgamlarda enjamlary iberýän kompaniýalar bar. Sergä yzygiderli gatnaşýanlaryň — “AO Smith”, “Goçmaksan”, “BAIS”, “Duýar Vana”, “Friko Block Sogutma sistemleri”, “Peri Kalip” kompaniýalarynyň üsti energiýa üpjünçilik we dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda (“Masas”), ýyladyşhana hojalygynda (“AYS Proje”), awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlaryny öndürmekde (“Fors Ýedek Parça”) işleýän kompaniýalar, şeýle hem un we süýt senagaty, jemgyýetçilik iýmiti üçin ýokary hilli önümleri öndürmäge we ibermäge ýöriteleşdirilen “Corinox”, “Alfa tek Elektronik”, “Pimak” firmalary we beýlekiler bilen ýetirildi.

Önümi gaplamagyň tehnologik ulgamlary ýaly, önümçiligiň möhüm ugruna hem aýratyn üns berildi. Dürli azyk we senagat önümleriniň köp görnüşlerini öndürýän türkmen önüm öndürijileriniň mümkinçiliklerini we serişdelerini nazara almak bilen, bu ugur möhüm ähmiýete eýedir. Türk eksportunyň bu ulgamyna sergide ilkinji gezek “Ektam”, “Gemak Gida”, “Biriz ambalaj”, “Ceren Ofset” kompaniýalary wekilçilik etdiler.

Geçen ýyllarda bolşy ýaly, senagatçylar we telekeçiler, söwda kompaniýalarynyň bileleşiginiň sergä gatnaşmagy türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini açyp görkezmäge ýardam etdi. Olaryň hatarynda “Eýap international” (kosmetiki kärhanalarynyň önümlerini ýerlemek), “Hazelnut Promotion Group” (“FTG” – pissäni gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly önümleri ilerletmek), “MBTG” (unaş, noýba önümlerini we ösümlik ýagyny wagyz etmek), “DFPC” (kişde önümlerini, pissäni gaýtadan işlemek we öndürmek, süýji önümleri taýýarlamak) kompaniýalary hem-de un we çörek-bulka, süýji-köke önümleriniň önümçiligini mahabatlandyrýan “Turkish Flour” we “Delightland” kärhanalary bar.

Serginiň üç gününiň dowamynda onuň meýdançalarynda sergä gatnaşýan kompaniýalaryň tanyşdyrylyşy boldy. Häzirki we geljekki hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi. Ýurdumyzyň telekeçileri uly işjeňlik görkezdiler. Olar hem täze taslamalaryň we teklipleriň üstünde bilelikde işlemäge gyzyklanma bildirýärler.

“Day Turkish Turizm” syýahatçylyk agentligi tarapyndan taýýarlanan köp sanly bannerler sergä özboluşly milli öwüşgin çaýdy. Olarda Türkiýe Respublikasynyň täsin taryhy ýadygärlikleri we onuň häzirki zaman şäherleriniň ajaýyp ýerleri barada gürrüň berilýär.

Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişiň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara diplomlar we halkara nusgaly sertifikatlar gowşuryldy.

Serginiň işi tamamlanandan soň, oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, bildirilen myhmansöýerlik hem-de ykdysady gözden geçirilişiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bu sergi Türkmenistanyň we Türkiýäniň doganlyk halklarynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine özara bähbitli we uzak möhletli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda täze ädim boldy.