Ï Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowen toparynyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowen toparynyň mejlisi

view-icon 901
Türkmen paýtagtynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-slowen toparynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň we Sloweniýa Respublikasynyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri, şol sanda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň barşy baradaky meseleler girizildi. Mejlise gatnaşyjylar esasy ugurlaryň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşýändigine kanagatlanma bildirip, söwda-ykdysady ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak baradaky pikiri aýtdylar.

Şunuň bilen baglylykda, Sloweniýanyň işewür toparlarynyň Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýändikleri nygtaldy, ýurdumyzda iri möçberli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar we eýýäm amala aşyrylýar, olaryň hatarynda energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlary bar. Maýa goýum işi üçin amatly şertler döredilendir. Myhmanlar slowen kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmäge isleg bildirýändiklerini tassykladylar. Şunda ýurdumyzyň döwlet ösüşi ýolunda ägirt uly üstünliklere ýetendigi bellenildi.

Duşuşygyň barşynda özara peýdaly ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ugurlary, şeýle hem saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlary boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek baradaky pikir beýan edildi. Syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikler açylýar, iki ýurtda hem bu pudagyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Mejlisiň ahyrynda Sloweniýanyň wekiliýetiniň agzalary türkmen tarapyna myhmansöýerlik üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gepleşikleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.