Ï Frank –Walter Ştaýnmaýer: biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary ederin
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Frank –Walter Ştaýnmaýer: biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary ederin

view-icon 868
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti wezipesine saýlanylmagym mynasybetli Siziň iberen hem-de meni ruhlandyran gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary etmegi göz öňünde tutýaryn, çünki muny möhüm hasaplaýaryn.

Diňe häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine bilelikde garşy durmak bilen, Germaniýa we Türkmenistan halkara guramalarynda ähli adamlaryň parahatçylygyny hem-de azatlygyny üpjün etmäge, olaryň mynasyp durmuşy üçin şertleri döretmäge bilelikde goşant goşup bilerler.