Ï Türkmenistanyň Prezidenti ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylaryny belledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylaryny belledi

view-icon 1926
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň täze düzüminiň döredilmegi bilen baglylykda guramaçylyk meselelerine garady we wezipelere belledi. Döwlet Baştutanynyň Permanlary bilen:

Pürli Nurmämmedowiç Agamyradow – Türkmenistanyň Bilim ministri wezipesine;

Nurmuhammet Kakabaýewiç Amannepesow – Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine;

Toýly Babaýewiç Kömekow – Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellenildi.

Gülşat Täçmyradowna Orazmuhammedowa – Türkmenistanyň Medeniýet ministri wezipesine bellenildi we ol Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport býounça orunbasary weziesinden boşadyldy.

Mundan başga-da, Hanmyradow Gurtnyýaz Nuryýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadyldy. Bu ýokary okuw mekdebiniň rektory wezipesine Baýramgül Motyýewna Orazdurdyewa –bellenildi we ol Türkmenistanyň bilim ministriniň ýokary we orta hünärmen mekdepleri boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Çary Baýramowiç Gylyjow – Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine bellenildi.