Ï Zenanlaryň parahatçylyk döredijik işi BMG-nyň howandarlgynda geçirilen sebit duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zenanlaryň parahatçylyk döredijik işi BMG-nyň howandarlgynda geçirilen sebit duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 815
Türkmenistanyň wekilýeti „Merkezi Aziýada gapma-garşylyklaryň öňüni almakda zenanlaryň we ýşalaryň ähmiýeti“ atly sebit okuwyna gatnaşdy. 19-20-nji iýunda Almatyda geçirilen duşuşykda parlamantariler we Zenanlar birleşiginiň agzalary ýurdumyza wekilçilik etdiler.

Okuw Merkezi Aziýada parahaçylyk döredijilik işinde zenanlaryň we ýaşlaryň eýeleýän ornuny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Öňüni alyş diplomatiýasynyň meseleleri, şeýle hem döwlet edaralary we jemgyýetçilik bilen özara hereketiň görnüşleri oňa gatnaşanlaryň üns merkezinde boldy.

Ara alyp maslahatlaşma BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň BMG-nyň Ilat gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky Sebit edarasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlygy Guramasynyň wekilleri, şeýle hem milli parlamentleriň deputatlary, ylmy-barlag merkezleriniň hünärmenleri, Azerbaýjandan, Owganystandan, Eýrandan,Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Russiýadan garaşsyz bilermener gatnaşdylar.

Onuň köpugurlylygy Merkezi Aziýadaky kynçylykly ýagdaýlaryň öňüni almak bien baglanşykly miili başlangyçlaryň halkara we sebit guramalary tarapyndan goldanylmagynyň dürli gurallaryna, duşuşygyň meseleleriniň jähtinden tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň wekilýeti zenanlaryň ýurdumyzda eýeleýän orny, olaryň jemgyýetçiik durmuşyny sazlaşdyrmaga, ösüp gelýän ýaş nesli parahatçylyk söýüjilik we hoşmeýilli goňşuçylyk ruhunda terbiýelemäge, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Döwlet-adam üçindir!“ diýen syýasatyny durmuşa geçirmäge gatnaşyşy barada giňişleýin habar berdi.

Häzirki zaman türkmen jemgyýetinde zenanlaryň eýeleýän ornunyň işjeňleşdirilmeginiň demokratik ösüşiň sazlaşykly ösüşiniň netijesidigi bellenildi. Bu gün zenanlar ykdysadyýetiň, syýasatyň we medeniýetiň ähli ugurlarynda zähmet çekýärler. Işjeň raýatlyk orny we maksada okgunlylygy olara maşgala barada aladany, hünäri boýunça işini we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşygyny sazlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanda zenanlar goldanylyp „Zenanlaryň we erkekleriň deň hukuklaryny we deň mümkinçiliklerini üpjün etmegiň döwlet kepillikleri hakynda“ Kanun, 2015-2020-nji ýyllara gender deňligini gazanmak boýunça hereketleriň Milli meýilnamasy kabul edildi. Mundan başga-da, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ählisinde zenanlary goldamagyň köp ugurlary beýan edilendir.

Türkmen wekilýetiniň agzalarynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň BMG-nyň 2016-2018-nji ýyllara gender deňligi we zenanlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň meseleleri boýunça gurluşynyň Ýerine Ýetiriji geňeşine, şeýle hem 2018-2022-nji ýyllara zenanlaryň derejesi boýunça Iş toparyna saýlanylmagy ýurdumyzyň gender deňligine we bu ugurda BMG bilen jebis özara herekete ygrarlydygynyň subutnamasydyr.

Jemgyýetçilik birleşiginiň yýasy çözgütleri kabul etmek işinde zenanlaryň ähmiýetini işjeňleşdirmek boýunça maksada okgunly iş alyp barýanlygy nygtaldy. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň uly ähmiýetli işiniň ugurlarynyň biri-de halkara hyzmatdaşlygydyr.

Duşuşyga gatnaşanlar zenanlaryň paraharçylyk döredijilik işiniň öňüni alyş diplomatiýasynyň wajyp guralydygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda zenanlaryň tagallalaryny birleşdirip, öz mümkinçiliklerini sebitde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirjekdigine ynam bildirildi.