I. «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunyna şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:
1. 1-nji maddanyň birinji böleginde 21-nji bentden soň şu mazmunly bendi goşmaly:
«22) KAS (CAS) — Sport arbitraž kazyýeti.».
2. 5-nji maddada:
ikinji we üçünji bölekleri şu görnüşde beýan etmeli:
«2. TDGMA Bütindünýä dopinge garşy agentlik tarapyndan ykrar edilen jemgyýetçilik birleşigi bolup, öz işinde ÝUNESKO-nyň sportda dopinge garşy göreşmek hakyndaky Halkara konwensiýasyna, Bütindünýä dopinge garşy kodeksine we Bütindünýä dopinge garşy agentliginiň beýleki kararlaryna goldanýar, öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz Tertipnamasyna hem-de TDGMA-nyň dopinge garşy kadalaryna laýyklykda amala aşyrýar.
3. TDGMA-nyň işi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanylýan onuň Tertipnamasy we TDGMA-nyň dopinge garşy kadalary bilen düzgünleşdirilýär.»;
dördünji bölegiň ikinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:
«TDGMA-nyň düzümi we işiniň dolandyrylyş tertibi TDGMA-nyň Tertipnamasy we TDGMA-nyň dopinge garşy kadalary bilen kesgitlenilýär.».
3. 7-nji maddada 6-njy bentden soň şu mazmunly bendi goşmaly:
«7) synaglaryň seljermesiniň netijelerine garamak boýunça TDGMA-nyň we KAS-yň topary tarapyndan kabul edilen karary ýerine ýetirmek.».
4. 8-nji maddada birinji bölegini şu mazmunda beýan etmeli:
«1. Döwlet TDGMA-nyň hukuklarynyň berjaý edilmegini, garaşsyzlygyny we kanuny bähbitlerini üpjün edýär.».
5. 9-njy maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:
«1. TDGMA beýleki milli dopinge garşy guramalarynyň, uly sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça guramalaryň, şeýle hem halkara federasiýalarynyň ýüz tutmagy boýunça ýaryşa degişli ýa-da ýaryşdan daşary testirlemegi amala aşyryp biler.
2. TDGMA tarapyndan ýaryşa degişli ýa-da ýaryşdan daşary testirlemek Bütindünýä dopinge garşy agentlik tarapyndan kabul edilen testirlemek boýunça Halkara standartyny berjaý etmek bilen geçirilýär.
3. TDGMA sportuň görnüşleri boýunça sport ýaryşlaryna gatnaşýan haýwanlar babatynda doping gözegçiligini amala aşyryp biler, haýwanlaryň gatnaşmagynda ol ýaryşlar sportuň şol görnüşine gatnaşýan haýwanlar babatynda dopinge garşy kadalara laýyklykda geçirilýär, dopinge garşy kadalar sportuň şol görnüşi haýsy halkara federasiýasynyň hukuk ygtyýarlygyna degişli bolsa, şol tarapyndan tassyklanylýar.
4. Doping gözegçiliginiň amaly TDGMA tarapyndan Bütindünýä dopinge garşy kodeksiň we testirlemek üçin Halkara standartynyň berjaý edilmegi bilen işlenip taýýarlanylan doping gözegçiligini guramagyň we geçirmegiň usulyýet kadalarynda resmileşdirilýär.
5. Doping gözegçilik, eger-de ol TDGMA bolmasa, testi geçirmäge ýüz tutmany iberýän tarapyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
6. TDGMA Türkmenistanda testirlemäge we beýleki dopinge garşy işe bolan aýratyn hukuk ygtyýarlygyna eýedir, haçan-da Bütindünýä dopinge garşy kodeksine laýyklykda, onuň uly sport ýaryşlaryny geçirmek barada halkara federasiýalarynyň we guramalarynyň talaplary boýunça amala aşyrylmagy muňa degişli däldir.».
6. 13-nji maddada:
8-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:
«8) türgene sportda ulanylmagy gadagan edilen islendik doping serişdesiniň bellenilmegi ýa-da bellenilmäge synanyşyk edilmegi, ýa-da ol babatda doping usulynyň ulanylmagy ýa-da ulanmaga synanyşyk edilmegi, ýa-da kömek edilmegi, geçirimlilik edilmegi, şärik bolunmagy, meçew berilmegi, ýaşyrylmagy, ýa-da dopinge garşy kadalaryň bozulmagy, ýa-da islendik ýol bilen bozulmagyna synanyşyk edilmegi bilen baglanyşykly islendik gaýry goldawyň berilmegi»;
8-nji bentden soň şu mazmunly bentleri goşmaly:
«9) dopinge garşy kadalaryň bozulmagy ýa-da dopinge garşy kadalaryny bozmaga synanyşyk bilen baglanyşykly ýardam edilmegi, höweslendirilmegi, kömek berilmegi, meçew berilmegi, dil düwşülmegi, gizlenilmegi ýa-da islendik başga bilkastlaýyn şärikli gatnaşylmagy ýa-da hünärden mahrum etmek möhletiniň içinde gatnaşmagy gadagan etmek hakynda TDGMA-nyň dopinge garşy kadalarynyň başga adam tarapyndan bozulmagy;
10) gadagan edilen hyzmatdaşlyk hakynda TDGMA-nyň dopinge garşy kadalaryna düşýän türgenleri goldamak gullugynyň islendik işgäri bilen dopinge garşy guramanyň ygtyýarlyklaryna professional ýa-da sport gatnaşyklary bolan türgeniň ýa-da başga adamyň assosiasiýasy.».
7. 14-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:
«TDGMA tarapyndan kabul edilen we Bütindünýä dopinge garşy agentliginiň we Bütindünýä dopinge garşy kodeksiniň talaplaryna jogap berýän dopinge garşy kadalarynyň bozulmagy üçin türgenlere TDGMA-nyň dopinge garşy kadalaryna laýyklykda bellenilen sanksiýalar ulanylýar.».
8. 15-nji maddada:
3-nji bentden soň şu mazmunly bentleri goşmaly:
«4) TDGMA-nyň doping gözegçiligi hakynda toparynyň maslahatyna gatnaşmaga we işi TDGMA-nyň dopinge garşy kadalary bilen düzgünleşdirilýän maslahatyň barşynda kabul edilen karar hakynda öz wagtynda, dogruçyl we tarapgöýsüz habary eşitmek mümkinçiligini almaga;
5) şikaýatlar hakynda TDGMA-nyň dopinge garşy kadalaryna laýyklykda TDGMA-nyň doping gözegçiligi topary tarapyndan KAS-a iberilen çözgüde şikaýat etmek.».
9. 17-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:
«Sportda dopinge garşy göreş babatda ýüze çykýan jedeller TDGMA-nyň, KAS-yň dopinge garşy kadalaryna we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda synaglaryň seljermesiniň netijelerine garamak boýunça TDGMA-nyň topary tarapyndan çözülýär.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 26-njy awgusty.