Ï Türkmenistanyň Merkezi banky we GFR-iň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasy Ähtnama gol çekdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Merkezi banky we GFR-iň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasy Ähtnama gol çekdiler

view-icon 1565
Berlinde Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi. Resminama maliýe ulgamyny berkitmek hem-de bank ulgamynyň hünärmenlerini okatmak babatda deňhukukly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Şeýle hem gazna Halkara süýşürintgiler gününi geçirmekde hyzmatdaşdyr. Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymlary we diňleýjileri hem-de ýurdumyzyň banklarynyň müşderileri bilelikdäki çäreleriň müşderileri bolup durýar.

Bu düzüm bilen hyzmatdaşlyk 2012-nji ýylda gaznanyň wekiliýetiniň ilkinji iş saparyndan başlady. Türkmenistanda bank hünärmeni hünäri boýunça okuw taslamasy TMB-niň we Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasynyň üstünlikli gatnaşyklarynyň mysallarynyň biri bolup durýar. 2013-2017-nji ýyllarda şol taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleriniň 400-den gowragy hünärini ýokarlandyrdy.

1992-nji ýylda döredilen gününden başlap, bu gazna dürli ýurtlarda maliýe edaralaryny hem-de kiçi we orta kärhanalary goldaýar. Häzirki wagtda Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasy tarapyndan dünýäniň 40-dan gowrak ýurdunda ösüş taslamalary amala aşyrylýar.