Paýtagtymyzda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky maslahaty öz işine başlady. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, esasy hünärmenleri gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň Daşary işler, Ykdysadyýet we ösüş ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän duşuşygyň gün tertibine Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Bu resminamany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen maslahatda öňe süren başlangyçlaryna laýyklykda türkmen tarapy işläp taýýarlady.
Maslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, şu geçen döwürde Hazar sebitiniň ýurtlarynyň Liderleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Bäştaraplaýyn görnüşde gol çekilmegi meýilleşdirilen birnäçe täze kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny ylalaşmak çäreleri has-da işjeňleşdirildi. Olaryň hatarynda Hazarýaka döwletleriniň arasynda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklere laýyklykda, özara peýdaly ykdysady gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn berkidilmegine we giňeldilmegine gönükdirilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyk bar.
Häzirki döwürde Hazarýaka döwletleriniň özara söwda dolanyşygynyň möçberleri ýokary görkezijilere eýe boldy. Ýöne bar bolan kuwwaty nazara alanyňda, ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Umuman, munuň özi Hazar sebitiniň maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanmagyny, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna doly derejede goşulyşmagyny şertlendirer.
Hazarýaka döwletleri bilen dostluk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Ýurdumyz bu ugurda milli we umumy bähbitleri nazarda tutup, açyklyk we hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan syýasaty durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar sebitinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň degişli kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmek bilen baglanyşykly işjeň başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň barşynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitine taýýarlygyň çäklerinde bu baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Astanada geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Nursultan Nazarbaýewiň gol çeken Bilelikdäki Beýannamasynda Hazar meselesiniň möhüm wezipeleriniň çözgüdine bolan ikitaraplaýyn çemeleşmeleriň ýakyndygy bellenildi, şeýle hem Hazar deňzinde onuň ýakasynda ýerleşýän döwletleriň işini kadalaşdyrýan binýatlyk halkara şertnama bolup durýan Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýany tassyklamagyň zerurdygy aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň IV sammitiniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigi bellenildi.
Bilermenleriň bu gezekki duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň ýurtlarynyň wekilçilikli we işewür toparlarynyň agzalary üçin netijeli gepleşikler meýdançasyna öwrüljek hemişelik hereket edýän Hazaryň ykdysady forumyny döretmek hakyndaky başlangyjyny goldamak meselelerine aýratyn ähmiýet berler. Munuň özi dünýä işewürligi, abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny üpjün eder.
Ertir Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň maslahaty öz işini dowam eder.