Ï Polşanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Polşanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady

view-icon 910
Siziň Alyhezretiňiz, Polşa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli polýak halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollaýaryn.

Polşa Respublikasy Türkmenistanyň türkmen döwletiniň howpsuzlygynyň, garaşsyzlygynyň hem-de ykbalyny özbaşdak çözmäge hukugynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen syýasatyna hormat bilen garaýar. Türkmenistanyň durnukly ösmeginiň ýurduň rowaçlygyna hem-de onuň halkynyň abadançylygyna ýardam berjekdigine berk ynanýaryn.

Jenap Prezident, Polşanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigine Sizi ynandyrmak isleýärin, munuň özi ýurtlarymyzyň arasynda, hususan-da, ykdysady, medeni hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň ähli mümkinçiliklerini herekete getirmäge ýardam eder.

Jenap Prezident, Türkmenistanyň, onuň ähli raýatlarynyň hem-de hut Siziň abadançylygy baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň.