Ï Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady

view-icon 1157
Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady.

Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna iberilen hatda bellenilişi ýaly, diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy köpasyrlyk medeni aragatnaşyklara esaslanan hindi-türkmen dostlugynda täze sahypany açdy. Geçen çärýek asyryň içinde biziň halklarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklar sebitde parahatçylyk we rowaçlyk ugrundaky işlere goşant goşup giňeldildi hem-de çuňlaşdyryldy.