Ï Döwlet Baştutanymyz Hindistanda bolup geçen giň gerimli suw joşguny zerarly gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyz Hindistanda bolup geçen giň gerimli suw joşguny zerarly gynanç bildirdi

view-icon 983
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindä we Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren giň gerimli suw joşguny zerarly gynanç hatlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.