Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, zehinli çagalaryň arasynda yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 26 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden gatnaşan ýaş aýdymçylar aýdym aýtmak boýunça öz aralarynda bäsleşdiler. Türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine goşant goşjak, geljekde sungat äleminiň ýyldyzlary bolup ýetişjek zehinli aýdymçylar öz çykyşlarynda berkarar Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri wasp etdiler, şeýle hem türkmen halk döredijiliginiň dürdänelerini we nusgawy aýdymlary ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler.
“Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, aýratyn tapawutlanan aýdymçylary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:
Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň “Nebitgazhyzmat” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Medeni-işewürlik merkeziniň “Galkynyş” folklor tans toparynyň aýdymçysy Göwher Döwletmämmedowna Hojimyradowa;
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Muhammetdurdy Sapardurdyýewiç Bäşiýew;
Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň Serdar etrap medeniýet bölüminiň Tutly oba medeniýet öýüniň sazandasy Hemra Orazmyradowiç Nuryýew;
Daşogzuň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyby Baýramtäç Täzebaýewna Gandymowa;
Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň Kiştiwan şäherçe medeniýet öýüniň tans goýujysy Mawjuda Rizakulyýewna Jumaýewa;
Mary welaýatynyň Ýolöten etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň tansçysy Jemşit Şamyrowiç Huseýinow.