Ï Şeýh Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şeýh Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlady

view-icon 1263
Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Gutlagda bellenilişi ýaly, bu, hakykatdan-da, doganlyk türkmen halkynyň öz şöhratly ata-babalarynyň gadymy ýörelgelerine ygrarlylygyny alamatlandyrýan ajaýyp baýramdyr.

Şeýle hem arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmek we gorap saklamak boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalarynyň ähmiýeti bellenilýär, muňa “Türkmen atlary” döwlet birleşigi tarapyndan Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralýan at çapyşyklary hem şaýatlyk edýär.