I. 2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda kabul edilen «Teatr we teatr işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 143-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:
1. 4-nji maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Raýatlaryň haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlaryna garamazdan, türkmen halkynyň medeni gazananlary hökmünde teatr sungatyna elýeterlilik hukugy bardyr.».
2. 7-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:
«Teatr we teatr işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.».
3. 9-njy maddanyň adynda we birinji tesiminde «Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň» diýen sözleri «medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň» diýen sözlere çalşyrmaly.
4. 10-njy maddanyň adynda, birinji tesiminde «Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň» diýen sözleri «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň» diýen sözlere, 4-nji bendinde «ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly.
5. 13-nji maddada we 15-nji maddanyň birinji böleginiň ikinji tesiminde «döwlet düzgünleşdiriş edarasy» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy» diýen sözlere çalşyrmaly.
6. 20-nji maddanyň ikinji böleginde «Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi» diýen sözleri «medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy» diýen sözlere çalşyrmaly.
7. 31-nji maddanyň dördünji böleginde «Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary» diýen sözleri «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly.
8. 33-nji maddanyň ikinji böleginde «medeniýet babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek işi üstüne ýüklenen ýerine ýetiriji häkimiýet edarasy» diýen sözleri «medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy» diýen sözlere çalşyrmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 26-njy awgusty.