Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligini döretmek hakynda
Ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumyny düýpli özgertmek we onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
1.Türkmenistanyň Maliýe ministrligini hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligini goşup, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligini döretmeli.
2.Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligini Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2017-nji ýylyň 5-nji oktýabry.