Ï Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ene mähri» atlary dakyldy we pul sylaglary gowşurylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ene mähri» atlary dakyldy we pul sylaglary gowşurylar

view-icon 1220
Hormatly Prezidetimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçiren Hokümet maslahatynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak hakynda Permana we ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sylaglaryny gowşurmak hakynda Buýruga gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan we tabşyrmagy boýunça hormatly ada mynasyp bolan zenanlara “Ene mähri” nyşanyny 7-nji martda jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Mejlisiň başlygy A. Nurberdiýewa dabaraly ýagdaýda gowşurar. Milli Liderimiz şeýle hem aýratyn mätäçlik çekýän köp çagaly maşgalalara şol gün täze jaýlaryň açaryny gowşurmagy tabşyrdy.