Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda

view-icon 14477
Şu Kanun sportda dopinge garşy göreşmek babatda işiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny belleýär hem-de Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler


1. Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) sportda doping — türgenleriň, şeýle hem sportuň görnüşleri boýunça haýwanlaryň gatnaşmagynda geçirilýän sport ýaryşlarynda haýwanlaryň bedenine doping serişdeleriniň dürli görnüşleriniň goýberilmegi arkaly ýa-da türgenler tarapyndan dürli görnüşdäki doping serişdeleriniň ýa-da doping usullarynyň ulanylmagy bilen dopinge garşy kadalaryň bozulmagy;

2) doping serişdesi — adamyň fiziki mümkinçiliklerini emeli usulda ýokarlandyrmak üçin niýetlenen substansiýa (farmakologik işjeňlige eýe bolan madda, dermanlyk serişdesi), onuň türgenler tarapyndan ulanylmagy sport ýaryşlarynyň netijeleriniň ýokarlanmagyna getirýär;

3) doping usuly — sport ýaryşlaryna taýýarlyk görlende ulanylýan usul, ol türgeniň fiziki mümkinçiliklerini emeli usulda ýokarlandyrýar we sport ýaryşlarynyň netijeleriniň ýokarlanmagyna getirýär;

4) dopinge garşy gurama — doping gözegçiliginde islendik bir zadyň işlenip taýýarlanylmagyna we amala aşyrylmagyna ýa-da berjaý edilmeginiň üpjün edilmegine degişli kadalaryň bellenilmegi üçin jogapkär we (ýa-da) doping serişdeleriniň we doping usullarynyň türgenler tarapyndan peýdalanylmagynyň gadagan edilmegine doping gözegçiligi amala aşyrýan, şeýle hem türgeniň sportda ulanylmagy gadagan edilen doping serişdelerine geçirilen testirlemesiniň oňyn netijelerini ýüze çykarýan ýuridik şahs;

5) türgen — sportuň saýlap alan görnüşi (görnüşleri) bilen yzygiderli meşgullanýan hem-de halkara we milli derejesindäki sport ýaryşlarynda çykyş edýän fiziki şahs;

6) türgeniň kömekçi personaly — türgenler bilen işleýän ýa-da sport ýaryşyna gatnaşýan ýa-da gatnaşmaga taýýarlyk görýän türgenleri bejermek bilen meşgullanýan islendik tälimçi, gözükdiriji, menejer, agent, toparyň düzüminiň agzasy, wezipeli adam, lukmançylyk ýa-da paralukmançylyk personaly;

7) sport ýaryşy — ýaryşyň guramaçysy tarapyndan tassyklanylan düzgünnama (dessur) boýunça bäsleşigiň iň gowy gatnaşyjysyny (ýeňijisini) ýüze çykarmak maksady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleriň ýa-da türgenleriň toparlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşik;

8) sport guramasy — sportuň bir ýa-da birnäçe görnüşleri boýunça sport ýaryşyny geçirmegiň kadalaryny belleýän edara hökmünde çykyş edýän bedenterbiýe we sport guramasy;

9) doping gözegçiligi — testleri geçirmegiň meýilleşdirilmegini, nusgalyklary almagy we olar bilen iş salyşmagy, nusgalyklaryň barlaghana seljermesini, testden soňky amallary, şeýle hem degişli diňleýişleri geçirmegi we şikaýatlara seretmegi öz içine alýan iş;

10) testirlemek üçin Halkara standarty, barlaghana üçin Halkara standarty, terapewtik ulanmak üçin Halkara standarty — Bütindünýä dopinge garşy kodeksiň ýörelgeleriniň amala aşyrylmagyny goldamak üçin Bütindünýä dopinge garşy agentligi tarapyndan kabul edilen standartlar;

11) ýaryşa degişli testirleme — eger sportuň görnüşi boýunça halkara federasiýasynyň kadalarynda ýa-da degişli dopinge garşy guramasy tarapyndan başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, türgeniň anyk sport ýaryşyna gatnaşmagy bilen baglanyşykda ol testirlemek üçin saýlanyp alnan mahaly testiň geçirilmegi. Ýaryş geçirilýän döwür diýlip, sport ýaryşynyň başlanmagyna çenli on iki sagat galan döwre düşünilýär, şu döwürde türgeniň ýaryşa gatnaşmagy mälim edilip, ol bu sport ýaryşynyň ahyryna çenli gatnaşmagyny dowam edýär, eger-de sportuň görnüşi boýunça halkara federasiýasynyň kadalarynda ýa-da degişli sport guramasy tarapyndan başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, bu döwürde bu sport ýaryşy bilen baglanyşykly nusgalyklary almak işi amala aşyrylýar;

12) ýaryşdan daşary testirleme — sport ýaryşlaryndan daşary geçirilýän islendik doping gözegçiligi;

13) Gadagan edilen sanaw — sportda ulanylmagy gadagan edilen doping serişdelerini we doping usullaryny kesgitleýän we beýan edýän Bütindünýä dopinge garşy agentliginiň sanawy;

14) testirlemegiň bellige alynýan bileleşigi — sportuň görnüşleri boýunça halkara federasiýalary tarapyndan halkara derejesinde we milli dopinge garşy guramalar tarapyndan milli derejede aýratynlykda düzülýän türgenleriň sanawy. Bu sanaw halkara we milli derejesindäki türgenlerden ybarat bolup, olar ýaryşa degişli we ýaryşdan daşary testirlemä degişlidirler, testirleme sportuň görnüşi boýunça şol halkara federasiýasynyň ýa-da milli dopinge garşy guramanyň nusgalary toplamak meýilnamasynyň bir bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglanyşykda, türgenler özleriniň bolýan ýerleri barada maglumat bermelidirler;

15) nusgalyk (proba) — doping gözegçiligini geçirmek maksady bilen alnan islendik biologik material;

16) testirleme — testleri geçirmegi, nusgalygy almagy, nusgalyklar bilen iş salyşmagy we olary barlaghana ibermegi meýilleşdirmegi öz içine alýan doping gözegçilik işi;

17) sport kwalifikasiýasyndan mahrum etme — dopinge garşy kadalary bozandygy üçin türgenleriň, tälimçileriň, sport boýunça eminleriň, sport ýaryşlaryna gatnaşýan gaýry hünärmenleriň belli bir döwür üçin islendik sport ýaryşlaryna gatnaşmakdan ýa-da başga işden çetleşdirilmegi, ýa-da şu Kanunda we Bütindünýä dopinge garşy kodeksde göz öňünde tutulan maliýe serişdesini bermekden boýun gaçyrylmagy;

18) doping gözegçiliginiň ygtyýarly toparlary — halkara ýa-da milli dopinge garşy guramalarynyň ýolbaşçylygy astynda hereket edýän doping gözegçilik toparlary;

19) Bütindünýä dopinge garşy agentlik — şu at bilen 1999-njy ýylyň 10-njy noýabrynda şweýsar kanunçylygyna laýyklykda döredilen gaznany aňladýar;

20) Bütindünýä dopinge garşy kodeks — 2003-nji ýylyň 5-nji martynda Kopengagende Bütindünýä dopinge garşy agentlik tarapyndan kabul edilip, soňra üýtgetmeler girizilen kodeksi aňladýar. Bu Kanunda Bütindünýä dopinge garşy kodeksiň 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren redaksiýasy ulanylýar;

21) ÝUNESKO-nyň sportda dopinge garşy göreşmek hakynda Halkara konwensiýasy — Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Baş konferensiýasy tarapyndan 2005-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Pariž şäherinde kabul edilen konwensiýany aňladýar.

2. Şu Kanunyň maksatlary üçin Bütindünýä dopinge garşy kodeksinde we ÝUNESKO-nyň sportda dopinge garşy göreşmek hakynda Halkara konwensiýasynda göz öňünde tutulan beýleki düşünjeler hem ulanylyp bilner.

2-nji madda. Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, sportda dopinge garşy göreş babatda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagynyň ykrar edilmegine esaslanýar we şu Kanundan hem-de sportda dopinge garşy göreş babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

3-nji madda. Sportda dopinge garşy göreşmek babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary

Sportda dopinge garşy göreşmek babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary şulardyr:

1) sportda dopingiň ulanylmagynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy;

2) halkara hukugynyň ýörelgelerine we kadalaryna laýyklykda sportda dopinge garşy göreşmek babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi;

3) bedenterbiýe we sport guramalary tarapyndan sportda dopinge garşy göreşde Bütindünýä dopinge garşy kodekse laýyk gelýän özüňi alyp barmagyň kadalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna we amala aşyrylmagyna ýardam edilmegi;

4) sport hem-de bedenterbiýe we sport babatda işi amala aşyrýan beýleki guramalar tarapyndan dopinge garşy barlaglaryň geçirilmegine ýardam edilmegi;

5) degişli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň ylmy guramalary tarapyndan amala aşyrylýan sportda dopinge garşy göreşmek babatda ylmy barlaglary geçirmekde we ylmy-barlag binýadyny kemala getirmekde ýardam edilmegi;

6) sportda dopinge garşy göreşmek meseleleri boýunça bilim maksatnamalarynyň goldanylmagy;

7) sportda ulanylmagy gadagan edilen doping serişdeleriniň we doping usullarynyň türgenler tarapyndan ulanylmagyny çäklendirmek maksady bilen, olaryň elýeterliligini çäklendirmek boýunça çäreleriň görülmegi (şunuň ýaly ulanylma terapewtik maksatlar üçin rugsat berilmegine esaslanan bolsa, muňa degişli däldir). Olaryň hataryna türgenleriň arasynda sportda ulanylmagy gadagan edilen doping serişdeleriniň we doping usullarynyň ýaýradylmagyna garşy göreş çäreleri we degişlilikde olaryň öndürilmegine, geçirilmegine, getirilmegine, ýaýradylmagyna we satuwyna gözegçilik etmek boýunça çäreleriň görülmegi girýär;

8) sportda ulanylmagy gadagan edilen doping serişdeleriniň we doping usullarynyň türgenler tarapyndan ulanylmagynyň, olara eýe bolunmagynyň öňüni almak we çäklendirmek boýunça çäreleriň görülmegi, haçan-da olaryň terapewtik maksatlar üçin ulanylmagyna rugsat berilmeginiň esasynda peýdalanylýan halatlary muňa degişli däldir;

9) sport guramalary we dopinge garşy göreşýän guramalar tarapyndan dopinge garşy kadany bozýan ýa-da sportda doping bilen baglanyşykly başga düzgün bozulmany amala aşyran türgeniň kömekçi personaly babatda çäreleriň görülmegine, şol sanda sanksiýalaryň ulanylmagyna ýa-da jerime salynmagyna ýardam edilmegi;

10) azyk goşundylaryny öndürijiler we ýaýradyjylar tarapyndan azyk goşundylaryny ýerlemek we ýaýratmak babatda, olaryň himiki düzümi we hiliniň kepillikleri hakyndaky maglumaty goşmak bilen öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagyna ýardam edilmegi;

11) Türkmenistanyň sport guramalaryna we dopinge garşy göreşýän guramalaryna, ýaryşdan daşary we ýaryşa degişli testirlemäni goşmak bilen, Bütindünýä dopinge garşy kodeksine laýyklykda doping gözegçiliginiň geçirilmegini maliýeleşdirmekde kömek üçin serişdeleriň bölünip berilmegi;

12) dopinge garşy kadany bozan aýry-aýry türgenleriň ýa-da olaryň kömekçi personalynyň sport işi bilen baglanyşykly işini maliýe taýdan goldamagy olaryň çetleşdirilmeginiň bütin döwri üçin togtatmak boýunça çäreleriň görülmegi;

13) Bütindünýä dopinge garşy kodeksini ýa-da şol Kodekse laýyklykda bellenilen hereket edýän dopinge garşy kadalary berjaý etmeýän islendik sport guramasynyň ýa-da dopinge garşy göreşýän guramanyň sport işi bilen baglanyşykly ýa-da başga işiniň maliýe taýdan goldanylmagyny bölekleýin ýa-da doly togtatmak boýunça çäreleriň görülmegi;

14) sport guramalary we dopinge garşy göreşýän guramalar tarapyndan olaryň gatnaşyjylaryna başga döwletleriň doping gözegçiliginiň ygtyýarly toparlary tarapyndan testirleme geçirmäge mümkinçilik berýän ylalaşyk baglaşylanda goldaw berilmegi;

15) ÝUNESKO-nyň sportda dopinge garşy göreşmek hakyndaky Halkara konwensiýasyna gatnaşyjy döwletler we sportda dopinge garşy göreşmek babatda öňdebaryjy halkara guramalary bilen halkara hyzmatdaşlygyna, hususan-da, Bütindünýä dopinge garşy agentlik bilen hyzmatdaşlyga ýardam berilmegi;

16) Bütindünýä dopinge garşy agentligine onuň sportda dopinge garşy halkara göreş babatda möhüm wezipesini ýerine ýetirmekde goldaw berilmegi;

17) Bütindünýä dopinge garşy agentligine we Bütindünýä dopinge garşy kodeksine laýyklykda hereket edýän halkara dopinge garşy guramalara Türkmenistanyň çäginde daşary ýurtly türgenlere ýaryşa degişli we ýaryşdan daşary testirlemäni geçirmekde ýardam edilmegi;

18) dopinge garşy dürli guramalar tarapyndan doping gözegçiligi boýunça geçirilýän çäreleriň halkara derejesinde utgaşdyrylmagyny üpjün etmekde Bütindünýä dopinge garşy agentligi bilen hyzmatdaşlyk edilmegi;

19) sportda dopinge garşy göreş babatda barlaglaryň netijeleriniň bilelikde peýdalanylmagyna gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň dürli görnüşleriniň höweslendirilmegi;

20) doping gözegçiligi boýunça çäreler geçirilende doping gözegçiliginiň ygtyýarly toparlarynyň Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üsti bilen öz wagtynda talabalaýyk hereket etmeklerini üpjün etmekde ýardam berilmegi;

21) alnan nusgalyklaryň howpsuzlygyny we abat saklanylmagyny üpjün eder ýaly olaryň öz wagtynda iberilmegine ýa-da Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçirilmegine ýardam edilmegi.

4-nji madda. Türkmenistanda sportda dopinge garşy göreşmek babatda subýektler

Türkmenistanda sportda dopinge garşy göreşmek babatda subýektlere şular degişlidir:

1) Türkmenistanyň dopinge garşy Milli agentligi;

2) bedenterbiýe we sport guramalary;

3) Türkmenistanda olimpiýa hereketiniň guramalary;

4) sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar;

5) sportda dopinge garşy göreşmek babatda işi amala aşyrýan bilim we saglygy goraýyş guramalary, ylmy guramalar;

6) türgenler, olaryň ýygyndylary (sport toparlary), sport eminleri, tälimçiler, şeýle-de bedenterbiýe we sport babatda beýleki hünärmenler;

7) bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy we sportda dopinge garşy göreş babatda işi amala aşyrýan beýleki ygtyýarly döwlet edaralary.

II BAP. TÜRKMENISTANYŇ DOPINGE GARŞY MILLI AGENTLIGI

5-nji madda. Türkmenistanyň dopinge garşy Milli agentligini döretmegiň maksady we hukuk ýagdaýy


1. Türkmenistanyň dopinge garşy Milli agentligi (mundan beýläk — TDGMA) Türkmenistanda sportda dopinge garşy göreşmek maksady bilen döredilýär.

2. TDGMA Bütindünýä dopinge garşy agentlik tarapyndan ykrar edilen jemgyýetçilik birleşigi bolup, öz işinde ÝUNESKO-nyň sportda dopinge garşy göreşmek hakyndaky Halkara konwensiýasyna, Bütindünýä dopinge garşy kodeksine we Bütindünýä dopinge garşy agentliginiň beýleki kararlaryna goldanýar, öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz Tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrýar.

3. TDGMA-nyň işi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanylýan onuň Tertipnamasy bilen düzgünleşdirilýär.

4. TDGMA garaşsyz agentlik bolup, maliýe taýdan özbaşdakdyr, onuň öz hususy býujeti bar we öz tertipnamalaýyn borçlaryny we wezipelerini ýerine ýetiren mahalynda hem-de öz tertipnamalaýyn ygtyýarlyklaryny amala aşyranda garaşsyz hereket edýär.

TDGMA-nyň düzümi we işiniň dolandyrylyş tertibi TDGMA-nyň Tertipnamasy bilen kesgitlenilýär.

5. TDGMA Bütindünýä dopinge garşy kodeksinde beýan edilen testirlemäni, okatmagy, ylmy barlaglary we işiň beýleki görnüşlerini öz içine alýan dopinge garşy milli maksatnamany amala aşyrmak üçin ygtyýarlyklar berilýär.

6. Döwlet TDGMA öz tertipnamalaýyn maksatlaryny durmuşa geçirmekde ähli çäreler arkaly ýardam edýär.

7. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar, Türkmenistanyň beýleki sport guramalary, türgenler, türgenleriň kömekçi personaly TDGMA-nyň aýratyn hukuk ygtyýarlyklaryny ygtyýar almazdan kabul edýärler we ykrar edýärler, TDGMA-nyň düzgünleri şol fiziki we ýuridik şahslaryň ählisi babatda ygtyýar almazdan ulanylýar hem-de olar barada hak isleýşi bildirmek güýjüne eýedir.

6-njy madda. TDGMA-nyň wezipeleri we borçlary

1. TDGMA-nyň wezipeleri şu aşakdakylardyr:

1) sportda dopingiň ulanylmak ýagdaýyny duýdurmak we dopinge garşy kadalary kabul etmek hem-de durmuşa geçirmek arkaly bu hadysa garşy umumydöwlet derejesinde göreşmek;

2) türgenleriň saglygyny goramak we sportda dogruçyl oýnamak ýörelgesini berjaý etmek maksady bilen arassa sporty höweslendirmek.

2. TDGMA öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen şu borçlary ýerine ýetirýär:

1) dopinge garşy milli maksatnamanyň taslamasyny işläp taýýarlaýar;

2) dopinge garşy halkara kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna üýtgetmeleri girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;

3) sportda dopingiň ulanylmagynyň öňüni almak maksady bilen, sportda dopinge garşy göreş meseleleri boýunça jemgyýetçiligiň, aýratyn-da, sport jemgyýetçiliginiň habarlylyk derejesini ýokarlandyrýar;

4) Bütindünýä dopinge garşy kodeksiň düzgünlerini durmuşa geçirýär we Türkmenistanyň sportda dopinge garşy göreş meselelerine gatnaşyjy bolup durýan degişli ähli halkara ylalaşyklarynyň we şertnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýär;

5) alnan nusgalyklaryň we beýleki zerur bolan nusgalaryň seljerişini geçirmek üçin Bütindünýä dopinge garşy agentlik tarapyndan akkreditirlenen barlaghanalary ulanýar;

6) Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryna dopinge garşy çärelere degişli bolan halkara standartlarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam edýär;

7) sportda dopingiň ulanylmagynyň halatlary boýunça barlaglary geçirýär;

8) türgenlere we türgenleriň kömekçi personalyna, şol sanda Bütindünýä dopinge garşy kodekse we Bütindünýä dopinge garşy agentlik tarapyndan işlenip taýýarlanylan gaýry standartlara laýyklykda nusgalyklary toplamaga we testirlemäge degişli amallar we wakalar barada maglumatlary berýär;

9) Bütindünýä dopinge garşy agentlik tarapyndan tassyklanylan kadalara laýyklykda türgenlerden nusgalyklary almagy amala aşyrýar we testleri geçirmek üçin nusgalyklaryň Bütindünýä dopinge garşy agentlik tarapyndan akkreditirlenen barlaghanalara howpsuz iberilmegini üpjün edýär;

10) Bütindünýä dopinge garşy agentligiň Gadagan edilen sanawyna laýyklykda sportda ulanylmagy gadagan edilen ähli doping serişdeleri we doping usullary hakynda maglumatlaryň binýadyny alyp barýar we täzeläp durýar;

11) Bütindünýä dopinge garşy agentligiň Gadagan edilen sanawyna laýyklykda sportda ulanylmagy gadagan edilen doping serişdeleriniň we doping usullaryň sanawyny her ýylda çap edýär;

12) Türkmenistanyň türgenleriniň arasynda dopingiň ulanylan halatlary hakynda Bütindünýä dopinge garşy agentligini habardar edýär;

13) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sportda dopinge garşy göreşmek babatda gaýry ygtyýarlyklary ýerine ýetirýär.

7-nji madda. TDGMA babatda sport guramalarynyň we türgenleriň borçlary

1. Sport guramalary şulara borçludyrlar:

1) TDGMA-nyň özbaşdaklygyny hormatlamaga we onuň işine gatyşmazlyga;

2) dopinge garşy kadalaryň bozulmalary bilen baglanyşykly islendik maglumaty özlerine hasabat berýän klublardan we beýleki sport düzümlerinden sorap almaga we TDGMA habar bermäge;

3) TDGMA bilen sportda dopingiň ulanylmagyna barlaglary geçirmekde, şol sanda doping gözegçiligini geçirmek üçin niýetlenilen otaglary döretmekde hyzmatdaşlyk etmäge;

4) TDGMA-nyň testirlemegiň bellige alnan bileleşigine girizilen türgenleriň ýerleşýän ýeri barada maglumatlary TDGMA bermekligi üpjün etmäge;

5) dopinge garşy kadalaryň bozulmalarynyň, şol sanda türgeniň kömekçi personalynyň ýa-da beýleki adamlaryň dopingiň ulanylmagynyň her bir halatyna goşulmagynyň derňelmegini hem goşmak bilen, ähli mümkin bolan bozulmalar babatda çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge, şeýle hem kämillik ýaşyna ýetmedik bilen baglanyşykly dopinge garşy bozulmalaryň ygtyýar almazdan derňelmegini amala aşyrmaga we bular babatda TDGMA habar bermäge;

6) TDGMA tarapyndan bellenilen dopinge garşy hereket edýän beýleki kadalary berjaý etmäge.

2. Sport guramalary tarapyndan dopinge garşy kadalar, şeýle hem Gadagan edilen sanawa girizilen doping serişdeleri we doping usullary barada bilimiň ýeterliksiz bolmagy olaryň jogapkärçilikden boşadylmagy üçin esas hasap edilmeýär.

3. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar türgen ýa-da türgeniň kömekçi personaly babatda sanksiýalar ulanylan halatynda şu Kanunyň düzgünlerini hem-de TDGMA-nyň kadalaryny berjaý etmelidirler.

Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar içerki we halkara sport senenamasy, onuň geçiriljek ýerini we wagtyny görkezmek bilen, öz toparlarynyň we türgenleriniň taýýarlygy baradaky meýilnamalar barada giňişleýin maglumaty, şeýle hem TDGMA-nyň testirlemegiň bellige alnan bileleşigine girizilen türgenleriň olaryň öý salgylary bilen bilelikde sanawyny bellenilen möhletlerde TDGMA bermäge borçludyrlar.

Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar tarapyndan görkezilen borçlaryň ýerine ýetirilmezligi düzgün bozulma bolup durýar, munuň üçin olar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler, şeýle hem olaryň Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýe taýdan goldawynyň ýatyrylmagyna getirýär.

4. Türgenler dopingi ulanmazlyga, TDGMA tarapyndan bellenilen kadalara laýyklykda hökmany doping gözegçiligini geçmegiň bellenilen tertibini berjaý etmäge borçludyrlar.

8-nji madda. TDGMA bilen döwletiň özara gatnaşyklary

1. Döwlet TDGMA-nyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini üpjün edýär.

2. TDGMA döwletiň borçnamalary boýunça jogap bermeýär we döwlet TDGMA-nyň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda olar tarapyndan öz üstüne şeýle borçnamalary alan halatlary muňa degişli däldir.

3. Döwlet TDGMA bilen özara gatnaşyklarynda bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy bolup durýar we «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda sportda dopinge garşy göreşmäge degişli böleginde ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

III BAP. DOPING GÖZEGÇILIGINI GEÇIRMEK. TÜRGENLERE LUKMANÇYLYK HYZMATYNY ETMEK

9-njy madda. TDGMA tarapyndan geçirilýän doping gözegçiligi


1. TDGMA tarapyndan doping gözegçiligi öz başlangyjy boýunça ýa-da haýyşnama boýunça aşakdakylar tarapyndan geçirilýär:

1) bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy;

2) Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti;

3) milli sport federasiýalary;

4) sport ýaryşlarynyň beýleki guramaçylary.

2. TDGMA beýleki döwletleriň dopinge garşy guramalarynyň, halkara dopinge garşy guramalaryň, şeýle hem halkara sport düzümleriniň haýyşnamasy boýunça ýaryşa degişli ýa-da ýaryşdan daşary testirlemegi amala aşyryp biler.

3. TDGMA tarapyndan ýaryşa degişli ýa-da ýaryşdan daşary testirlemek Bütindünýä dopinge garşy agentlik tarapyndan kabul edilen testirlemek boýunça Halkara standartyny berjaý etmek bilen geçirilýär.

4. TDGMA sportuň görnüşleri boýunça sport ýaryşlaryna gatnaşýan haýwanlar babatynda doping gözegçiligini amala aşyryp biler, haýwanlaryň gatnaşmagynda ol ýaryşlar sportuň şol görnüşine gatnaşýan haýwanlar babatynda dopinge garşy kadalara laýyklykda geçirilýär, dopinge garşy kadalar sportuň şol görnüşi haýsy halkara federasiýasynyň hukuk ygtyýarlygyna degişli bolsa, şol tarapyndan tassyklanylýar.

5. Doping gözegçiliginiň amaly TDGMA tarapyndan Bütindünýä dopinge garşy kodeksiň we testirlemek üçin Halkara standartynyň berjaý edilmegi bilen işlenip taýýarlanylan doping gözegçiligini guramagyň we geçirmegiň usulyýet kadalarynda resmileşdirilýär.

6. Doping gözegçiligi buýrujynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

10-njy madda. Doping gözegçiliginiň hökmanylygy we ony geçirmegiň şertleri

1. Şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda haýsydyr bir ýaryşa gatnaşýan türgen doping gözegçiligini geçmek hakyndaky talaba tabyn bolmaga borçludyr.

2. Milli rekord diňe türgene rekord goýlandan soň gös-göni amala aşyrylýan testirleme geçirilenden soň ykrar edilýär we bellige alynýar.

3. Ýaryşa degişli we ýaryşdan daşary testirleme islendik wagt, türgene öňünden habar berilmezden, golaýdaky doping gözegçiligi nokadynda, ýaryşlara taýýarlyk görülýän döwründe türgenleriň ýaşaýan ýerlerinde, türgenleşik geçirilýän ýerlerinde, türgenleriň öýünde geçirilip bilner. Türgen testirlemegiň amala aşyrylmagy hakyndaky talaba boýun bolmalydyr.

4. Doping gözegçiligi doping gözegçiligini guramagyň we geçirmegiň usulyýet kadalarynyň berjaý edilmegi bilen döredilen doping gözegçiligi diýlip atlandyrylýan enjamlaşdyrylan jaýlarda amala aşyrylýar.

5. Sport bazalarynyň ýolbaşçylary TDGMA tarapyndan bellenilen talaplara laýyklykda testirleme geçirmek üçin jaýlary abzallaşdyrmaga borçludyrlar.

6. Testirleme TDGMA tarapyndan guralan hünär taýýarlygy we hünäri ýokarlandyryş okuwlaryny geçen we Bütindünýä dopinge garşy agentliginiň degişli sertifikatlaryny alan adamlar tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

11-nji madda. Terapewtik taýdan ulanmaga rugsat

1. TDGMA milli derejesindäki türgenlere olaryň ýazmaça buýurmalary boýunça terapewtik taýdan ulanmak boýunça Halkara standartynda Bütindünýä dopinge garşy agentlik tarapyndan beýan edilen terapewtik taýdan ulanmaga degişli amaly peýdalanmagy üpjün edýär.

2. TDGMA özüniň testirlemek üçin bellige alynýan bileleşigine girizilen milli derejesindäki türgenlere terapewtik taýdan ulanmaga berlen rugsatlar hakynda Bütindünýä dopinge garşy agentligine habar berýär.

12-nji madda. Türgenlere lukmançylyk hyzmatyny etmegiň kadalary

Lukmanlar we lukmanlaryň kömekçi personaly türgenleri bejerenlerinde, aşakdaky kadalary berjaý etmelidirler:

1) düzüminde sportda ulanylmagy gadagan edilen doping serişdeleri bolan preparatlary maslahat bermeli däl, ýazyp bermeli däl, peýdalanmaly däl, haçan-da olar düzüminde şunuň ýaly doping serişdeleri bolmadyk preparatlar bilen çalşyrylyp bilinmedik aýratyn halatlary muňa degişli däldir;

2) Gadagan edilen sanawa girizilen doping usullaryny maslahat bermeli däl, ýazyp bermeli däl we ulanylmagyna ýardam etmeli däl;

3) doping serişdeleriniň we doping usullarynyň türgenler tarapyndan ulanylmagynyň öňüni almaly;

4) türgenleri we sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalary terapewtik maksatlar üçin ulanylan lukmançylyk preparatlary, olaryň düzümi we türgeniň bedenine ýetirýän täsiri hakynda habardar etmeli;

5) güman edilýän türgeni maksatlaýyn testirlemeden geçirmek üçin sportda ulanylmagy gadagan edilen doping serişdelerini we doping usullaryny ulanmakda güman edilmeginiň ähli halatlary hakynda sportuň görnüşleri boýunça degişli milli federasiýa we TDGMA habar bermeli.

IV BAP. DOPINGE GARŞY KADALARYŇ BOZULMALARYNYŇ HALATLARY. DOPINGE GARŞY KADALARY BOZANDYKLARY ÜÇIN TÜRGENLERE ULANYLÝAN SANKSIÝALAR

13-nji madda. Dopinge garşy kadalaryň bozulmagynyň halatlary


Dopinge garşy kadalaryň bozulmagynyň halatlaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) sportda ulanylmagy gadagan edilen doping serişdesiniň, onuň metabolitleriniň ýa-da markerleriniň türgeniň bedeninden alnan nusgalykda bolmagy;

2) sportda ulanylmagy gadagan edilen doping serişdesiniň ýa-da doping usulynyň ulanylmagy ýa-da ulanmaga synanyşyk edilmegi;

3) dopinge garşy hereket edýän kadalara laýyklykda resmi taýdan habary alandan soň esasly sebäp bolmazdan nusgalygy tabşyrmaga barmakdan ýüz dönderilmegi ýa-da nusgalygy tabşyrmaga barmazlygy ýa-da başga ýol bilen nusgalyk alynmagyndan boýun gaçyrylmagy;

4) türgeniň ýaryşdan daşary testirlemä elýeterliligine degişli bolan hereket edýän talaplaryň bozulmagy, şol sanda özüniň bolýan ýeri barada gerek bolan maglumaty bermezligi we göwnejaý kadalaryň esasynda bellenilýän testirlemä barmazlygy;

5) doping gözegçiliginiň islendik döwründe galplaşdyrylmagy ýa-da galplaşdyrmaga synanyşyk edilmegi;

6) sportda ulanylmagy gadagan edilen doping serişdelerine ýa-da doping usullaryna eýe bolunmagy;

7) islendik sportda ulanylmagy gadagan edilen doping serişdesiniň ýa-da doping usulynyň ýaýradylmagy;

8) türgene haýsydyr bir sportda ulanylmagy gadagan edilen doping serişdesiniň goýberilmegi ýa-da goýbermäge synanyşyk edilmegi, ýa-da ol babatda doping usulynyň ulanylmagy ýa-da ulanmaga synanyşyk edilmegi, ýa-da kömek edilmegi, höweslendirilmegi, ýardam edilmegi, meçew berilmegi, gizlenilmegi ýa-da dopinge garşy kadalaryň bozulmagy, ýa-da islendik ýol bilen bozulmagyna synanyşyk edilmegi bilen baglanyşykly islendik gaýry görnüşde bu işlere şärik bolunmagy.

14-nji madda. Dopinge garşy kadalaryň bozulmagynda türgenlere ulanylýan sanksiýalar

TDGMA tarapyndan kabul edilen we Bütindünýä dopinge garşy agentligiň we Bütindünýä dopinge garşy kodeksiň talaplaryna jogap berýän dopinge garşy kadalaryň bozulmagynda türgenlere Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen sanksiýalar ulanylýar.

15-nji madda. Dopinge garşy kadany bozan türgeniň hukuklary

Dopinge garşy kadany bozan türgeniň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) nusgalyklara gaýtadan seljerme geçirilmegini talap etmäge ýa-da eger-de ýüz dönderilse — bu barada ýazmaça arz etmäge;

2) eger gaýtadan seljerilmegi haýyş edilen bolsa, nusgalyklar gaýtadan seljerilen mahalynda hut özüniň gatnaşmaga ýa-da wekiliniň üsti bilen gatnaşmaga;

3) barlaghanalar üçin Halkara standartlarynda göz öňünde tutulan maglumaty özünde saklaýan özüniň nusgalyklarynyň seljermesiniň netijesi boýunça barlaghana resminamalarynyň göçürmesini almaga.

V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

16-njy madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik


Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

17-nji madda. Jedelleriň çözülişi

Dopinge garşy göreşmek babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

18-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 3-nji iýuny.