Ï Prezident Fransua Olland türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Prezident Fransua Olland türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi

view-icon 1049
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!


2017-nji ýylyň 6-njy marty Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyny şöhlelendirýän sene bolup durýar.

1994-nji ýylyň 28-nji aprelinde Fransua Mitteran özüniň Aşgabada sapary mahalynda Türkmenistanyň dawaly meseleleri parahatçylykly ýol bilen çözmekde we çökgünlikleri gowşatmakda mynasyp orny eýeleýändigini belledi. Şeýle hem ol Fransiýanyň Türkmenistan bilen ähli ulgamlar boýunça hyzmat etmäge taýýardygyny ynandyrdy.

Çärýek asyr geçenden soň, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini uly şatlyk bilen belleýärin. Hut Siziň işjeň goldawyňyz netijesinde fransuz-türkmen hyzmatdaşlygynyň ençeme taslamalary amala aşyryldy. Sizi Fransiýanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmagy dowam etmäge taýýardygyna ynandyrýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Fransua Olland,
Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti