Ï 15-16-njy martda Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine döwlet sapary meýilleşdirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

15-16-njy martda Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine döwlet sapary meýilleşdirildi

view-icon 984
15-16-njy martda hormatly Prezidentimiziň Katar Döwletine döwlet sapary meýilleşdirildi. Özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ynsanperwer gatnaşyklary, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly kuwwatyň hem-de mümkinçilikleriň bar.

Katar Döwleti bilen diplomatiki gatnaşyklar 1996-njy ýylyň noýabrynda ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň 2010-njy ýylyň oktýabr aýynda Katar Döwletine bolan resmi saparynyň hem-de Kataryň Emiriniň geçen ýylyň mart aýynda ýurdumyza bolan resmi saparynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge kuwwatly itergi berdi.

Dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistan ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyna ygrarlydyr.