Şu Kanun neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, prekursorlaryň dolanyşygyna gözegçilik çygrynda döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny kesgitleýär we raýatlaryň saglygyny, döwlet we jemgyýetçilik howpsuzlygyny goramak maksady bilen olaryň bikanun dolanyşygyna garşy hereket etmegiň kadalaryny belleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler peýdalanylýar:
1) neşe serişdeleri — neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň Sanawyna girizilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna, şol sanda BMG-niň neşe serişdeleri hakynda 1961-nji ýyldaky Bitewi konwensiýasyna düzedişler hakynda 1972-nji ýyldaky Teswirnama laýyklykda oňa girizilen düzedişler bilen BMG-niň neşe serişdeleri hakynda 1961-nji ýyldaky Bitewi konwensiýasyna laýyklykda gözegçilik edilmäge degişli gelip çykyşy sintetiki ýa-da tebigy maddalar, olaryň serişdeleri, şol sanda derman serişdeleri, şeýle hem ösümlikler;
2) psihotrop maddalar — neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň Sanawyna girizilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna, şol sanda BMG-niň psihotrop maddalary hakynda 1971-nji ýyldaky Konwensiýasyna laýyklykda gözegçilik edilmäge degişli, gelip çykyşy sintetiki ýa-da tebigy maddalar, olaryň serişdeleri, şol sanda derman serişdeleri, şeýle hem tebigy materiallar;
3) neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň prekursorlary (mundan beýläk — prekursorlar) — neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň Sanawyna girizilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna, şol sanda BMG-niň neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş hakynda 1988-nji ýyldaky Konwensiýasyna laýyklykda gözegçilik edilmäge degişli neşe serişdeleri we psihotrop maddalar öndürilende, taýýarlanylanda, gaýtadan işlenilende peýdalanylýan maddalar;
4) neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň kybapdaşlary — himiki gurluşy we häsiýeti babatda neşe serişdelerine, psihotrop maddalara meňzeş, şonuň ýaly psihoaktiw täsir edýän, Türkmenistanda gözegçilik edilmäge degişli neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň Sanawyna girizilmedik, Türkmenistanda dolanyşygy gadagan edilen sintetiki ýa-da tebigy maddalar;
5) düzüminde neşe serişdeleri, psihotrop maddalar ýa-da prekursorlar bolan serişdeler (mundan beýläk — serişdeler) — Türkmenistanda gözegçilik edilmäge degişli neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň Sanawyna girizilen neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň ýa-da prekursorlaryň birini ýa-da birnäçesini düzüminde saklaýan islendik fiziki ýagdaýdaky maddalaryň garyndysy;
6) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygy — düzüminde neşe serişdeleri bolan ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek, ýygnamak, taýýarlamak, neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary işläp taýýarlamak, öndürmek, taýýarlamak, gaýtadan işlemek, saklamak, dolanyşyga goýbermek, ýerleşdirmek, paýlamak, satyn almak, peýdalanmak, daşamak, ibermek, getirmek, äkitmek, üstaşyr geçirmek we ýok etmek bilen baglanyşykly Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda rugsat berlen we gözegçilik edilýän işleriň görnüşleri;
7) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygy — neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygynyň Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulyp amala aşyrylmagy;
8) neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary getirmek we äkitmek — neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bir döwletden başga bir döwlete geçmegi;
9) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň taýýarlanylmagy — onuň kömegi bilen neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary alyp boljak, şeýle hem neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary başga bir neşe serişdelerine, psihotrop maddalara we prekursorlara öwrüp boljak önümçilikden başga ähli önümçilik;
10) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň öndürilmegi — himiki serişdelerden we (ýa-da) ösümliklerden ýa-da beýleki neşe serişdelerinden, psihotrop maddalardan we prekursorlardan neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary yzygiderli almaga gönükdirilen önümçilik;
11) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň gaýtadan işlenilmegi — rafinirleme geçirmek (başga garyndylardan saplanylmagy) netijesinde serişdelerde neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň toplanmagyny artdyrmak boýunça hereket, şeýle hem olaryň esasynda neşe serişdeleri, psihotrop maddalar we prekursorlar bolmadyk serişdeleri almak;
12) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň peýdalanylmagy — neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary maksatlaýyn ulanmak;
13) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň daşalmagy we iberilmegi — neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary daşamagyň usullaryna we saklanýan ýerine garamazdan bir ýerden başga ýere geçirmek üçin amala aşyrylan islendik hereketler;
14) düzüminde neşe serişdeleri bolan ösümlikleriň ösdürilip ýetişdirilmegi — halkara konwensiýalaryna laýyklykda Türkmenistanda gözegçilik çäreleri bellenilýän, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň sanawyna girizilen düzüminde neşe serişdeleri bolan ösümlikleri ekmek we ösdürip ýetişdirmek;
15) düzüminde neşe serişdeleri, psihotrop maddalar bolan ösümlikleriň ýygnalmagy — halkara konwensiýalaryna laýyklykda Sanawa girizilen ýabany ösen ýa-da ösdürilip ýetişdirilen düzüminde neşe serişdeleri bolan ösümlikleri ýygnamak;
16) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň üstaşyr geçirilmegi — neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bir döwletden beýleki döwlete üçünji döwletiň çäginiň üstünden geçirilmegi;
17) neşekeşlik — neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň ýa-da şolara kybapdaş maddalaryň haýsydyr birine fiziki we (ýa-da) psihiki taýdan baglylygy bilen şertlendirilen, adam organizminiň fiziki we psihiki taýdan işiniň agyr bozulmagyna getirýän keselleme;
18) neşekeşlikden ejir çekýän adam — neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň ýa-da şolara kybapdaş maddalaryň haýsydyr birine fiziki we (ýa-da) psihiki taýdan bagly bolup durýan we degişli saglygy goraýyş edarasy tarapyndan «neşekeşlik» kesel kesgitlemesi goýlan adam;
19) neşe serişdeleriniň ýa-da psihotrop maddalaryň bikanun ulanylmagy — neşe serişdeleriniň ýa-da psihotrop maddalaryň lukman bellemezden ulanylmagy;
20) meýletin bejeriş — hassanyň ýa-da onuň kanuny wekiliniň razylygy bilen neşekeşlikden, toksikomaniýadan ýa-da neşe serişdelerini we beýleki seri dumanladyjy maddalary hyýanatly ulanmakdan bejermek;
21) mejbury bejeriş — neşekeşlikden ejir çekýän hassa meýletin bejerişden boýun gaçyranda ýa-da neşe serişdelerini, psihotrop, toksiki we beýleki seri dumanladyjy maddalary bikanun ulanmagyny dowam edende kazyýetiň çözgüdi esasynda amala aşyrylýan ýatymlaýyn bejergi;
22) lukmançylyk güwä geçilmesi — neşe serhoşlygy ýagdaýyny anyklamak maksady bilen gatnawly usulda adamy gözden geçirmek;
23) lukmançylyk barlagy — kesel kesgitlemesini «neşekeşlik» diýip ýa-da şeýle zadyň ýokdugyny anyklamak maksady bilen ýatymlaýyn usully şertlerde adamy barlamak;
24) lukmançylyk güwä geçilmesinden geçirilmeginden, lukmançylyk barlagyndan ýa-da bejerişden boýun gaçyrylmagy — neşe serişdelerini ýa-da psihotrop maddalary bikanun ulanýan adamyň hukuk goraýjy edaralaryň işgäriniň lukmançylyk güwä geçilmesinden geçmek baradaky görkezmesini, şeýle hem lukmanyň bellän çärelerini we beren maslahatlaryny bilgeşleýin ýerine ýetirmezligi;
25) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň paýlanylmagy — Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan tertibe laýyklykda kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň (mundan beýläk — kärhanalar (edaralar)) netijede özleri üçin bellenilen möçberlerde neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary olaryň dolanyşygyny amala aşyrmak üçin alynýan hereketler;
26) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun ýerleşdirilmegi — satmak, sowgat etmek, bermek, başga adama sançmak we beýleki her hili usullar arkaly olaryň ýaýradylmagy;
27) neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary edinmek — neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary satyn almak, beýleki harytlara ýa-da zatlara çalyşmak arkaly edinmek, karzyna ýa-da peşgeş almak, berginiň üzlüşilmegi hökmünde almak, şeýle hem tapylan neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary eýelemek, düzüminde neşe serişdeleri bolan ösümlikleri (göknary we kenebi (kannabisi), düzüminde neşe serişdeleri bolan beýleki ösümlikleri ýa-da olaryň böleklerini) ýygnamak, eger adam olaryň neşe serişdeleridigini, psihotrop maddalardygyny ýa-da prekursorlardygyny bilýän bolsa;
28) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň saklanylmagy — neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň ýa-da prekursorlaryň adamyň öz ýanynda, jaýynda, mellek ýerinde, başga bir gizlin ýerinde we oňa degişli beýleki ýerlerde bolmagy bilen baglanyşykly düşünilip edilen islendik hereketler;
29) ygtyýarly edaralar — Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, özüne berlen ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan döwlet edaralary;
30) toksikomaniýa — Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara konwensiýalaryna laýyklykda dolanyşygy gadagan edilen neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň sanawyna girmeýän, täsiri boýunça olaryň täsirine meňzeş, psihoaktiw hereketlere getirýän, derman serişdelerini we gelip çykyşy boýunça dürli bolan derman bolmadyk maddalary hyýanatly ulanmak.
2-nji madda. Türkmenistanda gözegçilik edilmäge degişli neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň sanawy
1. Türkmenistanda gözegçilik edilmäge degişli neşe serişdeleri, psihotrop maddalar we prekursorlar neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan ýörite Sanawyna (mundan beýläk — Sanaw) girizilýär we döwlet tarapyndan ulanylýan gözegçilik çärelerine baglylykda şu sanawlara goşulýar:
1) Türkmenistanyň kanunçylygyna, BMG-niň neşe serişdeleri hakynda 1961-nji ýyldaky Bitewi konwensiýasyna we BMG-niň psihotrop maddalar hakynda 1971-nji ýyldaky Konwensiýasyna laýyklykda Türkmenistanda dolanyşygy gadagan edilen neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň sanawyna (mundan beýläk — 1-nji Sanaw);
2) dolanyşygy Türkmenistanda çäklendirilen we Türkmenistanyň kanunçylygyna, BMG-niň neşe serişdeleri hakynda 1961-nji ýyldaky Bitewi konwensiýasyna we BMG-niň psihotrop maddalar hakynda 1971-nji ýyldaky Konwensiýasyna laýyklykda gözegçilik çäreleri bellenilýän (derman serişdeleri hökmünde ulanylýan) neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň sanawyna (mundan beýläk — 2-nji Sanaw);
3) dolanyşygy Türkmenistanda çäklendirilen we käbir gözegçilik çärelerini Türkmenistanyň kanunçylygyna, BMG-niň neşe serişdeleri hakynda 1961-nji ýyldaky Bitewi konwensiýasyna we BMG-niň psihotrop maddalar hakynda 1971-nji ýyldaky Konwensiýasyna laýyklykda aýyrmaga ygtyýar berilýän (derman serişdeleri hökmünde ulanylýan) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň sanawyna (mundan beýläk — 3-nji Sanaw);
4) dolanyşygy Türkmenistanda çäklendirilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de BMG-niň neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş hakynda 1988-nji ýyldaky Konwensiýasyna laýyklykda gözegçilik çäreleri bellenilýän prekursorlaryň sanawyna (mundan beýläk — 4-nji Sanaw).
2. Türkmenistanda gözegçilik edilmäge degişli neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň Sanawlaryny düzmegiň, üýtgetmegiň we olaryň üstüni ýetirmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
3. Türkmenistanda gözegçilik edilmäge degişli neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň Sanawlary Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertibe laýyklykda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde resmi taýdan çap edilmäge degişlidir.
4. Dürli Sanawlara degişli edilen, neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň birnäçesini özünde jemleýän serişdeler olaryň arasynda biri üçin has berk gözegçilik çäresi göz öňünde tutulany baradaky talaplara laýyklykda gözegçilik edilýär.
3-nji madda. Neşe serişdeleri, psihotrop maddalar we prekursorlar we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, prekursorlar we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, şu Kanundan we Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygy çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
4-nji madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, prekursorlaryň dolanyşygy çygrynda we olaryň bikanun dolanyşygyna we ulanylmagyna garşy hereket etmek babatda döwlet syýasaty
1. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, prekursorlaryň dolanyşygy çygrynda we olaryň bikanun dolanyşygyna we ulanylmagyna garşy hereket etmek babatda döwlet syýasaty şulara gönükdirilendir:
1) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, prekursorlaryň dolanyşygyny we olaryň bikanun dolanyşygyna we ulanylmagyna garşy hereket etmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmäge;
2) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygy çygryndaky işlere döwlet gözegçiligini amala aşyrmaga;
3) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygy çygryndaky işleri ygtyýarlylandyrmagy üpjün etmäge;
4) Türkmenistanda dolanyşygyna rugsat berlen neşe serişdelerini we psihotrop maddalary döwlet belligine almagy geçirmäge;
5) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygy çygrynda kärhanalaryň (edaralaryň) işini pudagara we pudak içinde utgaşdyrmaga;
6) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygynyň we ulanylmagynyň öňüni almaga gönükdirilen işleri guramak boýunça wezipeleri toplumlaýyn çözmäge;
7) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygy we ulanylmagy bilen baglanyşykly jenaýatlary ýüze çykarmak we olaryň öňüni almak boýunça dessin-agtaryş çärelerini amala aşyrýan edaralaryň işini kämilleşdirmäge;
8) neşekeşligiň ýaýradylmagy we onuň bilen baglanyşykly hukuk bozulmalary bilen göreşi göz öňünde tutýan öňüni alyş çäreleri amala aşyrmaga;
9) sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge we ornaşdyrmaga, neşekeşligiň öňüni almak we onuň garşysyna göreşmek boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmäge;
10) neşekeşligiň ýaýradylmagyna garşy we şonuň bilen baglanyşykly hukuk bozulmalaryna garşy hereket etmäge Türkmenistanyň jemgyýetçilik birleşiklerini, dini guramalaryny we raýatlaryny çekmäge;
11) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, prekursorlaryň dolanyşygyna gözegçilik çygrynda hem-de olaryň bikanun dolanyşygyna we ulanylmagyna päsgelçilik döredýän çäreleri amala aşyrmaga köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga.
2. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygy bilen bagly jenaýatlary etmekde günäli bilnip, iş kesilen adamlar babatda günä geçme çäresi ulanylmaýar.
II BAP. NEŞE SERIŞDELERINIŇ, PSIHOTROP MADDALARYŇ WE PREKURSORLARYŇ DOLANYŞYGY ÇYGRYNDAKY IŞIŇ DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRILMEGI WE GURALMAGY
5-nji madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygy çygryndaky işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi
1. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygy çygryndaky işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we onuň tarapyndan ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, prekursorlaryň dolanyşygy çygryndaky işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi hem-de olaryň bikanun dolanyşygyna we ulanylmagyna garşy hereket etmegi amala aşyrýan edaralaryň sanawy we olaryň ygtyýarlyklary hem-de jogapkärçiligi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
6-njy madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça pudagara edara
1. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Neşekeşlige garşy göreş boýunça döwlet utgaşdyryjy topary (mundan beýläk — Döwlet topary) dahylly ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we gulluklaryň neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça özara ylalaşykly hereketlerini we işlerini utgaşdyrmagy üpjün edýän pudagara edara bolup durýar.
2. Döwlet toparynyň iş tertibi we onuň düzümi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama arkaly kesgitlenilýär.
7-nji madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygy çygryndaky işi ygtyýarlylandyrmak
1. Sanawa girizilen we dolanyşygy Türkmenistanda gözegçilik edilmäge degişli neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygy çygryndaky işi ygtyýarlylandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Sanawa girizilen we dolanyşygy Türkmenistanda gözegçilik edilmäge degişli neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygy çygryndaky işi amala aşyrmaga ygtyýarnama diňe ýuridik şahslara berilýär.
III BAP. NEŞE SERIŞDELERINI WE PSIHOTROP MADDALARY IŞLÄP TAÝÝARLAMAK, ÖNDÜRMEK WE TAÝÝARLAMAK
8-nji madda. Täze neşe serişdelerini we psihotrop maddalary işläp taýýarlamak
1. Täze neşe serişdelerini we psihotrop maddalary işläp taýýarlamak — munuň özi lukmançylyk maksatlary bilen peýdalanmak üçin neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň has ýokary netijeli, az howply we gözegçilik etmesi ýeňil bolan, häzirki bar bolanlary bilen deňeşdirende has ýokary bejerijilik häsiýetine eýe bolan görnüşlerini gözlemekdir, öwrenmekdir we döretmekdir.
2. Täze neşe serişdelerini we psihotrop maddalary işläp taýýarlamaga diňe döwlet buýurmalaryna laýyklykda ýol berilýär we ol işiň şu görnüşine ygtyýarnamasy bolan döwlet ylmy-barlag edaralaryna tabşyrylýar.
3. Klinikadan öňki bolan barlaglar olaryň netijeliligine baha bermek we ony subut etmek maksady bilen geçirilýär.
Täze neşe serişdelerini we psihotrop maddalary işläp taýýarlaýjylar olaryň klinikadan öňki barlaglaryny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýan şertlerde we tertipde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirmäge borçludyrlar.
4. Täze neşe serişdelerini we psihotrop maddalary taýýarlaýjylaryň hukuklary döwlet tarapyndan goralýar.
9-njy madda. Täze neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň kliniki barlaglary
1. Lukmançylyk maksatlary üçin peýdalanmaga niýetlenilen täze neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň kliniki barlaglary (mundan beýläk — kliniki barlaglar) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň karary boýunça geçirilýär.
2. Kliniki barlaglar ýöriteleşdirilen bejeriş-öňüni alyş edaralarynda geçirilýär, olaryň sanawy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.
3. Täze neşe serişdelerini we psihotrop maddalary işläp taýýarlaýjylar ýa-da kliniki barlaglary geçirmegi buýrujylar kliniki barlaglary geçirmek üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli haýyşnama berýärler. Oňa neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň nusgalary we olar hakdaky maglumatlary özünde jemleýän materiallar, klinikadan öňki barlaglaryň netijeleri, şeýle hem kliniki barlaglaryň maksatnamasynyň taslamasy goşulýar.
4. Ýöriteleşdirilen bejeriş-öňüni alyş edarasy neşe serişdelerini we psihotrop maddalary işläp taýýarlaýjylar ýa-da kliniki barlaglary geçirmegi buýrujylar bilen olary geçirmek barada şertnama baglaşýar. Kysymlaýyn şertnamanyň görnüşi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.
Kliniki barlaglaryň netijeleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine berilýär.
5. Bejeriş-öňüni alyş edarasy kliniki barlaglar başlanmazdan öň ätiýaçlandyryş edarasy bilen barlaglara gatnaşýan adamlaryň ömrüni we saglygyny ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmaga borçludyr.
Şol adamlaryň meýletin razylygy ýazmaça tassyklanylmalydyr.
Kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen adam kliniki barlaglara öziniň kanuny wekilleriniň ýazmaça beren razylygy bilen gatnaşyp biler.
6. Kliniki barlaglar geçirilýän wagtynda, eger şol barlaglara gatnaşýan adamyň ömri we saglygy üçin howply ýagdaý ýüze çyksa, olaryň arasy kesilip bilner.
Kliniki barlaglary bes etmek hakyndaky karary görkezilen barlaglaryň maksatnamasynyň ýolbaşçysy kabul edip biler.
Kliniki barlaga gatnaşýan adam barlagyň işlendik döwründe oňa gatnaşmakdan boýun gaçyryp biler.
7. Kliniki barlagy maliýeleşdirmek neşe serişdelerini we psihotrop maddalary işläp taýýarlanyň ýa-da kliniki barlaglary geçirmegi buýranyň serişdeleriniň hasabyna geçirilýär.
8. Kliniki barlaglar doly ýa-da gysgaldylan maksatnama boýunça halkara tejribesinde ulanylýan talaplary hasaba almak bilen geçirilýär.
10-njy madda. Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň öndürilişi hem-de taýýarlanylyşy
1. Şu Kanun tarapyndan kesgitlenilen maksatlar üçin peýdalanylýan neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň öndürilmegi we taýýarlanylmagy döwletiň bellän paýynyň çäklerinde, anyk neşe serişdelerini we psihotrop maddalary öndürmäge ygtyýarnamasy bolan, döwlet belligine alnyşyndan geçen kärhanalarda (edaralarda) amala aşyrylýar.
2. Neşe serişdelerini we psihotrop maddalary öndürmek üçin enjamlary satyn almak, taýýarlamak we peýdalanmak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
3. Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň öndürilmegi we taýýarlanylmagy tehnologik düzgün boýunça önümçiligi guramagyň düzgünlerine we hiline, döwlet standartlaryna, tehniki şertlere, şeýle hem halkara kadalarynyň talaplaryna gözegçiligi berjaý etmek bilen amala aşyrylýar.
Önümçiligiň we öndüriji kärhana tarapyndan önümçilik gözegçiligini geçirmegiň tehnologik düzgünleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ylalaşylýar.
4. Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň dolanyşygy çygryndaky işi amala aşyrýan kärhanalar (edaralar) hususylaşdyrylmaga we başga görnüşlerde döwlet eýeçiliginden bölüp aýyrmaklyga degişli däldir.
Şeýle hem neşe serişdelerini we psihotrop maddalary öndürijiler bolan bitewi tehnologik ulgamy düzýän kärhanalary (edaralary) hususylaşdyrmak we başga görnüşlerde döwlet eýeçiliginden bölüp aýyrmak gadagan edilýär.
5. Türkmenistanyň çäklerinde neşe serişdelerini we psihotrop maddalary öndürýän kärhanalar (edaralar) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet belligine alynmaga degişlidir.
11-nji madda. Neşe serişdelerini we psihotrop maddalary gaýtadan işlemek
Neşe serişdelerini we psihotrop maddalary gaýtadan işlemek görkezilen işiň görnüşine ygtyýarnamasy bar bolan kärhanalar (edaralar) tarapyndan amala aşyrylýar.
12-nji madda. Neşe serişdelerini we psihotrop maddalary gaplamak hem-de olara bellik etmek
1. Öndürilýän we taýýarlanylýan neşe serişdeleriniň hem-de psihotrop maddalaryň hemmesiniň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy bilen ylalaşmak boýunça bellenilýän talaplaryna laýyklykda daşky we içki gaplary we belligi bolmalydyr.
2. Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň daşky gaby onuň içindäkileriň şol gabyň bitewiligini bozmazdan çykarylyp alynmak mümkinçiligini aradan aýyrmalydyr.
3. Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň içki gabyna iki sany gyzyl zolak bilen bellik edilmelidir.
IV BAP. NEŞE SERIŞDELERINIŇ WE PSIHOTROP MADDALARYŇ DÖWLET BELLIGINE ALYNMAGY WE ONUŇ TERTIBI
13-nji madda. Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň döwlet belligine alynmagy
1. Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň Türkmenistanda dolanyşygyna olar döwlet belligine alnanyndan soň, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýol berilýär.
2. Döwlet belligine şular degişlidir:
1) täze neşe serişdeleri we psihotrop maddalar;
2) öň bellige alnan neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň täze utgaşdyryjylary;
3) öň bellige alnan, ýöne başga görnüşlerde, täze böleklere bölmek ýa-da kömekçi maddalaryň başga düzümi bilen öndürilen (taýýarlanylan) neşe serişdeleri we psihotrop maddalar;
4) täzeden işläp çykarylan neşe serişdeleri we psihotrop maddalar.
3. Neşe serişdelerini we psihotrop maddalary döwlet belligine almak Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýa-da onuň tarapyndan ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan geçirilýär.
4. Türkmenistanda bellige alnan neşe serişdeleri we psihotrop maddalar Türkmenistanda ulanmaga rugsat edilen neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň Sanawy bolup durýan neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň Döwlet sanawyna girizilýär.
Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň Döwlet sanawyny ýöretmek we neşir etmek işini Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi amala aşyrýar.
14-nji madda. Neşe serişdelerini we psihotrop maddalary döwlet belligine almagy geçirmegiň tertibi
1. Neşe serişdelerini we psihotrop maddalary döwlet belligine almak olary öndürýäniň ýa-da üpjün edijiniň ýazmaça ýüztutmasy esasynda geçirilýär.
Neşe serişdelerini we psihotrop maddalary bellige almak hakyndaky ýazmaça ýüztutmanyň ýanyna şular goşulýar:
1) neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň nusgalary hödürlenilýän gabynda olaryň ady, söwda belgisi;
2) neşe serişdelerini we psihotrop maddalary öndürijiniň ady we salgysy;
3) neşe serişdelerini we psihotrop maddalary öndürmek üçin berlen ygtyýarnama;
4) täsir edýän neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň ady (sinonimleri);
5) öndürmegiň görnüşi;
6) neşe serişdesiniň we psihotrop maddanyň düzümi;
7) ulanmagyň usullary, ulanylmagyna bolan görkezmeler we garşy görkezmeler;
8) dermanyň ulanyş mukdary (dozirowkasy);
9) goýbermegiň şertleri;
10) saklamagyň möhleti we şertleri;
11) neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň beýleki ýurtlarda bellige alnandygy hakynda maglumatlar;
12) neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň täze görnüşleri üçin klinikadan öňki we kliniki barlaglaryň materiallary;
13) neşe serişdesi we psihotrop maddasy üçin kadalaşdyryjy resminamalar;
14) laýyklyk sertifikaty;
15) bellige alnandygy üçin ýygymyň tölenendigini tassyklaýan resminama.
Bellige alnandygy üçin ýygymyň möçberi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşmak boýunça bellenilýär.
2. Görkezilen materiallara seredilmegi netijesinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýa-da onuň tarapyndan ygtyýarlandyrylan edarasy üç aý möhletiň dowamynda neşe serişdesini we psihotrop maddany bellige almak ýa-da bellige almakdan ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edýär. Ol hakda arza berijä üç günüň dowamynda delillendirilen ýazmaça jogap ýollanylýar.
Bellige almakdan ýüz döndermek hakyndaky çözgüde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete şikaýat edilip bilner.
3. Döwlet sanawyna girizilen neşe serişdelerine we psihotrop maddalara bellige alyş belgisi goýulýar, arza berijä bolsa olaryň Türkmenistanda dolanyşykda bolmagyna rugsat berlen möhleti görkezilen tassyknama berilýär. Şu möhletiň geçmegi bilen neşe serişdeleri we psihotrop maddalar gaýtadan bellige alynmaga degişlidir.
Bellige almak hakyndaky çözgüt bilen neşe serişdeleri we psihotrop maddalar üçin kadalaşdyryjy resminama hem tassyklanylýar.
4. Neşe serişdesiniň we psihotrop maddanyň kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmeýändigi ýüze çykarylan halatynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýa-da onuň ygtyýarly edarasy onuň ulanylmagyny gadagan etmek hakynda çözgüt kabul edip biler.
5. Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň bellige alnandygy baradaky çözgüt olaryň dolanyşygyna gözegçiligi amala aşyrmaga degişli ygtyýarly edaralaryň dykgatyna üç günüň dowamynda ýetirilýär.
6. Bellige almak üçin berlen resminamalar neşe serişdesini we psihotrop maddany bellige almagy amala aşyrýan edarada saklanmaga degişlidir.
V BAP. NEŞE SERIŞDELERINIŇ, PSIHOTROP MADDALARYŇ WE PREKURSORLARYŇ DOLANYŞYGY
15-nji madda. Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň dolanyşygynyň tertibi
1. Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň Türkmenistanyň çäklerindäki dolanyşygy diňe şu Kanun we oňa laýyklykda kabul edilýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen maksatlarda we tertipde amala aşyrylýar.
2. Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň Türkmenistanyň çäklerindäki dolanyşygy çygryndaky işiň ähli görnüşleri kärhanalar (edaralar) tarapyndan işiň anyk görnüşine ygtyýarnama alanlaryndan soň amala aşyrylýar.
16-njy madda. Prekursorlaryň dolanyşygynyň tertibi
1. 4-nji Sanawa girizilen prekursorlaryň dolanyşygynyň tertibi şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly düzgünleşdirilýär.
2. Kärhanalar (edaralar) 4-nji Sanawa girizilen prekursorlary öz önümçiliginde işiň görkezilen görnüşine ygtyýarnamasy bolan mahalynda önümçilige zerur bolan mukdarlardan köp bolmadyk möçberlerde edinip we peýdalanyp bilerler.
3. 4-nji Sanawa girizilen prekursorlary neşe serişdelerini ýa-da psihotrop maddalary bikanun taýýarlamak maksady bilen peýdalanmak üçin niýetlenilendigini tassyklaýan esaslar bar bolanda, olar dolanyşykdan haýal edilmän alynýar.
17-nji madda. Neşe serişdelerine we psihotrop maddalara döwletiň bellän paýlary
Neşe serişdelerine we psihotrop maddalara döwletiň bellän paýlary (mundan beýläk — paýlar), şeýle hem Sanawa goşulan ösümlikleriň dolanyşygyny amala aşyrmak üçin berilýän paýlar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan Türkmenistanyň neşe serişdelerine we psihotrop maddalara bolan hajatlaryny hasaplamak esasynda bellenilýär, olaryň dolanyşygy şonuň çäklerinde amala aşyrylýar.
18-nji madda. Käbir neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň dolanyşygynyň çäklendirilmegi ýa-da gadagan edilmegi
1. 1-nji Sanawa girizilen neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň dolanyşygyna diňe şu Kanunyň 31-nji, 32-nji we 33-nji maddalarynda göz öňünde tutulan maksatlarda ýol berilýär.
2. 2-nji we 3-nji Sanawa girizilen neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň dolanyşygyna lukmanyň bellemegi boýunça lukmançylyk maksatlary bilen, şeýle hem şu Kanunyň 31-nji, 32-nji we 33-nji maddalarynda göz öňünde tutulan maksatlarda ýol berilýär.
3. Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň kybapdaşlarynyň dolanyşygy Türkmenistanda gadagan edilýär.
19-njy madda. Sanawa girizilen ösümlikleriň ösdürilip ýetişdirilmegi
1. Sanawa girizilen ösümlikleri şu Kanunda göz öňünde tutulandakydan başga halatlarda Türkmenistanyň çäklerinde ösdürip ýetişdirmek gadagan edilýär.
2. Sanawa girizilen ösümlikleri ösdürip ýetişdirmäge diňe kärhanalara (edaralara) döwletiň bellän paýyndan ýokary geçmeýän möçberlerde rugsat edilýär.
3. Sanawa girizilen ösümlikleri ösdürip ýetişdirmäge we olary diňe senagat, lukmançylyk we ylmy maksatlar üçin peýdalanmaga rugsatnama bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
20-nji madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň saklanylmagy
1. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň saklanylmagy degişli kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýän ýörite enjamlaşdyrylan jaýlarda amala aşyrylýar.
2. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary saklamak şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulandakydan başga halatlarda gadagan edilýär.
21-nji madda. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary daşamagyň tertibi
1. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary Türkmenistanyň çäklerinde daşamagy amala aşyrmak hukugy kärhanalara (edaralara) işiň şu görnüşine degişli ygtyýarnamany alanyndan soň berilýär.
2. Neşe serişdeleri, psihotrop maddalary we prekursorlar daşalanda olaryň goragy şol ýüki daşaýan kärhanalar (edaralar) tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary daşamagyň tertibi, şeýle hem munuň üçin gerekli resminamalary resmileşdirmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
4. Şu Kanunyň 28-nji maddasyna laýyklykda diňe lukmançylyk maksatlary üçin alnan neşe serişdelerini we psihotrop maddalary ýanynda götermäge fiziki şahslara rugsat edilýär.
22-nji madda. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary ibermek
1. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň poçta ýollamalarynda, şol sanda halkara ýollamalarynda iberilmegi gadagan edilýär.
2. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň başga döwletler tarapyndan Türkmenistana we Türkmenistan tarapyndan başga döwletlere iberilmegine adatdan daşary ýagdaýlarda ynsanperwerlik kömegi görnüşinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlaryna laýyklykda rugsat berilýär.
23-nji madda. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary goýbermek, ýerleşdirmek we paýlamak
Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary goýbermek, ýerleşdirmek we paýlamak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde işiň şu görnüşlerine ygtyýarnamasy bar mahalynda kärhanalar (edaralar) tarapyndan amala aşyrylýar.
24-nji madda. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary edinmek
Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary edinmäge şu Kanunda göz öňünde tutulan maksatlar üçin ýol berilýär we ol kärhanalar (edaralar) tarapyndan diňe Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
25-nji madda. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary Türkmenistanyň çäklerine getirmek we ondan äkitmek
1. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary Türkmenistanyň çäklerine her gezek getirmek we äkitmek (mundan beýläk — getirmek, äkitmek) üçin rugsatnama we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertibe laýyklykda berilýän halkara nusgasyndaky sertifikat alynmalydyr.
Berlen rugsatnama görkezilen işe ygtyýarnamasynyň bardygyna garamazdan başga bir kärhana (edara) berlip bilinmez.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen rugsatnamany we sertifikaty almak üçin kärhana (edara) Döwlet toparyna arza berýär, onda şular görkezilmelidir:
1) getirmegiň (äkitmegiň) häsiýeti we maksatlary;
2) neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary getirmegi (äkitmegi) amala aşyrýan kärhananyň (edaranyň), şeýle hem ýüki alýanyň ady we salgysy;
3) neşe serişdesiniň, psihotrop maddanyň we prekursoryň halkara patentlenen ady, eger ol bar bolsa, ýa-da onuň çykarylan wagtynda dakylan ilkinji ady, ýa-da neşe serişdesiniň, psihotrop maddanyň we prekursoryň çykarylýan ady;
4) neşe serişdesiniň we psihotrop maddanyň derman görnüşi;
5) neşe serişdesini, psihotrop maddany we prekursory öndürijiniň laýyklyk sertifikatynyň bardygy;
6) neşe serişdesiniň, psihotrop maddanyň we prekursoryň şol tapgyrdaky mukdary;
7) getirmegiň (äkitmegiň) möhletleri;
8) getirmek (äkitmek) üçin peýdalanylmaga niýetlenilýän ulagyň görnüşi;
9) Türkmenistanyň gümrük serhediniň kesilip geçiljek ýeri we senesi;
10) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertibe laýyklykda berilýän beýleki maglumatlar.
3. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň her gezekki tapgyryna olary getirmäge (äkitmäge) berlen rugsatnamanyň tassyklanylan nusgasy goşulýar, ol getirilýän (äkidilýän) ýurduň ygtyýarly edarasyna hem iberilýär.
4. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary getirmäge (äkitmäge) neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary getirmäge (äkitmäge) we daşamaga diňe ygtyýarnamasy bar mahalynda rugsat edilýär.
Olaryň eltilip berlendigini tassyklamak maksady bilen import we eksport edýän kärhanalaryň (edaralaryň) arasynda neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň anyk tapgyrynyň gelip gowşandygy hakynda eksport sertifikatyna bellik edilen getiriş we äkidiş sertifikaty alyşylýar.
5. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary getirmegi (äkitmegi) amala aşyrýan kärhanalaryň (edaralaryň) atlary we salgylary takyk görkezilmese, olary getirmek (äkitmek) gadagan edilýär.
6. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary Türkmenistanyň gümrük çäklerinden üstaşyr geçirmek Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulanyndakydan başga halatlarda gadagan edilýär.
7. Eger getirilýän (äkidilýän) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň hakyky mukdary rugsatnamada görkezilen mukdara gabat gelmese, onda olary getirmek (äkitmek) ýüze çykan laýyk gelmezlik ýagdaýlary aýdyňlaşdyrylýança togtadylýar.
8. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary getirmekde (äkitmekde) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen talaplar bozulan halatynda olar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolanyşykdan alynmaga ýa-da muzdsuz alynmaga degişlidir.
26-njy madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň ýok edilmegi
1. Neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, prekursorlar, olary öndürmek üçin peýdalanylýan gurallar we enjamlar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde ýok edilmäge degişlidir.
2. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary ýok etmek şu ýagdaýlarda amala aşyrylýar, haçan-da:
1) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň ýaramlylyk möhleti geçende;
2) şu Kanunyň 12-nji maddasynda bellenilen talaplar bozulanda;
3) neşe serişdeleri, psihotrop maddalary we prekursorlar himiki, fiziki ýa-da başga täsire sezewar edilmegi netijesinde olaryň ýaramsyzlyk derejesi olary dikeltmek ýa-da gaýtadan işlemek mümkinçiligini aradan aýyrýan bolsa;
4) neşe serişdeleri, psihotrop maddalary bikanun dolanyşykdan muzdsuz alnanda, tapylanda ýa-da alnanda we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenen tertibe laýyklykda mundan beýläk peýdalanylmaga degişli däl halatynda.
3. Neşe serişdelerini we psihotrop maddalary öndürmek üçin peýdalanylýan prekursorlaryň, gurallaryň we enjamlaryň mundan beýläk kanuny dolanyşykda peýdalanylmagy maksada laýyk däl diýlip ykrar edilende olar hem ýok edilmäge degişlidir.
VI BAP. NEŞE SERIŞDELERINIŇ WE PSIHOTROP MADDALARYŇ PEÝDALANYLMAGY
27-nji madda. Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň lukmançylyk maksatlary üçin peýdalanylmagy
1. 2-nji we 3-nji Sanawlara girizilen neşe serişdeleri we psihotrop maddalar lukmançylyk maksatlary üçin peýdalanylyp bilner.
2. Neşe serişdelerini we psihotrop maddalary bellemegiň we peýdalanmagyň tertibi we şertleri, olaryň bir dermannamada ýazyp bolýan mukdary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.
3. Saglygy goraýşyň hususy sektorynyň saglygy goraýyş işgärlerine we tebiplere neşe serişdelerini we psihotrop maddalary öz işinde ulanmak gadagan edilýär.
4. 2-nji we 3-nji Sanawlara girizilen, gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen neşe serişdeleri we psihotrop maddalar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama laýyklykda sanitar ulagynda, halkara gatnawynyň deňiz we howa gämilerinde we halkara ýollaryň otlularynda ilkinji lukmançylyk kömeginiň lukmançylyk gutularynda bolup biler.
28-nji madda. Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň fiziki şahslara lukmançylyk maksatlary üçin goýberilmegi
1. Lukmançylyk maksatlary üçin neşe serişdeleri we psihotrop maddalary fiziki şahslara işiň görkezilen görnüşine degişli ygtyýarnamasy bar bolan döwlet saglygy goraýyş ulgamynyň dermanhana edaralarynda ýörite blanklara ýazylan dermannama boýunça goýberilýär.
2. Neşe serişdelerini we psihotrop maddalary goýbermegiň tertibi, ýörite dermannama blanklarynyň görnüşi, olary doldurmagyň, bermegiň, bellige almagyň, hasaba almagyň we saklamagyň tertibi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen ylalaşmak esasynda bellenilýär.
Lukmançylyk maksatlary üçin fiziki şahslara neşe serişdelerini we psihotrop maddalary goýbermek hukugy berlen dermanhana edaralarynyň, şeýle hem olaryň işgärleriniň wezipeleriniň sanawy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilýär.
29-njy madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň üstaşyr geçýän gatnawyň ýolagçylaryny bejermek üçin peýdalanylmagy
1. Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr geçip barýan daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk syrkaw adam özüni bejertmek üçin 2-nji we 3-nji Sanawlara girizilen neşe serişdelerini we psihotrop maddalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde äkidip biler.
2. Eger ol adam Türkmenistanyň çäklerinde saklanmaga mejbur bolsa we lukmanlaryň netijenamasy boýunça keseliniň bejerilmesini dowam etdirilmegine mätäç bolsa, oňa neşe serişdelerini we psihotrop maddalary goýbermeklik Türkmenistanyň döwlet bejeriş edarasy tarapyndan daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara lukmançylyk kömegini bermegiň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Düzgünleri esasynda berlen dermannama boýunça amala aşyrylýar.
30-njy madda. Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň weterinariýada peýdalanylmagy
Weterinariýada we haýwanlary tutmak üçin peýdalanylýan neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň Sanawy, şeýle hem olary edinmegiň, paýlamagyň, saklamagyň şertleri hem-de ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
31-nji madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň ylmy we okuw maksatlary üçin peýdalanylmagy
Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň ylmy we okuw maksatlary üçin peýdalanylmagyna işiň anyk görnüşine ygtyýarnamasy bar bolan ýörite döwlet edaralaryna rugsat berilýär.
32-nji madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bilermenlik we kriminalistik işlerde peýdalanylmagy
Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary ýüze çykarmak ýa-da barabarlamak maksady bilen olary peýdalanmak arkaly bilermenler seljermesiniň geçirilmegine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly döwlet edaralaryna rugsat berilýär.
33-nji madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dessin-agtaryş işlerinde peýdalanylmagy
Gözegçilikli ibermek, gözegçilikli satyn almak, kriminalistik bilermenler seljermeleri geçirilende, barabarlamak üçin nusgalar ýygnalanda, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş alyp barýan işgärleri okatmak, şeýle hem gulluk agtaryş itlerini ýörite taýýarlamak üçin dessin-agtaryş işlerini amala aşyrýan edaralara neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda peýdalanmaga rugsat berilýär.
34-nji madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygy çygryndaky işler hakynda hasabat
Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygy çygryndaky işlere ygtyýarnamalaryň eýeleri bolan kärhanalar (edaralar), şeýle hem öz ygtyýarlyklaryna görä, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygyny ygtyýarnamasyz amala aşyrýan döwlet edaralary öz alyp barýan işleri barada Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama laýyklykda hasabatlary bermäge borçludyrlar.
35-nji madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň tükellenilmegi
1. Öz bar bolan ygtyýarnamasyna laýyklykda ýa-da öz ygtyýarlyklaryna görä neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygy çygrynda işleri amala aşyrýan kärhanalar (edaralar) öz ygtyýarynda durýan neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň her çärýekde tükelleýiş işlerini geçirmäge we olaryň deňeçerligini (balansyny) düzmäge borçludyr.
2. Tükelleýşiň barşynda ýüze çykarylan düzgün bozulmalar üç günüň dowamynda Döwlet toparynyň we Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň dykgatyna ýetirilýär.
36-njy madda. Neşe serişdeleri, psihotrop maddalary we prekursorlar bilen geçirilen amallary bellige almagyň geçirilmegi
1. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygy çygryndaky işler amala aşyrylanda islendik amallar bar bolan ygtyýarnamasyna ýa-da onuň ygtyýarlylygyna görä, şeýle işleri amala aşyrýan kärhananyň (edaranyň) ýolbaşçysynyň buýrugy bilen bu borçlar üstüne ýüklenilen adamlar tarapyndan bellige alyş žurnallarynda ýörite hasaba we bellige alynmaga degişlidir.
2. Bellige alyş žurnallary olara iň soňky ýazgy girizilenden soň on ýylyň dowamynda saklanylýar.
3. Bellige alyş žurnallarynyň görnüşi, olary ýöretmegiň we saklamagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
VII BAP. NEŞE SERIŞDELERINIŇ, PSIHOTROP MADDALARYŇ WE PREKURSORLARYŇ BIKANUN DOLANYŞYGYNA GARŞY HEREKETLER
37-nji madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygyna gözegçiligi amala aşyrmaga ygtyýarly edaralar
1. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, prekursorlaryň dolanyşygyna we olaryň ulanylyşyna Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy, Türkmenistanyň Adalat ministrligi we öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki degişli edaralar gözegçiligi amala aşyrmaga ygtyýarlandyrylan edaralar bolup durýar.
2. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygyna we olaryň ulanylmagyna garşy göreşi alyp barmak we işiniň utgaşdyrylmagy Döwlet topary tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygyna garşy hereket etmegi guramak işi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan degişli döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar.
38-nji madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygyna gözegçiligi amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edaralaryň wezipeli adamlarynyň hukuklary we borçlary
1. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygy bilen baglanyşykly işleriň tertibiniň bozulandygy hakynda şaýatlyk edýän ýeterlik esaslar bolanda prokuratura, içeri işler, milli howpsuzlyk edaralarynyň, gümrük we serhet gulluklarynyň wezipeli adamlarynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şulara hukugy bardyr:
1) Sanawa girizilen ösümlikleriň ösdürilip ýetişdirilmegi mümkin bolan ýer böleklerini, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň işlenilip taýýarlanylýan, öndürilýän, taýýarlanylýan, gaýtadan işlenilýän, saklanylýan, goýberilýän, ýerleşdirilýän, paýlanylýan, edinilýän, peýdalanylýan we ýok edilýän ýerlerini gözden geçirmäge;
2) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň öndüriliş we taýýarlanylyş işiniň gidişiniň bellenilen düzgünlere we şu Kanuna laýyk gelşini barlamaga, zerur halatlarda deňeşdirme barlagyny geçirmek üçin olardan nusgalar almaga;
3) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň elýeter bolmagyna ýol bermezlik maksady bilen jaýlary möhürlemäge;
4) gözegçilik borçlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan düşündirişleri we resminamalaryň berilmegini talap etmäge;
5) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygy bilen baglanyşykly işleriň amala aşyrylýan gulluk jaýlaryny, şeýle hem oňa ýanaşyk ýerleri gözden geçirmäge;
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda raýatlaryň jaýlarynda we öýlerinde, beýleki ýasaýyş we ýaşalmaýan jaýlarynda öý döküş işlerini amala aşyrmaga;
7) fiziki şahslary, poçtany we ugradylýan ýükleri, ulag serişdelerini we geçirilýän ýükleri gözden geçirmäge;
8) öz teninde neşe serişdelerini, psihotrop maddalary ýa-da prekursorlary gizläp getirýändir diýip çak etmäge esas bolan adamlary lukmançylyk gözden geçirişinden geçirmek üçin olary saglygy goraýyş edaralaryna ibermäge;
9) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygy bilen baglanyşykly işleriň görnüşlerine ygtyýarnamalary bolan kärhanalara (edaralara) ýüze çykarylan düzgün bozulmalary aradan aýyrmak hakynda ýerine ýetirilmegi hökmany bolan tabşyryklary bermäge;
10) Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýän tertipde gözegçiligiň beýleki çärelerini amala aşyrmaga.
2. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygyna gözegçiligi amala aşyrmak bilen baglanyşykly çäreler geçirilende şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen wezipeli adamlar şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryna pugta laýyklykda hereket etmäge borçludyrlar.
Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygyna gözegçiligi amala aşyrmagyň bellenilen tertibiniň bozulan halatlary ýüze çykarylan ýagdaýlarda günäkär wezipeli adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige çekilmäge degişlidir.
39-njy madda. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary gözegçilikli ibermek
1. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygynyň ýollaryny we çeşmelerini, şeýle hem olara gatnaşýan adamlary ýüze çykarmak maksady bilen, dessin-agtaryş işlerini amala aşyrmaga hukuk berlen Türkmenistanyň ygtyýarly edaralary her bir aýratyn ýagdaýda daşary ýurt döwletleriniň degişli edaralary bilen ylalaşyk boýunça ýa-da halkara şertnamalarynyň esasynda gözegçilikli ibermek usulyny peýdalanyp bilerler, ýagny bu edaralaryň gözegçiligi astynda neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary döwletiň çäklerine getirmäge ýa-da ondan äkitmäge, onuň çäklerinden üstaşyr geçirmäge ýol bermek;
2. Gözegçilikli ibermek döwletiň çäginde amala aşyrylýan neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun daşalmagy we iberilmegi babatda hem peýdalanylyp bilner.
3. Gözegçilikli ibermegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy we halkara şertnamalary bilen kesgitlenilýär.
40-njy madda. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary gözegçilikli satyn almak
1. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygy bilen bagly jenaýatçylykly işe subutnamalary almak üçin dessin-agtaryş işlerini amala aşyrýan edaralaryň işgärleriniň öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary gözegçilikli satyn almagy geçirmäge hukuklary bardyr.
2. Gözegçilikli satyn almagyň tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.
41-nji madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň muzdsuz alynmagy
1. Bikanun dolanyşykdaky we eýesiz neşe serişdeleri, psihotrop maddalary, olaryň kybapdaşlary we prekursorlar, şeýle hem olaryň bikanun taýýarlanylmagy we ulanylmagy üçin peýdalanylýan maddalar, gurallar we enjamlar, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygynda peýdalanylýan hem-de şunuň bilen baglanyşykly işler netijesinde alnan emläk we maliýe serişdeleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolanyşykdan aýrylmaga we muzdsuz alynmaga degişlidir.
2. Olary mundan beýläk peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
42-nji madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygy bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň ýerine ýetirilmegi
Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygy we ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça Döwlet toparynyň, döwlet häkimiýet edaralarynyň ýüztutmalarynyň olarda görkezilen möhletlerde wezipeli adamlar tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmanydyr.
43-nji madda. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary wagyz etmegiň gadagan edilmegi we mahabatlandyrmagyň çäklendirilmegi
1. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň, şeýle hem olary taýýarlamagyň usullarynyň, alynýan ýerleriniň we neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygy çygrynda hukuga garşy gelýän hereketleriň wagyz edilmegi gadagan edilýär.
2. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary işläp taýýarlamak, gaýtadan işlemek, ulanmak we peýdalanmak baradaky taglymlary köpçülige ýaýratmak, şonuň ýaly-da şeýle taglymlary özünde jemleýän kitap önümlerini we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň önümlerini öndürmek we ýaýratmak ýa-da şu maksat bilen başga hereketleri amala aşyrmak gadagan edilýär.
3. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary wagyz etmek, şeýle hem saglygy goraýyş tejribesinde näsagyň erkini basyp ýatyrmaga gönükdirilen neşe serişdelerini we psihotrop maddalary düzüminde saklaýan ýa-da onuň psihiki we fiziki saglyk ýagdaýyna ýaramaz täsirini ýetirýän derman serişdelerini ulanmagy wagyz etmek gadagan edilýär.
4. Düzüminde neşe serişdeleri we psihotrop maddalary bolan derman serişdeleriniň mahabatlandyrylmagyna diňe döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň resmi metbugat neşirlerinde ýol berilýär.
44-nji madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygyna we ulanylmagyna garşy hereket etmek çäreleriniň maliýeleşdirilmegi
Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygyna we ulanylmagyna garşy hereket etmek çärelerini maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maliýeleşdirmegiň beýleki çeşmeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
VIII BAP. NEŞEKEŞLIKDEN EJIR ÇEKÝÄN NÄSAGLARA NARKOLOGIK KÖMEK WE OL BERLENDE RAÝATLARYŇ HUKUKLARYNYŇ KEPILLIKLERI
45-nji madda. Lukmanyň kesgitlemesi bolmasa, neşe serişdelerini we psihotrop maddalary ulanmagyň gadagan edilmegi
Lukmanyň kesgitlemesi bolmasa, neşe serişdelerini we psihotrop maddalary ulanmak Türkmenistanda gadagan edilýär.
46-njy madda. Neşe serişdelerini we psihotrop maddalary bikanun ulanýan adamlaryň ýüze çykarylmagy
1. Adamyň neşe serişdelerini, psihotrop maddalary ýa-da olaryň kybapdaşlaryny bikanun ulanýandygy hakynda ygtyýarly döwlet edaralaryna resmi maglumat gelip gowşanda ýa-da neşe serhoşlygyna esaslandyrylan şübhe bolanda, ol lukmançylyk güwä geçilmesinden geçirilmegine degişlidir.
2. Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň, şeýle hem olaryň kybapdaşlarynyň bikanun ulanylýandygy şaýatlaryň görkezmeleri, neşe serhoşlygynyň alamatlarynyň ýüze çykarylmagy, lukmançylyk güwä geçilmesiniň netijeleri, şeýle hem barlanylýanyň bedeninde neşe serişdeleriniň ýa-da psihotrop maddalaryň bardygynyň anyklanylmagy bilen tassyklanylyp bilner.
3. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň ýa-da olaryň kybapdaşlarynyň bikanun ulanylmagy netijesinde emele gelýän neşe serhoşlygynyň ýagdaýyny anyklamak lukmançylyk güwä geçilmesini (barlagyny) geçirmek borjy öz üstüne ýüklenen lukmanyň ygtyýarlygyna girýär.
«Neşekeşlik» kesel kesgitlemesi lukmanlyk ýa-da harby-lukmanlyk topary tarapyndan bellenilýär.
4. Neşe serişdelerini ýa-da psihotrop maddalary ulanmaga ýykgyn edýän adamlary, şeýle hem olaryň bikanun dolanyşygyna dahyly bolan adamlary hasaba almagy we bellige almagy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň narkologiýa gullugyndan alnan maglumat boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi alyp barýar.
5. Neşe serişdelerini ýa-da psihotrop maddalary bikanun ulanýan adamlary ýüze çykarmagyň we hasaba almagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.
47-nji madda. Lukmançylyk güwä geçilmesi we lukmançylyk barlagy
1. Lukmançylyk güwä geçilmesi hukuk goraýjy edaralaryň, lukmançylyk barlagy bolsa narkolog-lukmanyň ýollamagy boýunça geçirilýär.
2. Lukmançylyk güwä geçilmesinden geçirilmeginden ýa-da lukmançylyk barlagyndan boýun gaçyran adam narkologiýa edarasyna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda mejbury tertipde getirilip bilner.
3. Lukmançylyk güwä geçilmesini we lukmançylyk barlagyny geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.
4. Lukmançylyk güwä geçilmesine we lukmançylyk barlagyna ibermek hakyndaky çözgüt barada Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete şikaýat edilip ýa-da prokuror tarapyndan garşylyk getirilip bilner.
5. Lukmançylyk güwä geçilmesi we lukmançylyk barlagy üçin çykdajylar degişli býujetleriň serişdeleriniň hasabyna, goşmaça lukmançylyk hyzmatlaryna zerurlyk ýüze çykanda bolsa, lukmançylyk güwä geçilmesi, lukmançylyk barlagy geçirilýän adamyň hasabyna tölenilýär.
48-nji madda. Neşekeşlikden ejir çekýän adamlara narkologik kömek
1. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda neşekeşlikden ejir çekýän adamlara narkologik kömegiň berilmegini we onuň saglygy goraýyş-durmuş taýdan dikeldilmegini döwlet kepillendirýär.
2. Neşekeşlikden ejir çekýän adamlara narkologik kömegi eýeçiligiň görnüşine garamazdan, şeýle işe ygtyýarnamasy bolan we bejeriş işlerini Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde geçirýän saglygy goraýyş edaralary tarapyndan berilýär.
Döwlet saglygy goraýyş ulgamynyň neşekeşlikden ejir çekýän adamlara narkologik kömegi berýän edaralarynyň hususylaşdyrylmagy we ynançly dolandyrmaga berilmegi gadagan edilýär.
3. Neşekeşlikden ejir çekýän adama narkologik kömek olar meýletin ýüz tutanlarynda ýa-da olaryň razylygy bilen berilýär, kämillik ýaşyna ýetmediklere bolsa Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulandakydan başga halatlarda olaryň ata-eneleriniň ýa-da beýleki kanuny wekilleriniň haýyşy ýa-da razylygy bilen berilýär.
4. Narkologiýa edarasyna bejeriş tapgyryny geçmek üçin meýletin ýüz tutan adama onuň haýyşy boýunça bejeriş çäreleriniň gizlinligi üpjün edilýär. Şol adam hakyndaky maglumat diňe resmi taýdan ýüz tutulan halatlarda hukuk goraýjy edaralaryna berlip bilner.
5. Kesel kesgitlemesi «neşekeşlik» diýlip goýlan, lukmançylyk gözegçiliginden we bejerişinden boýun gaçyrýan, neşe serişdelerini hem-de psihotrop maddalary ýa-da olaryň kybapdaşlaryny ulanmagy dowam etdirýän adamlara kazyýetiň çözgüdi boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda mejbury bejeriş çäreleri bellenilýär.
6. Neşekeşlikden ejir çekýän adamlara narkologik kömek berlende olar «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan näsaglaryň hukuklaryndan peýdalanýarlar.
7. Meýletin bejeriş tapgyry gutarandan soň näsaga onuň haýyşy boýunça geçirilen bejeriş hakynda onuň wagtyny görkezmek bilen lukmançylyk güwänamasy berilýär.
49-njy madda. Neşekeşlikden ejir çekýän adamlaryň hukuklarynyň çäklendirilmegi
1. Neşekeşlikden ejir çekýän adamlar hünär işiniň we ýokary howplulyk çeşmeleri (ýagny, adamlara we daşky tebigy gurşawa zyýan ýetirmegiň ýokary howpunyň mümkinçiligini döredýän aýratyn häsiýetli obýektleri, enjamlary we maddalary ulanmak we peýdalanmak bilen baglanyşykly iş) bilen bagly işiň aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirmäge wagtlaýyn (soňundan lukmançylyk güwä geçilmesini geçmek hukugy bilen üç ýyldan köp bolmadyk möhlete) ýaramsyz diýlip ykrar edilip bilner.
2. Adamyň hünär işiniň we ýokary howplulyk çeşmeleri bilen baglanyşykly işleriň aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirmäge ýaramlydygy hakyndaky çözgüt hünär işiniň we ýokary howplulyk çeşmeleri bilen baglanyşykly işleriň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmak üçin saglygy goraýyş taýdan garşy görkezmeleriň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Sanawyna laýyklykda saglygy goraýyş edarasynyň lukmançylyk topary tarapyndan kabul edilýär.
Olar bilen meşgullanmaga çäklendirmeler bellenilýän hünär işiniň we ýokary howplulyk çeşmeleri bilen baglanyşykly işleriň aýry-aýry görnüşleriniň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
3. Adamyň neşekeşlikden ejir çekýändigi sebäpli hünär işiniň we ýokary howplulyk çeşmeleri bilen baglanyşykly işleriň aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirmäge ýaramsyz diýlip ykrar edilendigi hakyndaky çözgüde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete şikaýat edilip bilner.
4. Neşekeşlikden ejir çekýän adamlar degişli içeri işler edaralarynda hasapda durmaga, şeýle hem saglygy goraýşyň döwlet ulgamynyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hasapda durmaga we lukmançylyk gözegçiliginde bolmaga degişlidir.
5. Neşe serişdelerini ýa-da psihotrop maddalary ulanmagy netijesinde öz maşgalasyny maddy taýdan agyr ýagdaýa goýýan adamyň kämillik ukyby kazyýet tarapyndan çäklendirilip bilner, şonuň bilen baglanyşyklylykda oňa Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda howandarlyk bellenilýär.
50-nji madda. Neşekeşlikden ejir çekýän adamlara narkologik kömegi bermek boýunça işiň utgaşdyrylmagy
1. Saglygy goraýşyň döwlet ulgamynyň narkologik kömegi berýän edaralary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan işi utgaşdyrylýan Türkmenistanyň narkologiýa gullugyna girýär.
2. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi neşekeşligiň öňüni almak we Türkmenistanyň ilatyna narkologik kömegi guramak boýunça, narkologiýa gullugyny ösdürmäge, neşekeşlik meseleleri boýunça ylmy barlaglary geçirmäge, neşekeşligi anyklamagyň, bejermegiň we öňüni almagyň häzirki zaman usullaryny işläp taýýarlamaga we durmuşa ornaşdyrmaga, neşekeşlikden ejir çekýän adamlary saglygy goraýyş-durmuş taýdan dikeltmäge gönükdirilen maksatlaýyn maksatnamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlaýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamak üçin berýär.
IX BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
51-nji madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygy hem-de olaryň bikanun dolanyşygyna garşy hereket etmek babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy
Türkmenistanyň baglaşan halkara şertnamalaryna laýyklykda, Türkmenistan daşary ýurt döwletleri, olaryň ygtyýarly edaralary, şeýle hem neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygyna gözegçiligi hem-de olaryň bikanun dolanyşygyna garşy hereket etmegi amala aşyrýan halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.
52-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.
53-nji madda. Şu Kanunyň ýerine ýetirilişine gözegçilik
Şu Kanunyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar amala aşyrýarlar.
54-nji madda. Şu Kanuny herekete girizmegiň tertibi
1. Şu Kanun 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.
2. Şu Kanun herekete girizilen gününden şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:
1) 2004-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda kabul edilen «Neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, prekursorlar we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş çäreleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 4, 28-nji madda);
2) 2008-nji ýylyň 18-nji aprelinde kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 2, 24-nji madda);
3) 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ХХХХ bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 33-nji madda);
4) 2012-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen «Neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, prekursorlar we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş çäreleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 4, 117-nji madda);
5) 2015-nji ýylyň 2-nji fewralynda kabul edilen «Neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, prekursorlar we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş çäreleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 11-nji madda);
6) 2016-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda kabul edilen «Neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, prekursorlar we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş çäreleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 11-nji madda);
7) 2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hem-de olary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň I böleginiň 2-nji bendini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 67-nji madda).
Türkmenistanyň Prezidenti br>Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 25-nji noýabry.