Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda geçirilen „tegelek stoluň“ barşynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryna garaldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda geçirilen „tegelek stoluň“ barşynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryna garaldy

view-icon 864
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda „tegelek stol“ geçirilip, oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň birnäçesiniň, şeýle hem BMG-nyň we ÝeB-niň esasy agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşanlar abraýly halkara guramalry, hususan-da, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy, Ilat gaznasy we Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdyrylar.

Döwlet edaralarynyň, ministrliklerriň we pudaklaýyn edaralaryň gullukçylarynyň, şeýle hem ýerli häkimiýet we öz-özüni dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň bilimlerini we hünar endiklerini ýokarlandyrmak bileleikdäki işiň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda okatagyň interaktiw usullary işjeň ulanylýar. Diňleýjilerde edara-dolandyryş işini we işewür gepleşikler sungaty babatda bilimlerini giň derejede kämilleşdirmäge mümkinçilikler bar.

„Tegelek stoluň“ barşynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň, hususan-da döwlet dolandyryşynyň hukuk esaslary, merkezi we ýerli häkimiýet we dolandyryş edaralaryyň işini meýilleşdirmegiň we olaryň monitoringiniň ulgamy boýunça okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli aýratynlyklary we halkara tejribesini göz öňünde tutýan toplumlaýyn okuw maksatnamalarynyň ornaşdyrylmagyna üns çekildi.

BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň, Ilat gaznasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň goldamagynda ýurduň durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy ösüşiniň şertlerinde döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ösdürmäge gönükdirilen ylmy-amaly maslahatlaryň, tematiki okuwlaryň, „tegelek stollaryň“ geçirilmegi, şeýle hem okuw-bilim işine işewür oýunlaryň, maslahatlaryň, kollokwiumlaryň we autotreningleriň goşulmagy gz öňünde tutulýar.

Oňa gatnaşanlar duşuşygyň jemini jemläp, ugurdaş akademiýalaryň professor-mugallymlaryny alyşmak, innowasion usullary ornaşdyrmak we bilim tapgyrlaryny kämilleşdirmek barada pikir aýtdylar.