Ï Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

view-icon 6974
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çärelriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanda 2017-2021-nji ýyllara ylmy barlaglaryň we innowasion tehnologiýalryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň Mejlisi, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde taýýarlanylan bu resminama şu ugurda amala aşyrylýan işleri, täze bilimleri özleşdirmegi we olary ylmy dolanşyga girizmegi höweslendirmäge hem-de işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Döwletiň hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösüşiniň esaslaryny, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyny öwrenmek we ylmy taýdan seljermek, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlaryň dürli ugurlary, milli taryhyň wajyp meseleleri boýunça ylmy barlaglary geçirmek, ýokary derejeli hünärmenleri, şeýle hem tematiki monografiýalary, usulýet n we okuw gollanmalaryny hem-de beýlekileri taýýarlamak- Maksatnamanyň wezipesidir.