Ï Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Ýokary Baştutanyna we Premýer-ministrine mekdepdäki ýangyn zerarly gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Ýokary Baştutanyna we Premýer-ministrine mekdepdäki ýangyn zerarly gynanç bildirdi

view-icon 946
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby Malaýziýanyň XV Ýokary Baştutany Sultan Muhammad V we Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Sri Mohd Najib Bin Tun Abdul Razaga Kuala-Lumpur şäherindäki mekdepde bolup geçen heläkçilikli ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu pajygaly wakada köpsanly mekdep okuwçylarynyň gurban bolmagy bizi has hem gynandyrýar diýlip, hatda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.