Ï Döwlet gullugy akademiýasynda BMG-nyň ÖM-y bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet gullugy akademiýasynda BMG-nyň ÖM-y bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 840
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda BMG-nyň Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa bilen duşuşyk boldy, onuň dowamynda döwlet dolandyryşy ulgamynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, döwlet gullukçylaryny taýýarlamaga we okuw maksatnamasyna innowasion usulýetleri işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen BMG- nyň Ösüş maksatnamasy bilen bileikdäki taslamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky ýyllarda BMG-nyň agentlikleriniň türkmen parlamentarileri, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ýerli häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriň, ylym edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen döwlet dolandyryşy ulgamyny kämilleşdirmäge halkara tejribesini ornaşdyrmak boýunça köpugurly hyzmatdaşlygyň çäkleri has-da giňeldildi.

Bu hyzmatdaşlyk döwlet gullugynyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen maglumat-bilim we maslahat häsiýetli bilelikdäki çärelriň tapgyryny geçirmegi göz öňünde tutýar.

Duşuşygyň barşynda bilelikdäki çäreleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Akademiýanyň diňleýjileri üçin halkara we milli derejede döwlet gullugynyň hukuk hem-de guramaçylyk esaslary; halkara kanunçylygy; korrupsiýa garşy hereketiň halkara gurallary mowzuklary boýunça umumy sapaklar tapgyry gurnalar.

Şeýle hem Akademiýanyň mugallymlarynyň we diňleýjileriniň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralaryň birnäçesiniň wekilleiniň döwlet gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak we korrupsiýa garşy hereketiň ykdysady gurallaryny öwrenmek maksady bilen Astana tanyşdyryş saparyny guramak göz öňünde tutulýar.

Ýyllyk iş meýilnamasynyň çäklerinde interaktiw usulda halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda elektron resminama dolanşygy, strategik dolandyryş we meýileşdiriş, şeýle hem ilatyň durmuş hyzmatlaryna islegine baha bermek boýunça „tegelek stollary“ we seminar sapaklaryny geçirmek bellenildi.