Ï 29-31-nji martda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary bolar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

29-31-nji martda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary bolar

view-icon 1043
29-31-nji martda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary meýilleşdirildi.

Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde işjeň ösdürilýän türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Yzygiderli amala aşyrylýan özara saparlar hem-de ýokary derejedäki duşuşyklar şol gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýär.

Şunda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwat bar. Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak resmi sapary däp bolan köpugurly hyzmatdaşlyga täze itergi berer.