Ï Döwlet Baştutanymyz Krasnodar ülkesinde bolup geçen ýol-ulag hatysasy zerarly gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyz Krasnodar ülkesinde bolup geçen ýol-ulag hatysasy zerarly gynanç bildirdi

view-icon 931
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Krasnodar ülkesinde awtobusyň ýol-ulag heläkçiligine uçramagy netijesinde köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmeleri zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.