Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklaryna geçirilýän şertlerinde jemgyýetçilik-syýasy we döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, raýat jemgyýetiniň institutlaryny berkarar etmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler täze taryhy eýýamda döwletimiziň berk hukuk we kanunçylyk binýadynyň döredilmegine gönükdirilendir. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Mejlisiniň esasy wezipesi ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşini üpjün edýän durmuş-ykdysady özgertmeleri milli kanunçylykda berkitmekden, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de iň gowy dünýä tejribesine, döwletimiziň syýasy, ykdysady we hukuk ulgamynyň ösüş ugurlaryna laýyk gelýän kanunlary işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.
Döwletde we jemgyýetde bolup geçýän köptaraplaýyn özgertmeleriň çuňlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly hem-de ol özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak, şeýle hem ýurdumyzyň saýlaw kanunçylygynyň kadalaryny berjaý etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň dördünji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň sekizinji çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryny 2018-nji ýylyň 25-nji martyna, ýekşenbe gününe bellemeli.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
A.Nurberdiýewa.
Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 25-nji noýabry.