Ï Hormatly Prezidentimiz Hindistanyň saýlanan Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Hindistanyň saýlanan Prezidentini gutlady

view-icon 1254
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ram Nath Kowindi onuň Hindistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady.

Döwlet Baştutanymyz öz gutlagynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berip, geljekde hem iki halkyň bähbidine gatnaşyklaryň ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Hindistan Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk we bagt, dostlukly hindi halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.