Durnukly ösüşiň 2030-njy ýyla çenli gün tertibini durmuşa ornaşdyrmagy üpjün etmek hem-de degişli ylmy-usulyýet işlerini geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi açyldy, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurluşy tassyklanyldy.
* * *
Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylаlaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.