Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagaty pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek, haly önümleriniň önümçiligini talabalaýyk ýola goýmak, daşary ýurtlara iberilýän milli önümleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyna berildi hem-de ol Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmenhaly” önümçilik birleşigi diýlip atlandyryldy.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine:
“Türkmenhaly” önümçilik birleşigi hakyndaky Tertipnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak we bellenilen tertipde tassyklamak;
Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi “Türkmenhaly” önümçilik birleşiginiň garamagyndaky Marynyň ýüňi ilkinji işleýän kärhanasyny, Baharly we Esenguly halyçylyk kärhanalaryny, haly fabriklerine degişli önümhanalary hususylaşdyrmak boýunça işleri kanunçylykda bellenen tertipde geçirmäge borçly edildi.