Ï Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de RF-niň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň wekiliýetleriniň arasynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek hakynda Ähtnama gol çekildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de RF-niň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň wekiliýetleriniň arasynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek hakynda Ähtnama gol çekildi

view-icon 981
Şu gün Awazada Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň wekiliýetleriniň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek hakynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.

Gol çekişlik Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň çagyrmagy boýunça ýurdumyza gelen RLDP-niň ýolbaşçysy Wladimir Žirinowskiniň baştutanlygynda partiýanyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde boldy.

Wladimir Žirinowskiý şeýle hem şu gün “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly Halkara sport kongresde çykyş etdi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.