Ï Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna pul we gymmat bahaly sowgatlar gowşurlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna pul we gymmat bahaly sowgatlar gowşurlar

view-icon 935
1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 72 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna pul we gymmat bahaly sowgatlar gowşurlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky degişli Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi.