
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynda RLDP-niň fraksiýasynyň baştutany Wladimir Žirinowskini kabul etdi. Myhman “Aziada—2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara kongresine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de Hazaryň kenarynda uly möçberli çärelere gatnaşmaga çakylyk üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özüni iň ýagşy täsirler baglanyşdyrýan ýurdumyza ýene-de gelip görmäge şatdygyny aýtdy. Wladimir Žirinowskiniň belleýşi ýaly, esasy maksady döwleti we jemgyýeti ösdürmekden, türkmenistanlylaryň abadan durmuşy üçin hemme şertleri döretmekden ybarat bolan düýpli özgertmeler ýolunda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri ony tüýs ýürekden guwandyrýar. Pursatdan peýdalanyp, RLDP-niň ýolbaşçysy Bütindünýä saglyk güni hem-de Awazada geçirilýän iri sport forumynyň üstünlige beslenmegi bilen, şeýle hem sporty we bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde türkmen Lideriniň ajaýyp hyzmatlarynyň ykrar edilýändigine şaýatlyk edýän hormatly sylaglar bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlady.
Döwlet Baştutanymyz myhmany mübärekläp, ony hem Bütindünýä saglyk güni bilen gutlap, ýurdumyzda bu senäniň baýram edilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi. Milli Liderimiz hoşniýetli sözleri üçin Wladimir Žirinowskä minnetdarlyk bildirip, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli özara gatnaşyklar üçin Türkmenistanyň hemişe açykdygyny nygtady. Munuň özi döwletimiz tarapyndan parahatçylyk söýüjilik we oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp amala aşyrylýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.
Soňra duşuşyk RDLP-niň ýolbaşçysynyň ýanyndaky wekiliýetiň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-rus gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan taryhy taýdan ýola goýlan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadydyr.
RLDP-niň ýolbaşçysy hemişelik bitaraplyk derejesinden gelip çykýan döredijilikli syýasatyny yzygiderli alyp barýan Türkmenistanyň sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň daýanjy bolup durýandygyny nygtap, Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna, goňşy döwlete oňyn işleriň pugtalanmagyna, iri düzümleýin taslamalara goşulyşmagy arkaly onuň dünýä hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna ýakynlaşmagyna ýurdumyzyň goşýan uly goşandyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman ähli ugurlar boýunça däp bolan türkmen-rus gatnaşyklaryny, şol sanda özara peýdaly gatnaşyklary höweslendirmegiň we parlamentleriň, jemgyýetçilik guramalaryň ugry boýunça tejribe alyşmagyň hasabyna has-da giňeltmek babatda pikirlerini aýtdylar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler hem-de anyk netijeleri berýän yzygiderli demokratik ösüşler munuň üçin oňaýly ýagdaý döredýär.
RLDP-niň ýolbaşçysy Türkmenistanda şu gezek bolmagynyň täsirleri barada aýdyp, bu ýerde bolup geçen özgertmelere örän begenýändigini nygtady. Desgalarynda Aziada—2017-niň ýaryşlary geçiriljek köpugurly Olimpiýa şäherjigi hem-de täze ajaýyp Halkara howa menzili ak mermerli türkmen paýtagtynyň hakyky bezegine öwrüldi. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy hem haýran galdyrýar. Bu ýerde adamlaryň oňaýly dynç almagy hem-de wagtlaryny işjeň geçirmegi, şol sanda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin has oňaýly şertler döredildi.
Şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty wagyz etmek we ösdürmek işinde, ähli ölçegler boýunça halkara ülňülerine laýyk gelýän sport düzümini kemala getirmekde, ýaş nesilleri sazlaşykly terbiýelemekde, saglyk üçin zyýanly, şol sanda çilim çekmek endiklerini aradan aýyrmak babatda görülýän çäreleriň üstünlikleri aýdyň subutnama bolup hyzmat edýän jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde gazanan üstünliklerine Türkmenistanyň buýsanmaga mynasypdygy bellenildi. Şu babatda türkmenistanlylary bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmaga ruhlandyrýan döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesi örän möhümdir.
Milli Liderimiziň bu ulgamda başyny başlan öňdengörüjilikli syýasaty anyk miweleri berýär: türkmen sporty hil taýdan täze sepgitlere çykýar, ýurdumyz abraýly halkara ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrülýär. Bularyň ählisi şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda boljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň iň ýokary derejede geçiriljekdigini häzirden ynamly aýtmaga esas berýär. Şunuň bilen baglylykda, myhman Aziada—2017-niň ýurdumyza bolan gyzyklanmanyň has-da artmagyna, onuň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigini hem-de oýunlaryň netijesinde Türkmenistan, onuň baý özboluşly medeniýeti we ajaýyp halky barada bütin dünýäniň has-da köp biljekdigini belledi.
Häzirki zaman şertlerde sport ählumumy parahatçylygy, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň we netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ýagdaýy bolup çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de Türkmenistanyň Aziada—2017-ni mynasyp kabul etmek we ony ýatdan çykmajak uly baýramçylyga öwürmek üçin hemme tagallalary edýändigini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda RLDP-niň ýolbaşçysy türkmen topragynda mähirli we göwnaçyk kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de berk jan saglyk hem-de ýurduň we halkyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra bu ýerde Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy Wladimir Žirinowskä Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulysy” diýen adyň gowşurylyş dabarasy boldy. Dabara ýurdumyza gelen rus wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Gatnaşyjylaryň el çarpyşmagynda dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti RLDP-niň başlygyna döşe dakylýan degişli nyşany gowşurdy.
Wladimir Žirinowskiý bildirilen ýokary hormat üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzda gören ähli zatlaryna begenýändigini we olardan ruhunyň galkynýandygyny ýene-de bir gezek nygtady. Myhmanyň belleýşi ýaly, nesilden-nesle geçirilip gelinýän hem-de milli özboluşly häsiýetiň esasynda duran ajaýyp parasatly däp-dessurlaryň eýesi bolan myhmansöýer türkmen halkyna ol hemişe aýratyn mähir bilen garaýar.
Dabara tamamlanandan soň RLDP-niň başlygy bildirilen belent hormat we mähirli kabul edişlik üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek çuňňur hoşallyk bildirip, milli Liderimize we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üsti bilen ähli türkmenistanlylara iň oňat arzuwlaryny aýtdy.
Şol gün RLDP-niň wekiliýetiniň baştutanlygynda ýurdumyza gelen Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynda RLDP-niň fraksiýasynyň baştutany Wladimir Žirinowskiniň Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa bilen duşuşygy boldy.
Iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýan däp bolan türkmen-rus parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi gyzyklanma bildirilen pikir alyşmanyň meselesine öwrüldi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň wekiliýetleriniň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek hakynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.
Şu gün RLDP-niň başlygy myhmanlara we dynç alýanlara bir mahallar ulanylan awtomobilleri, elekromobilleri, atly paýtunlary we beýlekileri hödürleýän ýörite dynç alyş merkeziniň hyzmatlaryndan peýdalanyp, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy boýunça tanyşlyk gezelenjini amala aşyrdy.
Wladimir Žirinowski “Çaýka” diýen ýokary derejeli ak awtoulagda aýlandy. Rus wekiliýetiniň agzalary hem atly paýtunlara münüp, syýahatçylyk zolagynyň hem-de Hazaryň kenarýakasynyň gözelliklerini synladylar.
Daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda hyzmatlaryň bu görnüşiniň meşhurlygy Hazar deňzinde depginli ösýän dünýä derejesinde oňaýly dynç alşyň özüne çekijiligini has-da artdyrmaga hem-de islendik derejedäki ýaryşlary we çäreleri guramak üçin bu ýerde döredilýän degişli düzümleriň işjeň peýdalanylmagyna täsir eder. Munuň şeýledigine "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Aziada—2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly Halkara kongresiniň geçirilmegi hem şaýatlyk edýär.