Ï Türkmenistanyň Prezidenti bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

view-icon 967
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Pursatdan peýdalanyp, Täjigistanyň Baştutany türkmen Liderini golaýda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi we döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmegi bilen gutlady hem-de milli Liderimize berk jan saglyk we ýokary döwlet wezipesindäki köpugurly işinde täze üstünlikler arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki döwürde däp bolan türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň toplanan köpýyllyk tejribä hem-de bar bolan kuwwata esaslanyp, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik täjik tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.