Paýtagtymyzda “Uz-Daewoo” kysymly ulaglaryň dowamy bolan täze kysymly “Ravon” awtomobilleriniň tanyşdyrylyşy boldy. Bu çäre “UzAwtoSanoat” paýdarlar kompaniýasy we Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Türkmenistan” döwlet söwda merkezi bilen bilelikdäki döredilen “Turkmen-UzAWTO” hojalyk jemgyýeti tarapyndan guraldy.
Oňa dürli kysymly awtomobilleri öndürýän zawodlaryň birnäçesiniň resmi wekilleri gatnaşdylar. Olaryň hatarynda ýeňil awtomobilleri çykarýan “Jeneral Motors Uzbekistan” («GM Uzbekistan») paýdarlar jemgyýeti, “ISUZU” kysymly awtobuslary hem-de orta ýük göterijiligi bolan ýük ulaglary öndürmäge ýöriteleşen “SamAwto” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet, “MAN” kysymly ýük ulaglaryny, ýörite tehnikalary we tirkegleri öndürmek boýunça bilelikdäki özbek-nemes kärhanasy we beýlekiler bar.
Şeýle hem bu ýere ýurdumyzyň pudak düzümleriniň wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, köp sanly awtomobil söýüjiler ýygnandylar.
Özbek hyzmatdaşlary Türkmenistanda bu çäräni guramaga gyzyklanma bildirip, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň, ýurdumyzyň awtomobil ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan pudagy ösdürmek strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyndan ugur aldylar. Şoňa görä-de, ulaglara, şol sanda awtomobil ulaglaryna howpsuzlyk we ygtybarlylyk boýunça aýratyn ýokary talaplar bildirilýär.
Öndürijiniň tassyklamagyna görä, şu ýerde görkezilýän “Ravon” kysymly täze ulaglar dünýä derejesinde bildirilýän ölçeglere kybap gelýär—olar sowadyjylar, ruluň güýçlendirijileri bilen enjamlaşdyrylandyr, örän tygşytlydyr hem-de ekologiýa talaplaryna laýyk gelýär.
Bu gün ulaglaryň “Ravon Gentra”, “Ravon Nexia R3” we “Ravon R4” kysymlary, mundan başga-da, ýörite gurnalan meýdançada Özbegistanda çykarylýan awtoulag serişdeleriniň dürli görnüşleriniň nusgalary görkezildi. Çärä gatnaşyjylar tehnikalaryň dürli görnüşleri, şol sanda oba hojalygy, gurluşyk işleri, jemagat gulluklary üçin niýetlenen tehnikalar bilen tanyşdylar. Bu ýerde dürli kysymly awtomobilleriň nusgalary görkezildi. Gurluşyk işlerine niýetlenen ulaglaryň arasynda “MAN” kysymly tehnikalar — uly ýük göteriji awtomobiller, beton garyjylar we beýlekiler bar.
Mälim bolşy ýaly, häzir Türkmenistanda şäherlerde we obalarda arassaçylygy hem-de ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ýere ýygnananlar Jemagat hojalygynyň gulluklary üçin tehnikalaryň nusgalaryna, şol sanda gyşyna gary aýyrmaga hem-de ýola çäge sepmäge, ýylyň islendik döwründe ýollary arassalamaga we ýuwmaga niýetlenen utgaşdyrylan ulaglara gyzyklanma bildirdiler.
Oba hojalyk tehnikasy — däne orujy kombaýn, köp işlerde ulanmaga niýetlenen traktorlar, pagta ýygyjy kombaýnlar, ekijiler, pürküjiler we beýlekiler bu ýere ýygnananlarda gyzyklanma döretdi. Sergide ýük awtoulaglary, “ISUZU” kysymly awtobuslar hem-de kiçi, şol sanda bagçylyk we öý hojalygy üçin niýetlenen tehnikalaryň nusgalary hem görkezildi. Çäre tamamlanandan soň, türkmen we özbek artistleriniň çykyşlary boldy.