Ï "Kitaphanalar we kitaphana işi hakyndaky" täze Kanun medeniýet ulgamynyň innowasion ösüşiniň ugurlaryny görkezýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

"Kitaphanalar we kitaphana işi hakyndaky" täze Kanun medeniýet ulgamynyň innowasion ösüşiniň ugurlaryny görkezýär

view-icon 5309
Türkmen parlamentarileriniň kabul eden kanuny-jemgyýetiň durmuş-medeni düzüminiň bir bölegi hökmünde kitaphana işini kämileşdirmek üçin hukuk binýadydyr. Onda döwletiň milli taryhy-medeni mirasy saklap galmaga jogapkärçiliginiň konstitusion kadasy ösdürildi.

Resminamada şeýle hem maglumatlayň we bilimleriň, milli we dünýä medeniýetiniň, ylmynyň we biliminiň kitaphanalarda saklanýan seýrek duşýan görnüşleriniň hemmä deň elýeterligi barada düzgünler bar.

Kanun Türkmenistanda kitaphana ulgamynyň döredilmegi we hereket etmegi,gaznalaryň saklawlylygyny goramak, raýatlara hyzmat etmegi guramak bilen baglanşykly hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş meseleleri düzgünleşdirilýär.

Resminama ýurduň kitaphanalarynyň maglumatlar, ylmy, medeni-magaryf we bilim işlerini düzgünleşdirýär. Täze kanuna bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen kadalar hem goşulandyr.

Kanuna laýyklykda kitaphana işi babatda döwlet syýasaty kitaphanalarda saklanýan maglumatlaryň we medeni gymmatlyklaryň raýatlara ählumumy elýeterliligini üpjün etmek hukugy ýörelgesine esaslanýar.

Kanun ilatyň durmuş we ykdysady taýdan has pes goragly gatlaklaryna (çagalara, ýaşlara, maýyplara, pensionerlere, oba we barmasy kyn ýerleriň ilatynya) kitaphana hyzmatyny kepillendirýär.

Kitaphana işini amatlaşdyrmak üçin içine maliýe, salgyt, karz we nyrh syýasatyny, şol sanda ilata mugt hyzmat edýän döwlete dahylsyz eýeçilikdäki kitaphanalary goldamagy alýan toplumlaýyn ykdysady taýdan düzgünleşdiriş maksatnamasy göz öňünde tutulypdyr.

Jemgyýet maglmatlaşdyryş ulgamyny ornaşdyrmak babatda kanuna elektron kitaphana hakyndaky madda goşulypdyr.

Resminamada kitaphanalarda saklanýan medeni gymmarlyklaryň goraglylygyny kepillendirýän ýörüte maddalar bar. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Milli kitaphana gaznasynyň, hususan-da tarhy-medeni we ylmy gymmatlyk bolan we döwlet tarapyndan goralýan ýazuw we çaphana ýadygärlikleriniň aýratyn ähmiýetine üns çekilýär.

Kanunda Türkmenistanyň raýatlarynyň ählisiniň kitaphana hyzmatlaryna deň hukugynyň barlygy nygtalýar. Olar üçin kitaphana gaznalarynyň gurluşy, olardaky anyk resminamanyň barlygy hakdaky maglumatlar, maslahat hyzmatlary we kitaphanalaryň gaznalaryndaky islendik resminamany wagtlaýyn mugt almak eýleterlidir. Şeýle hem kanunda kitaphanalaryň öz garamagyna görä işläp taýýarlan sanawyna laýyklykda tölegli hyzmatlar etmäge-de hukugy göz öňünde tutulandyr.

Kitaphanadan peýdalanýanmaga hukuk berýän resminamada olaryň kitaphana gaznalaryndaky kitaplara we beýleki resminamalara aýawly çemeleşmek, olara zeper ýetirilende ýa-da ýitirilende deň derejelisi bilen çalyşmak ýa-da ulanylyş düzgünleri bilen tassyklanan möçberde bahasyny töletmek borçlary hem bellenilendir.