I. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 25-nji madda; 2014 ý., № 3, 116-njy madda; 2016 ý., № 4, 145-nji madda; 2017 ý., № 1, 6-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:
1. 4-nji maddanyň birinji bölegine şu mazmunly tesimleri goşmaly:
«Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýär.
Dolandyryş-çäk gurluşyň üýtgemegi bilen baglylykda halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalarynyň saýlawlary başga möhletlerde hem geçirilip bilner.».
2. 32-nji maddada:
birinji bölegiň üçünji we dördünji tesimlerini şu görnüşde beýan etmeli:
«Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda okrug saýlaw toparlary Merkezi saýlaw topary tarapyndan 9 — 11 agzadan ybarat düzümde döredilýär.
Etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw toparlary degişli etrabyň, şäheriň saýlaw topary tarapyndan 7 — 11 agzadan ybarat düzümde döredilýär.»;
üçünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«3. Welaýat, etrap, şäher, şäherçäniň, geňeşligiň, okrug we uçastok saýlaw toparynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.»;
dördünji bölegi aýyrmaly.
3. 38-nji maddanyň altynjy böleginde «altmyş» diýen sözi «ýetmiş» diýen söze çalşyrmaly.
4. 44-nji maddanyň üçünji böleginden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:
«31. Dalaşgär hödürlemek boýunça geçiriljek mejlisler, ýygnaklar barada öňünden degişli saýlaw toparlaryna habar berilmelidir.».
5. 45-nji maddada:
birinji bölegiň dördünji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:
«Geňeş agzalygyna dalaşgärleri syýasy partiýalaryň etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, ilkinji guramalarynyň ýygnaklarynda hödürleýärler.»;
üçünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«3. Syýasy partiýalar özbaşdak ýa-da bilelikde Türkmenistanyň Prezidentligine diňe bir dalaşgär hödürläp bilýärler.
Syýasy partiýalar degişli guramalarynyň mejlislerinde, ýygnaklarynda ýa-da olaryň bilelikdäki mejlislerinde, ýygnaklarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalygyna birnäçe dalaşgär, ýöne her saýlaw okrugy üçin diňe bir dalaşgär hödürläp bilýärler.
Dalaşgäri bilelikde hödürlän syýasy partiýalaryň soňra şol okruga özbaşdak dalaşgär hödürlemäge hukugy ýokdur.».
6. 48-nji maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«2. Dalaşgärleri bellige almak hakyndaky karar mejlisleriň, ýygnaklaryň dalaşgärleri hödürlemek baradaky teswirnamalary, teklipçi toparyň gol çekilýän kagyzçalary we dalaşgärleriň sese goýulmaga razydygy baradaky arzalary bar bolan mahalynda kabul edilýär.».
7. 57-nji maddanyň dokuzynjy böleginiň sekizinji tesiminde «öz eli bilen» diýen sözleri «el bilen» diýen sözlere çalşyrmaly.
8. 85-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:
«Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, halk maslahatynyň, Geňeşiň agzasy möhletinden öň çykyp giden halatynda degişli saýlaw okrugynda şu Kodekse laýyklykda täze saýlawlar geçirilýär.
Saýlawlary Türkmenistanyň Mejlisi şu Kodeksiň 4-nji maddasyna laýyklykda belleýär.».
9. 86-njy maddanyň ikinji böleginiň üçünji tesimini aýyrmaly.
10. 87-nji maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Eger-de dolandyryş-çäk gurluşyň üýtgemegi netijesinde degişli halk maslahatynyň, Geňeşiň düzüm sany Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmezligi bilen baglylykda öz işini amala aşyryp bilmese, onda degişli halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalarynyň täze saýlawlary dolandyryş-çäk gurluşyň üýtgedilen gününden beýläk üç aýdan gijä goýman geçirilýär.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 25-nji noýabry.