«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Taganowiç Atdaýew Ahal welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýram Gurbandurdyýewiç Annameredow Balkan welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Rejep Bazarow Daşoguz welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşow Lebap welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bäşimmyrat Hojamämmedow Mary welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Dädebaý Saparowiç Amangeldiýew Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek hem-de “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 25-nji fewralynda çykaran 11535-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2017-nji ýylyň 1—5-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 40 manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.