Ï Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýe Respublikasynyň Prezidentinden
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýe Respublikasynyň Prezidentinden

view-icon 887
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Prezident, gadyrly doganym!


Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Sizi we tutuş türkmen halkyny Türkiýäniň halkynyň adyndan hem-de öz adymdan tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ata Watanymyz hasaplaýan Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar edendigimiz biziň üçin uly buýsançdyr.

Geçen çärýek asyrda syýasy gatnaşyklar we köpugurly hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilip, hil taýdan täze derejä çykdy. 25 ýylyň dowamynda ýola goýlan işjeň gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we netijeli hyzmatdaşlygyň sebitde durnuklylygyň dowam etmegine gönükdiriljekdigine pugta ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine gaýtadan saýlanmagyňyz bilen ýene bir ýola gutlap, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.