Ï Türkmenistanyň maýa goýum boýunça özüne çekijiligi: köp milliardlyk bilelikdäki taslamalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň maýa goýum boýunça özüne çekijiligi: köp milliardlyk bilelikdäki taslamalar

view-icon 2762
Söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlaryndaky özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynyň ösldürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanyň köpugurly ykdysady mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyny, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.

Türkmenistanyň esasy işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolan Hytaýyň “CNPC” milli nebitgaz korporasiýasy türkmen bazaryna gelen daşary yurt kompaniýalarynyň ilkinjileriniň biridir. “CNPC” 2007-nji ýyldan bäri “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägiň düzümine girýän ýataklary gözlemek, abatlamak we işläp taýýarlamak işlerini alyp barýar. Ol Türkmenistan-Hytaý halkara gaz geçirijisiniň serişde binýady bolup hyzmat edýär.

Amyderýanyň sag kenaryndan gözbaş alýan iri Ýewraziýa energetika magistralynyň 2009-njy ýylyň dekabrynda işe girizilendigini bellemeli. Döwletara şertnamasyna laýyklykda, gaz geçirijiniň üsti bilen ýakyn wagtda HHR-e her ýylda türkmen tebigy gazynyň 65 milliard kub metri ugradylar.

“CNPC” we “Petroçaýna” kompaniýalarynyň bilelikde durmuşa geçirýän iri maýa goýum taslamalarynyň hatarynda ägirt uly “Galkynyş” gaz känini abadanlaşdyrmak işleri hem bar. Mälim bolşy ýaly, bu kän 26,2 trillion kub metr gaza barabar bolan serişde gorlary boýunça dünýäde gury ýerdäki iň irileriniň biri bolup durýar. 2013-nji ýylyň sentýabrynda “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan ulanmaga bermek dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinin gatnaşdylar.

Harytlyk gazy taýýarlamak boýunça bu ýerde gurlan zawodlar toplumynyň kuwwaty her ýylda 30 milliard kub metre barabardyr. Häzirki döwürde “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “CNPC” kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, “Galkynyş” gaz käniniň her ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gaz möçberindäki önümçilik boýunça ikinji desgalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiň döwletleri bilen hyzmatdaşlyk işjeňleşdi. 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sinzo Abeniň Aşgabada bolan resmi saparynyň çäklerinde bu ýurduň işewür we maliýe toparlarynyň wekilleri bilen ylalaşyklaryň, şertnamalaryň we beýleki ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi, olarda ABŞ-nyň 18 milliard dollaryndan gowrak umumy bahasy bolan bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Olaryň hatarynda etilenden pes basyşly polietilen önümçiligi boýunça gazy gaýtadan işleýän toplumyň gurluşygynyň; GTL ýapon tehnologiýasynyň esasynda tebigy gazdan suwuk ýangyjyň önümçiligi boýunça zawodyň; gazy polimere öwürmek boýunça gaýtadan işlenilýän zawodyň; “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmegiň çäklerinde desgalaryň gurluşygynyň taslamalary bar.

Mundan başga-da, “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de “LG Intenasional Corp”, “Hyundai Engineering Co, Ltd” (Koreýa Respublikasy) we “Itoçu Corporation” (Ýaponiýa) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň arasynda Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly sintetiki suwuk ýangyjyň önümçiligi boýunça zawody gurmak hakynda şertnama, Daşoguz welaýatynda kreking etanly polietileniň we polipropileniň önümçiligi boýunça zawody doly gurup tabşyrmak barada Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.

Gazy gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly taslamalaryň ýene birnäçesini himiýa senagatynda we elektroenergetika pudagynda durmuşa geçirmek, şol sanda Türkmenabadyň himiýa zawodynda garyşyk fosfor dökünleriň önümçiligi boýunça toplumyň gurluşygy we Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda kuwwaty 432 MWt (ISO) deň bolan gaztrubina elektrik stansiýasyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Şular bilen birlikde, Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş döwlet bankynyň hem-de “Sumitomo Mitsui Banking Corporation” (SMBS) bankynyň arasynda Hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Iki ýurduň bank işgärleri Ýaponiýanyň işewürler toparlarynyň maliýe we karz serişdelerini türkmen bazaryna çekmegi maksadalaýyk hasaplaýarlar. Bu serişdeler türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen geljegi uly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin berilýän uzakmöhletleýin ýeňillikli karzlardan ybarat bolar.

Türkmenistan tebigy gazy has giňişleýin we toplumlaýyn gaýtadan işlemegi, onuň gaýtadan işlenen önümleriniň eksport ulgamyndaky paýynyň artmagyny ugur edinip, tebigy gaz we çig nebit ýaly ilkinji energiýa serişdeler bazarynda däl, eýsem, gazhimiýa önümleriniň has girdejili bazarlarynda öz ornuny pugtalandyrýar. Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy hut şu wezipäniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Bu döwrebap toplumyň gurluşygyny “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” we Türkiýäniň “Rönesans Endüstri Tezisleri Inşaat SanaiveTicaret A.Ş.” kompaniýalary bilen bilelikde alyp barýar.

Bu toplum her ýylda 1 milliard 785 million kub metr “mawy ýangyjy” gaýtadan işlemäge we Euro-5 standarty boýunça ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 benziniň 600 müň tonnasyny öndürmäge ukyplydyr. Şeýle hem bu ýerde her ýylda 12 müň tonna dizel ýangyjyny we 115 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürmek göz öňünde tutulýar. Maýa goýum taslamasynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna barabardyr.

Hazaryň kenarynda ýerleşýän Gyýanly şäherçesinde gazhimiýa toplumynyň gurlugşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Ol ýerde 5 milliard kub metr tebigy gaz gaýtadan işleniler we 386 müň tonna polietilen, 81 müň tonna polipropilen öndüriler. Bu taslama Ýaponiýanyň “TOYO Engineering” kompaniýalar konsorsiumy we Koreýa Respublikasynyň “LG International Corparation” we “Hyundai Engineering Corp. Ltd” kompaniýalary bilelikde amala aşyrýarlar.

Granulirlenen polipropilen dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýdalanýar. Ol polimer plýonkalaryny, emeli süýümi, ýokary berkligi bolan termoplastlary we ähli mümkin bolan polimer önümlerini-turbalary, sapaklary, berk ýüpleri, awtomobiller üçin filtrleri, şeýle hem dürli geýimleri, mebelleri, gaplaýyş serişdelerini, azyk önümleri üçin niýetlenen gaplary taýýarlamakda ulanylýar. Polietileniň hem ägirt uly eksport mümkinçilikleriniň bardygyny bellemeli. Onuň esasynda köpçülikleýin islegden peýdalanýan dürli turbalary we beýleki harytlary öndürip bolýar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda azyk we beýleki harytlar üçin gaplary taýýarlamakda giňden ulanylýan polipropilen plýonkalaryň önümçiligi boýunça kärhananyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Onuň ýyllyk kuwwaty 20 müň tonnadan gowrak bolar.

Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyna möhüm orun degişlidir. Ýokarda görkezilenler, şeýle hem indiki getiriljek mysallar munuň aýdyň güwänamasy bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşygyň çäklerinde ýurdumyzda birnäçe belli daşary ýurt kompaniýalary işleýär. Olar bilen bilelikde iri maýa goýum taslamalary, şol sanda geologiýajgözleg işlerini ýerine ýetirmek, Hazar deňziniň türkmen böleginde we gury ýerde uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny işläp taýýarlamak ýaly taslamalar durmuşa geçirilýär.

Hazaryň türkmen böleginiň umumy gorlary bilermenleriň çaklamalaryna görä 18,2 milliard tonna şertli ýangyja barabardyr. Bu ýerde köp ýyllaryň dowamynda bIrleşen Arap Emirlikleriniň “Dragon oil” kompaniýasy işleýär. Ol “Çeleken” şertnamalaýyn çägiň düzümine girýän ýataklary özleşdirýär. Kompaniýa Hazar şäheriniň ýakynynda ýerleşýän Jeýtun we Jygalybeg känleriniň nebitgaz düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna ägirt uly maýa goýum serişdelerini gönükdirdi. Malaýziýanyň “Petronas Charigali” kompaniýasy “Toplum-1” şertnamalaýyn çäge girýän Hazar känleriniň işlenip taýýarlanylmagyny alyp barýar.

Şeýle hem nebitgaz toplumynda Italiýanyň “ENI S.P.A.”, Awstriýanyň “Mitrolnternational Limited”, Germaniýanyň “RWE” ýaly we beýleki daşary ýurt kompaniýalary bilen özara gatnaşyklar boýunça ägirt uly tejribe toplanyldy.

2018-nji ýylda Balkan welaýatynda kuwwaty ýylda 1 million 155 müň tonna önüme barabar bolan karbamid öndürmek boýunça zawodyň gurlyşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Garabogaz şäherinde gurulýan bu iri desga “Mitsubishi Corporation” Ýaponiýa we “Gapinşaat ÝatirimveDişTicaret A.Ş.” (Türkiýe) kompaniýalary tarapyndan gurulýar.

Agyr senagatdan başga-da, daşary ýurt maýa goýumlary üçin dokma pudagy, oba hojalygy, elektron senagaty, ýerli çig mal esasynda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi pudagy, syýahatçylyk ulgamynda we beýlekilerde giň mümkinçilikler bar. Ulag we aragatnaşyk ulgamynyň, raýat awiasiýasynyň, demir ýol we deňiz ulaglarynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, ýokary tizlikli awtoulag ýollarynyň gurluşygynda, milli emeli hemrany peýdalanmak boýunça taslamalar hem daşary ýurtly işewürlerde uly gyzyklanma döredýär. Daşary ýurt maýa goýmlaryny çekmekde hususy eýeçilige geçmek, hususy telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw bermek, daşary ýurt firmalary bilen bilelikde kärhanalary döretmek boýunça yzygiderli durmuşa geçirlýän ugur hem möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanda maýa goýum maksatnamalaryny we taslamalaryny maliýeleşdirmäge halkara maliýe institutlary, şol sanda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky işjeň gatnaşýar.

Muňa ýene bir mysal hökmünde geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň hökümetiniň Yslam ösüş banky bilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän böleginiň gurluşygy üçin ABŞ-nyň 700 million dollary möçberinde karz serişde bölüp bermek barada Ylalaşygy görkezmek bolar.

Umuman, bularyň hemmesi iri daşary ýurtly işewürler tarapyndan Türkmenistan bilen maýa goýum we tehnologiýa hyzmatdaşlygyna uly gyzyklanma hem-de isleg bildirilýändigini aýdyň subut edýär. Bu bolsa biziň ýurdumyza ynamly, durnukly we jogapkärçilikli, ýokary halkara abraýy hem-de uly ykdysady ösüş mümkinçilikleri bolan hyzmatdaş hökmünde ynam bildirilýändiginden habar berýär.