Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda diňe bir ösen ykdysadyýetli döwlet hökmünde däl, eýsem, sport ýurdy hökmünde hem bütin dünýä meşhur bolýar. 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününe gabatlanylyp "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Aziada — 2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongres munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Daşary ýurtlaryň habarlar agentlikleriniň geçen hepdede ýaýradan habarlarynda bu wekilçilikli foruma aýratyn orun berildi. Oňa Aziýanyň we beýleki sebitleriň esasy sport düzümleriniň öňdebaryjylary, dünýäniň dürli döwletlerinden meşhur türgenler hem-de tälimçiler, belli syýahatçylar we jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu meselä bagyşlanan makalalaryň we habarlaryň ählisi Türkmenistanyň V Aziýa oýunlaryny mynasyp geçirmäge doly taýýardygyny tassyklady.
Hususan-da, Uzinformyň (http://www.uzinform. com) teswirlemesinde: “2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda giň möçberli we wekilçilikli Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Millionlarça adamlar üçin Türkmenistan parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň ýurdy hökmünde mälim bolar” diýlip bellenilýär.
Bilermenleriň baha bermegine görä, “Türkmenistan dünýäde hakyky sport döwletine öwrülýär. Ol şeýle iri halkara çäreleri guramaga we mynasyp geçirmäge ukyplydyr”. Makalalaryň awtorlary Aziada — 2017-niň Türkmenistanda we halkara möçberinde bedenterbiýäni hem-de sporty ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarjakdygyna, iş ýüzünde parahatçylygyň, halkara hyzmatdaşlygyň we ynsanperwerligiň ýörelgelerini görkezjekdigine ynam bildirýärler.
Öz nobatynda, REGNUM habarlar agentliginiň habarçylary 2010-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Türkmenistanyň paýtagtyny 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda badalga aljak V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri hökmünde seçip alandygyny ýatladyp, Türkmenistanyň Orta Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup bu halkara sport çäresini geçirmek hukugyna eýe bolandygyny nygtaýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we bilermenler jemgyýetinde aýratyn gyzyklanma döretdi. Habarlarda jemgyýetçiligiň ünsi esasan hem türkmen Lideriniň beýan eden iki ugruna gönükdi. Ilkinji nobatda, häzirki wagtda sportuň we Olimpiýa hereketiniň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, halklaryň dostlugyna, özara düşünişmegine hem-de ýakynlaşmagyna ýardam etmelidigi, dünýäniň sport hereketiniň bolsa Birleşen Milletler Guramasyna durnukly ösüş baradaky ählumumy strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam etmelidigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda çykyş edýändigini belledi.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň köpüsi teswirlemelerinde kongrese gatnaşyjylaryň sözlerini getirdiler. Olar halkara hyzmatdaşlygy jebisligi pugtalandyrmakda, sport we parahatçylyk döredijilikli işde möhüm orun eýelejek Aziada — 2017-niň ähmiýetini nygtadylar. Foruma gatnaşyjylaryň biragyzdan bellemeklerine görä, Türkmenistanyň baştutanynyň sport ulgamyndaky syýasaty anyk netijeleri berýär, ýurt ösüşiň täze derejesine çykýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar edip, ildeşlerimize şahsy görelde görkezýär. Türkmen Lideri boş wagtyny işjeň geçirmegiň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň tarapdary bolmak bilen, muny iş ýüzünde tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, özüniň sport ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirýär. Ýurdumyzda ilatymyzy bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek boýunça görülýän çäreleriň netijeliligi ýokary görkezijileri gazanmagyň esasy şertleriniň biri boldy.
Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň halkara sport kongresine bagyşlanan makalalarynda hem bu mesele giňden beýan edildi. Olar özleriniň makalalarynda hem-de habarlarynda Aziýanyň küşt federasiýasy tarapyndan türkmen Liderine “Ýylyň adamy” diýen hormatly derejäniň berilmegine aýratyn üns berdiler. Mundan başga-da, habarlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow karate-donyň 10-njy danyna mynasyp boldy. Makalalarda bellenilişi ýaly, bu waka Türkmenistanyň Baştutanynyň bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde ägirt uly hyzmatlarynyň, halkara sport hereketini ösdürmäge goşant saldamly goşandynyň ykrar edilmeginiň subutnamasy boldy.
Dünýäniň sport jemgyýetçiligini Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk bilen giňden tanyşdyrmak geçen forumyň esasy wezipeleriniň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň, Belarus Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Ukrainanyň we beýleki ýurtlaryň esasy habarlar agentlikleriniň birnäçesiniň çap eden makalalaryň hem bellemek gerek. Olar internet giňişliginde Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjigi baradaky maglumatlary ýerleşdirdiler. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümetiniň şu taslamany durmuşa geçirmäge gönükdiren maýa goýumlary hem-de milli sporty täze derejä çykarmak maksady bilen görülýän çäreler barada maglumatlar getirildi.
Geçirilen forumda Aziada — 2017-ä taýýarlyk görmek hem-de geçirmek boýunça Türkmenistanyň amala aşyran ägirt uly we köpugurly işleri bellenildi. Hususan-da, habarlarda forumyň myhmanlarynyň pikirine görä: Olimpiýa şäherjigi, Milli sport we syýahatçylyk instituty hem-de Olimpiýa rezerwi mekdebi Aşgabatda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamagyň ulgamlaýyn toplumyny döredýärler, olar köp babatda dünýä derejesinden ýokarda durýar. Şeýle toplum uzak ýyllar üçin Türkmenistanyň raýatlaryna diňe bir ýokary derejeli sporty däl, eýsem köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini hil taýdan kämilleşdirmäge mümkinçilik berer.
Trend, http://www.lnews.az/ web-portallarynda we beýleki käbir ulgamlarda Türkmenistanyň sport ulgamyny ösdürmekde, döwrebap sport düzümini döretmekde gazanan haýran galdyryjy üstünlikleriniň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýäni we olimpiýa hereketini ösdürmek meselelerine berýän ägirt uly ünsüniň netijesidigi, bu ulgamdaky öňdengörüjilikli strategiýanyň bolsa türkmen sportuny hil taýdan täze halkara derejesine çykarmaga ýardam berýändigi aýdylýar.
Olimpiýa şäherjiginiň giň möçberliligi geçirilen dabaralara gatnaşan myhmanlaryň ählisinde ýatdan çykmajak täsir galdyrandygyny bellemek gerek. Http://sng.tobay/ saýtynyň habarynda bellenilişi ýaly, foruma gatnaşyjylar toplumdaky desgalaryň bir ýerde ykjam ýerleşendigini şäherjigiň esasy aýratynlyklarynyň biri hökmünde görkezdiler. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň Milli olimpiýa komitetiniň prezidentiniň geňeşçisi Bakytžan Ordabaýewiň aýdan sözleri getirilýär. Ol özünde galan täsirler barada gürrüň berip, Aziada geçirilenden soň, bu ýerdäki desgalaryň beýleki iri halkara ýaryşlary, mysal üçin, Uniwersiada we hatda Olimpiada üçin meýdança bolup biljekdigini aýtdy.
Makalalarda şeýle giň möçberli ägirt uly halkara sport baýramçylygynyň Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçiriljekdigine aýratyn üns berilýär. Şeýle hem Aziýa oýunlarynyň köp ýyllyk taryhynyň dowamynda (1951-nji ýyldan bäri) ilkinji gezek AOG-niň agzalary bolan Aziýa ýurtlarynyň 45-siniň türgenleri bilen bilelikde ýaryşlara Awstriýadan, Täze Zelandiýadan hem-de Okeaniýanyň 15 ada döwletinden türgenler gatnaşar.
Westi Urala, http://niros.ru/, https:// ianews.ru/ saýtlarynyň sahypalarynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýolbaşçylarynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk derejesine ýokary baha berendigi barada aýdylýar: “Türkmenistan guramaçylyk meselelerini çözmäge düýpli we jogapkärli çemeleşdi. Munuň özi Aşgabatda geçiriljek Aziada — 2017-ni üstünlige eýe boljakdygynyň girewidir. Bu ýaryşlar ýatdan çykmajak waka öwrüler we sebit hem-de dünýä möçberinde sporty wagyz etmek işine saldamly goşant goşar”.
Umuman, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň biragyzdan bellemegine görä, “Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlary ýokary ynsanperwerlikli olimpiýa ýörelgeleri esasynda halkara sport hereketiniň ösüşiniň täze tapgyry bolar!”.
Şeýle hem Türkmenistanyň Baştutany tarapyndan kabul edilen ýene-de bir möhüm çözgüde üns çekmek zerur bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Awazada geçirilen halkara forumyň jemleri jemlenildi hem-de Aziada — 2017-ä taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda degişli düzümleriň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi.
Milli Liderimiz dünýäde sport hereketini mundan beýläk-de ösdürmäge saldamly goşant boljak hem-de dünýä giňişliginde milli sportuň abraýyny has-da belende galdyrmakda möhüm orun eýelejek Aziýa oýunlarynyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, sentýabrda yklym derejesinde geçiriljek ýaryşlara dürli sebäplere görä, dogduk mekanyndan aýra düşen bosgun türgenleriň gatnaşmagynyň mümkinçiligi barada gürrüň edildi. Döwlet Baştutanymyz parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara sport hyzmatdaşlygynyň Oýunlaryň möhüm maksatlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, Türkmenistanyň bu meselä garamaga taýýardygyny tassyklady.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz bosgunlaryň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek işindäki umumy tagallalara uly goşant goşýar. Milli Liderimiz tarapyndan kabul edilen çözgüt ynsanperwerligiň, adalatlylygyň, demokratik ösüşiň hem-de häzirki zaman hukuk jemgyýetiniň ýörelgelerine bolşy ýaly, Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Munuň özi parahatçylyk söýüjilik, bitaraplyk, netijeli, hakyky hoşniýetli goňşuçylyk daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän ýurdumyza iri yklymlaýyn oýunlary geçirmek mümkinçiliginiň mynasyp berlendigini tassyklaýar.
Ýokarda bellenip geçirilişi ýaly, bu ulgamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanylýan öňdengörüjilikli strategiýa anyk miwelerini berýär — türkmen sporty hil taýdan täze derejä çykýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport ulgamynda ilatyň ähli gatlaklaryny bedenterbiýe bilen meşgullanmaga giňden çekmäge, ruhy taýdan kämil we beden taýdan sagdyn nesli terbiýelemäge, şol sanda halkara ýaryşlarynda Türkmenistana mynasyp wekilçilik edýän ýokary hünärli türgenleri taýýarlamaga gönükdirilen düýpli özgertmeler geçirilýär.
“Türkmenistanda 2011—2020-nji ýyllarda sporty we bedenterbiýäni goldamak we ösdürmek boýunça milli maksatnamany”, “2012—2016-njy ýyllar üçin Türkmenistanda sporty ösdürmegiň hem-de ýokary derejeli türgenleri taýýarlamagyň umumydöwlet maksatnamasyny” we beýlekileri durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň sportuny ösdürmek boýunça uly çäreleriň toplumy amala aşyryldy. Muňa paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda gurlup ulanmaga tabşyrylan häzirki zaman lukmançylyk edaralary, sagaldyş, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, dürli sport desgalary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri hem-de hereket edýän degişli desgalaryň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy mysal bolup biler. Şunda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýaşaýyş toplumlary, mekdebe çenli edaralar, umumy bilim berýän mekdepler hem-de ýokary okuw mekdepleri gurlanda, zerur bolan sport düzüminiň bolmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gurluşykçylara bildirýän esasy talaplarynyň biridir.
Häzir Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda oňat dynç almak hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin hemme şertler döredildi. Bütindünýä Saglyk gününe gabatlanylyp iň döwrebap iri sport toplumynyň açylmagy munuň nobatdaky mysalydyr.Hazaryň türkmen kenarýakasynyň düzümleriniň üstüni ýetiren bu desga türgenlerimize köpugurly okuw-türgenleşik merkezi, türgenleri hem-de sportuň dürli görnüşleri, şol sanda Aziada — 2017-niň maksatnamasyna girýän görnüşleri boýunça ýygyndy toparlary taýýarlamak üçin oňat binýat bolup hyzmat etmegine gönükdirilendir. Toplum şeýle hem iň ýokary derejeli ýaryşlaryň geçirilmegine niýetlenendir. Bu hem halkara sport giňişliginde ýurdumyzyň abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam berer.
Gürrüňimizi dowam edip, ildeşlerimiziň abraýly ýaryşlarda ajaýyp ýeňişlerine şaýatlyk edýän birnäçe mysallary getirmek isleýäris. Ine, şu ýylyň fewral-mart aýlarynda türkmen türgenleri Belarus Respublikasynyň açyk çempionatynda “A” derejeli XXI halkara ýaryşynda, Moskwada “A.Harlampiýewiň hormatyna” sambo boýunça Kubok ýaryşynda, göreş boýunça Buhara oblastynyň açyk çempionatynda, Tailandda geçirilen jiu-jitsu boýunça “Grand Slam” hem-de ýetginjekleriň we ulularyň arasynda dünýäniň Kubogy ugrundaky iki sany iki halkara ýaryşlarynda, Gresiýanyň paýtagty Afinyda ýetginjekleriň arasynda jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda, Helsinkide we Rigada geçirilen kikboksing boýunça halkara ýaryşlarynda, BAE-de geçirilen “Fujairah Open” WTF görnüşinde taekwando boýunça bäşinji halkara ýaryşynda, “Moskowskiýe zwýozdy uşu — 2017” ýaryşynda, Pragada adaty karate boýunça ýaryşda, Türkiýäniň Antaliýa şäherinde geçirilen garyşyk başabaş söweşleri boýunça dünýä çempionatynda, bouling boýunça “Almaty Cup 2017” halkara ýaryşynda baýrakly orunlaryň eýeleri boldular.
Mundan başga-da, awtoulag ýaryşyna gatnaşyjy türkmen türgenlerimiz Russiýa Federasiýasynyň Kareliýa Respublikasynda fewralyň ahyrynda geçirilen “ralli-reýd” görnüşinde awtosport boýunça dünýä Kubogynyň bürünç baýragynyň eýeleri boldular. Küşt boýunça ýurdumyzyň ýygyndy topary fewral we mart aýlarynda Çehiýada hem-de Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirilen halkara ýaryşlarynda, şeýle hem “Budapest Spring Fesitival” ýaryşyň netijeleri boýunça baýrakly orunlara mynasyp boldular. Belarus Respublikasynda bolup geçen tans boýunça açyk festiwalyň çäklerindäki halkara ýaryşlarynda ildeşlerimiz oňat netijeleri görkezdiler.
Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda biziň howamyz üçin adaty bolmadyk sportuň hokkeý, figuralaýyn typmak, konkide ylgamak görnüşleri hem ösdürilýär. Häzir türgenlerimiz bu ugurlarda hem eýýäm oňat netijeleri görkezýärler. Hususan-da, Türkmenistandan bolan konkide ylgamak boýunça ýaş türgenimiziň Awstriýanyň Gras şäherinde Bütindünýä gyşky ýörite olimpiýa oýunlarynyň altyn medalynyň eýesi bolandygyny bellemek gerek. Sapporadaky Aziadada ilkinji gezek çykyş eden hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň ikinji diwiziondaky ýaryşlarda ýeňiş gazanandygy hem bellärliklidir.
Woleýbol boýunça milli ýygyndy toparymyz Maldiw Respublikasynyň paýtagty Male şäherinde geçirilen Aziýanyň merkezi sebitiniň üçünji çempionatynyň hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Türkmenistanlylar Gazagystanyň Almaty şäherinde gylyçlaşmak boýunça halkara ýaryşda hem üstünlik gazandylar.
Umuman, şe ýle iri halkara ýaryşlarynda ildeşlerimiziň üstünlikli çykyşlary milli sport hereketiniň ýokary derejesini tassyklaýar.
Şu ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň” şygary astynda geçýär. Halkymyzyň hakyky abadançylygy hem-de her bir raýatyň mümkinçiligini açyp görkezmek ýaly esasy düşünjeleri özünde jemleýän bu şygar döwlet Baştutanymyzyň milletiň saglygy, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sungaty ösdürmek baradaky hemmetaraplaýyn aladasynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Bu gün ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak abraýly ýagdaýa öwrülýär. Özi-de, sportuň däp bolan görnüşleri bilen bir hatarda onuň beýleki görnüşleri hem barha meşhurlyga eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, belent ruhuň we sagdynlygyň nyşany hökmünde sportuň özi amala aşyrylýan özgertmeler üçin hereketlendiriji güýje öwrülýär.
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň esasy wezipeleriniň biri durmuş ähmiýetli taslamalary, şol sanda çagalary sport bilen meşgullanmaga çekmek, raýatlylygy we watançylygy terbiýelemek, ösüp gelýän nesli ruhy-ahlak taýdan ösdürmek boýunça taslamalary höweslendirmekden we goldamakdan ybaratdyr. Şu babatda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça her ýyl geçirilýän “Türkmenistan — Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly Spartakiada hem-de “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly şygar astynda birnäçe ýyl bäri aprel aýynda geçirilip gelinýän däp bolan biraýlyk çärelerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Bu çäräniň baş maksady sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden hem-de ilatyň ähli gatlaklaryny we ilkinji nobatda, ýaşlary köpçülikleýin sport çärelerine gatnaşmaga, şeýle hem ýurdumyzyň sport meýdançalarynda olaryň sport bilen özbaşdak meşgullanmaklaryna çekmekden ybaratdyr. Şonuň bilen birlikde, bu aý üçin meýilleşdirilen dürli çäreler, şol sanda halkara derejeli çäreler köp sanly daşary ýurtly myhmanlara milli Liderimiz tarapyndan sport ulgamynda alnyp barylýan syýasatyň üstünliklidigine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki biraýlygyň maksatnamasyna laýyklykda, 6—8-nji aprelde Türkmenabatda göreş boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçdi. 9-njy aprelde Daşoguzda gyzlaryň arasynda futzal boýunça 16-njy aprele çenli dowam etjek Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy. 15—16-njy aprelde ýetginjekleriň arasynda ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty iň oňat türgenleri Türkmenabat şäherinde bir ýere jemlär.
Biraýlygyň, şeýle hem Aziada — 2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde Olimpiýa şäherjigine girýän desgalaryň binýadynda halkara synag ýaryşlarynyň üçüsini geçirmek maksat edinilýär. Söweş sungatlarynyň sport toplumynda kikboksing (16—23-nji aprel) we agyr atletika (19—24-nji aprel) boýunça Aziýa Çempionatlary geçiriler, 21—23-nji aprelde bolsa Olimpiýa suw toplumynda suwda ýüzmek boýunça sebitleýin halkara ýaryşlary bolup geçer.
20—23-nji aprelde sport çäreleriniň tapgyryny uşu boýunça Türkmenistanyň çempionaty dowam eder. Ol Daşoguz şäherinde geçiriler. Şol günlerde 7-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga tabşyrylan “Awaza” sport toplumynda ýetginjekleriň arasynda milli we guşakly göreş boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryş geçiriler. 21—23-nji aprelde Türkmenabat şäherinde ýetginjekleriň arasynda göreş boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda ýaryş bolar.
Meýilleşdirilen çäreleriň sanawynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň XVIII Milli sport oýunlarynyň jemleýji tapgyry hem bar. Oýunlar 24—26-njy aprelde Daşoguz şäheriniň sport toplumynyň binýadynda geçiriler.
Atly sport boýunça birnäçe ýaryşlar her ýylyň aprelinde giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramçylygyna gabatlanylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmak boýunça köptaraply işler ýaýbaňlandyryldy. Ahalteke tohum atlarynyň baş sanyny artdyrmak boýunça görülýän deňsiz-taýsyz çäreler bilen bir hatarda sportuň atly görnüşlerini hem-de at çapmagyň milli däplerini wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça milli göreş ýaly konkuryň hem geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilendigini bellemek gerek. Bu ýagdaý nazara alnyp, aprel aýynyň çäreleriniň hatarynda uzak aralyga çapmak hem-de ýetginjek çapyksuwarlaryň arasyndaky çapyşyklar bilen bir hatarda konkur boýunça ýaryşlary geçirmek hem bellenildi.
Aýyň ahyrynda badminton, ýeňil atletika, kiokuşinkaý karate, bouling boýunça Türkmenistanyň çempionatlarynyň, “ralli reýd” görnüşinde awtosport boýunça Türkmenistanyň açyk çempionatynyň we gylyçlaşmak boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň geçirilmegi maksat edinilýär.
Biraýlygyň dowamynda ýene-de dürli wakalaryň onlarçasy ylmy-amaly maslahatlar, iş maslahatlary, sergiler, giň köpçülige niýetlenilen medeni- dynç alyş çäreler geçiriler. Aprelde bolup geçjek köpçülikleýin sport we bedenterbiýe hereketine ähli ýaşdaky adamlaryň ýüz müňlerçesi gatnaşar.
Şeýlelikde, biraýlygyň çäklerinde meýilleşdirilen uly möçberli çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda häzirki zaman Türkmenistanyň dünýäde özüni diňe bir ykdysady taýdan depginli ösýän kuwwatly döwlet hökmünde däl, eýsem, sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde berkarar edýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüler.